Alnyndan ak Gün dogan bedewimiz

5 Iýun 2024
200

Aňrybaş gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy, düşbüligi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewleriniň şöhratly hem-de gadymy taryhy bar. Bu ajaýyp atlar hakda ilkinji maglumatlar gadymy taryhçylar, jahankeşdeler tarapyndan ýazylyp galdyrylypdyr.

Taryhyň atasy hasaplanylýan Gerodot olara «behişdi bedewler» diýip örän ýokary baha beripdir. Bu taýsyz atlaryň asyl mekanynyň bolsa Köpetdagyň etegidigi-de taryhy hakykatdyr. «Oguznamada» ak atly Oguzhanyň günbatara ýörişiniň Asgard şäherinden başlanandygy beýan edilipdir. Asgard bolsa häzirki gözel paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde ýerleşipdir. Bu sebitde ýetişdirilen atlar ýyndamlygy we owadanlygy, uzak ýola çydamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi bu ýerde ýaramly howa ýagdaýy bolup, durnagöz çeşmeleriň tenekar suwy hem-de ýapgytlarda we jülgelerde peýdaly otlaryň köpdügi tohum atlaryň ösdürilip ýetişdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle bedewleriň hil sypatlaryny gowulandyrmak bilen bolsa tejribeli atşynaslardyr seýisler meşgullanypdyrlar. Oguzhan döwründe eýýäm ýörite atşynaslar, seýisler, ýonaçylar peýda bolupdyr. Atlar üçin eýer, üzeňňi, jylaw, gorag serişdeleri ýasalypdyr. Söweş atlarynyň kelleleri, boýunlary, döşleri gymmatbaha metaldan bejerilen gorag serişdeleri bilen örtülipdir. Atlaryň aýaklaryna nal kakmak ýoň bolupdyr. Olar uzak ýollara çydamly bolupdyrlar.

Nurana TAŞEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.