Gözellik dünýäsine ykbalyny baglan

8 Maý 2024
1378

Sungatyň täsin dünýäsi bolan surat çekmek hakynda dünýä ussatlary dürli pikirleri beýan edipdirler. Ispan suratkeşi Pablo Pikasso: «Surat şol bir wagty, wakany saklamakdyr. Bu ýerde wagt waka tabyn bolýar» diýlen bolsa, meksikan suratkeşi Frida Kalo: «Suratkeşiň döreden işleri adamlary dürli täsinlikleriň dünýäsine ýollaýar» diýlipdir. Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nuraly bolsa: «Sungat eseri sada, düşnükli bolmaly. Ony synlan her bir adam onda öz obasynyň keşbini — adamlary, işçileri, dürli pursatlary synlap bilmeli» diýipdir.

Gülşirin heniz Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesindäki 17-nji orta mekdepde okaýan döwürleri sungat älemine aralaşýar. Bu ugra höwesiniň uludygyny bilen kakasy Orazmuhammet agadyr ejesi Halnabat gelneje Gülşiriniň bilim almagyny arzuw edýär. Şeýlelikde, Gülşirin Nutyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary bilim alyp, ussat suratkeşleriň gaşynda tejribesini artdyrýar.

Täçsoltan KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.