Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Çary Nurymowyň ady ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden bellidir. Dürli görnüşli saz eserleri bilen milli aýdym-saz sungatymyzy baýlaşdyran halypa kompozitorlaryň döredijiliginiň süňňüni düzýän «Teke nagyşlary», «Maru-Şahu-Jahan» ýaly uly göwrümli eserlerdir. Bu eserler diňe türkmen milli aýdym-saz sungatymyz üçin däl-de, eýsem Gündogar saz medeniýeti üçin täzelik bolan eserler hasaplanylýar. Kompozitor bu eserlerinde türkmen halkynyň, şeýle-de gündogar halklaryň taryhyna, medeniýetine, sungatyna mahsus bolan ajaýyp heňleri, owazlary dürli saz gurallaryň sazlaşygynda bermegi ussatlyk bilen başarýar. Şol sebäpli bu eserler ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden belli eserlere öwrüldiler.
Guýmagursak zehinli Çary Nurymow dürli ýyllarda balet sungaty üçin hem ençeme eserleri döretdi. Onuň döreden «Köýten nalasy», «Epgegiň tepbedi», «Baýkyl» ýaly baletleri ozalky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda sahnalaşdyryldy. Bu baletlerde ýaňlanan sazlar öz milli öwüşginleri bilen tapawutlanan, olarda beýan edilýän wakalaryň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn kabul edilmegine sebäp boldy.