Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösýär, özgerýär, halkymyz eziz Watanyň ösüşlerine buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gazanylýan ösüşler örän buýsandyryjydyr. Çünki bu ösüşler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde wagyz edilýär. Ýurdumyzyň alymlary, döredijilik işgärleri halkara derejesindäki maslahatlara, ylmy duşuşyklara gatnaşýarlar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ähmiýete eýe bolup, medeniýet diplomatiýasynyň ösmegine, dünýä ýaýylmagyna, şeýle hem halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňat ýardam edýär.