Durmuşyň nusgalyk mekdebi

10 Aprel 2024
1005

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi hem bagtyýar halkymyzyň guwanjyny artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly dana setirleri asyrlar içre öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän milli ahlak ýörelgesi halkymyzyň asylly maşgala däpleri, urp-adatlary bilen utgaşýar. Çünki şahyryň döredijiliginde türkmeniň milli däp-dessurlary, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim-parasada ýugrulyp kämilleşipdir. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň her birimiz üçin ruhy-ahlak mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.