«Ba­wa­ri­ýa» – «Maýns»: 8-1

15 Mart 2024
668

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» öz meý­dan­ça­syn­da «Wolfs­burg» to­pa­ryn­dan Tel­la hem-de Wirt­siň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 üs­tün çy­kyp, ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­di. Le­wer­ku­zen­li­ler äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da, 36 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär. Soň­ky 11 ýy­lyň çem­pio­ny «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Maýns» bi­len du­şuş­dy. Ýer eýe­le­ri­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da «Ba­wa­ri­ýa» 8–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Gol­la­ryň 3-si­ni Har­ri Keýn ge­çi­rip, ol çem­pio­nat­da 4-nji het-tri­gi­ni et­di. Keý­niň ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 30-a ýe­tip, ol «Bun­des­li­ga­da­ky» il­kin­ji möw­sü­min­de bu gör­ke­zi­jä ýe­ten 2-nji fut­bol­çy bol­dy. Du­şu­şyk­da­ky beý­le­ki gol­la­ry Go­res­ka (2), To­mas Mül­ler, Mu­sia­la hem-de Gnab­ri ge­çir­di. 3-nji ýer­dä­ki «Ştut­gart» to­pa­ry hem ga­lar­ly bol­man, olar «Union Ber­lin» toparyny Gi­ras­si hem-de Fü­ri­hiň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. 4-nji ýer üçin gö­reş­ýän 2 to­par «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» bi­len «Le­ip­sig» 25-nji tap­gy­ry 2 gol­ly ýe­ňiş­ler bi­len ta­mam­la­dy­lar. «Bo­rus­si­ýa» myh­man­çy­lyk­da «Wer­de­ri» 2–1, «Le­ip­sig» öz meý­dan­ça­syn­da «Darmş­tadt» to­pa­ry­ny 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy.