Türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Tbilisi şäherinde saparda boldular

3 Iýun 2024
363

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 27 — 31-nji maýy aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherine Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak üçin gepleşiklerde öňdebaryjy tejribe alyşmak, şeýle hem milli söwda syýasatyny öňe sürmek boýunça okuw saparyny amala aşyrdylar. Bu barada business.com.tm habar berdi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri girdi.

Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.