Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny maslahatlaşdy

11 Ýanwar 2024
826

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow duşenbe güni Kabul şäherinde Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň (ARA) başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tehniki topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle-de Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda üstaşyr ýukleri daşamakda demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan duşuşykda “Hyrat-Turgundy” portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerine hem garaldy.