Maşgala goldawy

18 Aprel 2024
959

Adam hakdaky aladalar ýurdumyzda kabul edilýän kada-kanunlaryň many-mazmunyny düzýär. «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden hukuk namalarynyň biridir.

Kararyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenilýär.

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.