Çopanlar alabaýyň bir garna bolan güjüklerden diňe olaryň nesilbaşylaryna meňzeşlerini hem-de enesiniň bir ýerden başga ýere geçirende ilki göterenini saýlap alýarlar. Şeýle-de biraz ulalansoň, olary güýç synagyna salyp görýärler. Eger-de, saýlap almakçy bolýan alabaýy garşydaşynyň guýrugyna ýa-da aýaklaryna agyz ursa, ony gorkak, kellesine, bokurdagyna ýapyşsa, batyrgaý häsiýetli görüp, şony-da çopan goşunda galdyrýarlar.
* * *