Geljegi uly hyzmatdaşlygyň bähbidine

10 Ýanwar 2024
964

Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly ata Watanymyzyň daşary syýasy ugry netijeli gatnaşyklaryň esasynda häzirki wagtda täze derejelere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen parasatly sözleri halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary doganlyk ýurt bilen ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ädime öwrüldi.

Şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde geçirilen netijeli gepleşikler iki ýurduň ýangyç-energetika pudagynda ýola goýan gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň doganlyk ýurda iş saparynyň çäklerinde Dubaý şäherinde ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer, «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen geçiren duşuşyklarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynda, «ýaşyl» energetikany ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak babatynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hakynda täsirli pikir alyşmalar boldy. Gepleşikleriň netijesi boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu-Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklaryň täze hil derejesine eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir.

«Daşoguz habarlary».