Enelere we çagalara iň mähriban ýurt

7 Mart 2024
1265

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen zenanynyň belent mertebesiniň mynasyp waspyny edýän  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde  ýurdumyzda adam hakyndaky ynsanperwer aladalaryň durmuşa geçirilişi barada söz açyp: «Ýurdumyzdaky Ene mähri merkezleriniň «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen ada eýe bolmagy şu milli ruhy ýörelgelerde pugtalanan durmuş hakykatynyň bir ykrarnamasydyr. Saglyk ulgamyny döwrebap ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynda şunuň bilen bagly düýpli öňegidişlikleri gazandyk.

Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar» diýip, paýhasly belleýär. 

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.