Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň keşbi

10 Maý 2024
1247

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»
atly döredijilik bäsleşigine

Ynsan elmydama tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly ýaşaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy tebigatyň üsti bilen adam häsiýetlerini açyp görkezýär. Şahyryň eserlerinde gahrymanyň Watana, il-gününe bolan tükeniksiz söýgüsi türkmen tebigatyna bolan mähir-muhabbet bilen okyja ýetirilýär. Şahyrana mazmuna eýe bolan tebigat şekilleri: howalanyp duran gojaman daglar, akar çeşmeler, çasly çaýlar, dürli ir-iýmişli bag-bakjalar... şygyr gahrymanynyň dünýä, jemgyýet, döwür, durmuş, adam we onuň häsiýeti baradaky oýlanmalarynyň özenidir. Magtymgulynyň şygyrlaryny şahyranalyga beslenen tebigat bezeýär. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat suratkeşliginiň özboluşly we köptaraplydygyna göz ýetirmek bolýar.

Arslan MUHAMMEDOW,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy.