Nesil terbiýesiniň gözbaşy

25 Fewral 2024
1542

Garaşsyz Diýarymyzda milli medeniýetimizi, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek, şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmeginde iň esasy orunlaryň biri maşgala terbiýesine degişlidir. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Maşgala hakyndaky sagdyn düşünjeler jemgyýetiň we döwletiň bähbidinedir. Şu nukdaýnazardan maşgalanyň aladasyny etmek, ýaşlaryň aňynda maşgala gymmatlygy hakdaky düşünjeleri berkitmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş çagalaryň dünýä inmegi, maşgala terbiýesi bilen gurşalmagy, bilimli, zehinli, hünärli bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeler, gönükdirilen tagallalar örän uly» diýip belleýär.

Jemgyýeti emele getirýän düzümleriň ilkinjisi bolan maşgala çaganyň geljekki terbiýesinde iňňän möhüm orun eýeleýär. Çaga maşgalada, ilki bilen, edep-ekram, ahlak gymmatlyklaryny öwrenýär. Edep-ekram şahsyýetiň bezegidir. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak kadalaryny berjaý etmek edeplilikden nyşandyr.

Şasenem JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.