«Esgeriň ýoly» ýa-da depderdäki ýatlamalar

9 Maý 2024
970

Daşynda «Esgeriň ýoly» ýazgyly dört sany depderi mähriban käbämiň okaýan kitaplarynyň arasynda aýratyn aýawly saklanmagy olaryň ýokary gymmatynyň bardygyny mälim edýär. Ejem bu depderleri tekjäniň iň görnükli ýerinde goýup, olar barada gyzyklanan adamlara: «Bu depderlerde kakam Annadurdy Annaýewiň uruş ýyllary baradaky ýatlamalarynyň ýazgysy bar» diýip, uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Näçe aýawly saklansa-da, depderleriň könelişendigini, olaryň ir wagtlara degişlidigini bilip bolýar.

Depderleriň mazmunynda şeýle ýatlamalar bar: «1939-njy ýyl. Men şol döwür mekdepde mugallym bolup işläp, obamyzdaky çagalara bilim we terbiýe berýärdim. Günde işden gelenimden soň, gazet-žurnallardaky täzeliklere göz aýlap, jaýymyzyň penjiresinden köçede gaýgy-gamsyz oýnap ýören çagalary, agaçlaryň şahalarynda jürküldeşýän guşlary, şahalaryny aşak egip, miwelerini güjeňleýän baglary synlap, durmuşyň gözelligine guwanýardym. Ine, birden urşuň başlanandygy baradaky habar halkymyzyň rahatlygyny sogrup alan ýaly etdi. Erkek adamlar her gün diýen ýaly fronta ugradylýardy. Tejribeli mugallymlaryň käbiri fronta ugradylman, 7 — 10-njy synpda okaýan gyzlara başlangyç synpda okaýan okuwçylary okatmagy öwretmek tabşyrylypdy. Şeýle-de oba hojalygynda, zawod-fabriklerde erkekleriň ornunda işlär ýaly gyz-gelinler taýýarlanylýardy. Şol ýyllar ýaňy bir 18 ýaşymyň bardygyna garamazdan, meni Bäherden raýonynyň Durun obasyndaky 3-nji orta mekdebiň direktory wezipesine bellediler. Tylda galan adamlar ellerindäki bar zatlaryny fronta kömege tabşyrýardylar.

Sonagül ATAÝEWA,
Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, psiholog.