Arzymanym, käbäm ejem

19 Aprel 2024
1084

Ir säherden kalbyma pürepürlenen keýpiçaglygymyň ýorgudyny baharyň hoştap howasyndan gözläp, äpişgäni açdym. Gijeki ýaz ýagşyndan soň öňküden-de tämizlenen howadan uludan dem aldym. Bu bahar meniň üçin üýtgeşik geldi. Çünki men bu ýylyň baharyny alys ýurtdan görme-görşe gelen ejem jan bilen garşy aldym. Arzyly öýümiň törüni bezäp, gymmatly nesihatlaryny berip oturan ejem miweli agaçlaryň gül açyp, pyntyk ýaran uçurlary birden öýüne gaýdarman boldy. Sebäbini biljek bolup soragly nazarymy dikenimde bolsa, ol: «Wah, gyzym jan, agalaryň, ýeňňeleriň zol jaň edip durlar-a. Agtyklarymyň göresi gelipdir. Giýew ýol peteginiň ugruna çyksa gowy bolardy» diýdi. Ejem janyň äpişgeden daşaryk bakyp, ak patrak bolup gül açan miweli baglary synlaýan nazary welin, başga zat diýýärdi. Onuň öz eken baglarynyň gül açanyny göresi gelýärdi. Bu baharda hem täze nahallary oturdyp, olaryň üstüni dolmagyň höwesindedi. Otursa-tursa, miweli baglary barada gürrüň ederdi. Daşarda gül açan baglary görüb-ä, «Üljeleriň, erikleriň bary gülländir. Häk, şu narlaryň üstüni basyraýmadyk, sowuk urmadyk bolsa-da bir ýagşy» diýip, zol gaýtalady durdy. Towuklaryny, mal-garasyny dilinden düşürmedi. Garry öýe üýşülende toý mähellesini ýada salýan agtyklaryny ýekän-ýekän ýatlanda, öýüni küýseýäni has aýdyň duýlardy.

Gyzynyň öýünde özüni myhman saýýan ejem jan! Ýüregime keýpiçaglyk, durmuşyma süýjülik, ýoluma ýagtylyk çaýýan eziz käbäm! Menem seniň perzendiň-ä, onda-da alty ogluň içinde ýekeje gyzyň. Meniňem ýüregime düşün, mähribanym. Bilseň, men seniň mähriňi alty doganymdan zyýada küýseýändirin. Seniň mydama ýanymda bolmagyňy isleýän, jan ejem. Bolmanda, ýylda bir aý bile bolmagyň arzuwynda men. Ukusyz geçiren gijeleriň öwezini dolmak üçin meniňem saňa gije-gündiz hyzmat edesim gelýär. Türkmen topragyna gelin bolup düşüp, ertekilerdäki ýaly jenneti mekanyň goýnunda ýaşan ömrümde bagtdan doly durmuşym, çekýän asylly zähmetim, çagalarymyň okuwda gazanýan üstünlikleri bilen begendirsem diýýän. Alys ýurtda okaýan agtyklaryň jaň edenlerinde, ýüzüň ýagtylyp, gözleriň şatlyga dolýar. Şol pursat sähelçe-de bolsa, ömrüňe ömür goşulýanyny duýýarmyň käbäm! Gyzymyň: «Mama jan, paýtagt şäherimiz bahar paslynda has owadan bolýandyr. Seniň bilen gül-gülälekli meýdanlary aýlanasym gelýär. Ata Watanymy, türkmen ýaýlasynda bolýan toý-baýramlary küýseýän. Nesip bolsa, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, dogduk Diýarymyza bararyn. Şonda senem gelersiň, bileje şähere aýlanarys, täze gurlan binalary synlarys» diýende, gözleriň ýaşa doldy. Ýanymda bolup, begenjimi deň paýlaşýandygyňa depäm gök direýär. Hemişe, hemme wagtda ýanymda bolaryňy isleýärin käbäm!

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».