Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda 16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Şonuň bilen birlikde güneşli Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berilýär.
Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat – Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan täze döwrebap şäherçäniň golaýynda geçirilýär. Şol gün 10 gektar meýdanda pürli daragtlaryň dürli görnüşiniň 4000 düýbi oturdylar. Bu sogaply işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar. Her ýylda bolşy ýaly, olar bu gezek hem bag ekişlik çäresine gatnaşýan ildeşlerimizi dürli daragtlaryň nahallary bilen üpjün edýärler. Tokaý hojalygynyň we etraplardaky bölümleriň hünärmenleri şu ýylda pürli we saýaly daragtlaryň 300 müň düýpden gowragyny ösdürip ýetişdirdiler. Welaýatymyzyň çäginde tut nahallarynyň hem 70 müňden gowragyny oturtmak meýilleşdirildi. Mundan başga-da tebigaty goramaga dahylly edaralaryň we tebigaty söýýän raýatlarymyzyň hem uly topary bag nahallaryny ýetişdirip, ildeşlerimize hödürleýärler.