Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi

2 Noýabr 2023
1695

Sagdyn we ýeňil dem almak üçin zerur bolan kislorody bölüp çykaryp, howadaky kömürturşy gazy ýaly maddalary sorup almagy hem uly bir nygmat ahyry. Ine, şonuň üçin hem biz agaç nahallaryny oturdýarys. Olaryň goýry saýaly we datly miweli daragtlar bolup ýetişmegi üçin yhlas edýäris. Tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýmagy üçin, hemişe ýagşy ýatlamalara hemra bolmak üçin daragtlary, nahallary oturdýarys. Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr. Ata-babalarymyz täze öý gurunjak ýerinde hemişe bag nahallaryny oturdypdyrlar. Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.