"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim – üstünlikleriň gözbaşy

Ylym-bilim uçar ganata deňelýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimiziň ylym-bilimde, edebiýatda goýan yzlary häli-häzirem dünýä ýalkym saçýar. Magtymguly atamyzyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Munuň özi diňe bir ylym-taglym beren ussada däl, şol baýlygy bagyş eden topraga-da hormatyň uly bolmalydygyny görkezýär. Abu Nasr Farabynyň: «Ýurtda alymlaryň köpelmegi ylmyň ösmegine getirer. Ylmyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr» diýen sözlerinde halkymyzyň asyrlar içre geçen şöhratly ýolunyň keşbi görünýär. Syrlardan doly ylym-bilim dünýäsine eltýän ýol her birimiziň bilim ojagymyzdan, çagalygymyzdan gözbaş alýar. Mähriban ojagymyzda ilkinji öwrenen harpymyza, alan oňat bahamyza, iň bir ýönekeýje üstünligimize ene-atamyz özümizden gowy begenýändirler. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi şol ilkinji ädimlerden başlan durmuş menzillerinde saňa üstünlikleriň, ýeňişleriň hemra bolmagynda ene-atanyň orny uludyr. Olaryň ýürekden çykýan şatlygy, egsilmez söýgi we yhlasy çaganyň kalbynda ynam döredýär, polat taplan ýaly taplaýar. Şonda ol ynam ýylsaýyn mäkämleşip, ynsany üstün

Bilim ulgamy: ösüş we halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda kabul edilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň bilim giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde bilim edaralarynyň innowasion mümkinçilikleri ýokarlanýar, täze hünärler we taýýarlyk ugurlary açylýar, okuwa kabul edilýän talyplaryň sany artýar, okuwlaryň hili düýpli kämilleşýär, uzak aralykdan bilim bermek işi ýola goýulýar, ýokary hünär mekdepleri dünýä tejribesinde giňden ýaýran iki derejeli ulgama geçirilýär, bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün edýän täze düzüm birliklerini girizmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini berýän okuw mekdepleriniň işini düýpli özgertmegi ugur edinýän strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu döwlet strategiýasynyň çäklerinde bilimiň özgerdiji güýjüni innowasion ösüşiň bähbidine ulanmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Bilim hakynda» rejelenen gör

Döwrebap mümkinçilikleriň gözbaşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik özgertmeleriň hatarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» aýratyn bellemek gerek. Konsepsiýada öňe sürülýän pikirler, öňde goýulýan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary barha kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler mugallymlary, şeýle hem ähli bilim işgärlerini buýsandyrýar. Çünki ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim öwrenmegi üçin döredilýän giň gerimli şertler çuňňur many-mazmuna eýedir. Şunda bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Dünýä dilleri — kämilligiň binýady

Häzirki döwürde bilim ulgamy has-da ösdürilýär, okatmagyň iň täze ugurlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda orta mekdeplerde sapaklaryň kämil usulda ýola goýulmagy, döwrebap mümkinçilikler esasynda guralmagy örän ähmiýetlidir. Şeýle ugurlar daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda has-da ähmiýetli bolup durýar. Çünki häzirki wagtda dil öwretmegiň döwrebap usullary, ylmy esasda ýola goýlandyr. Bu döwrebap usullar okuw kitaplaryndan we multimedia serişdelerinden, lingafon otaglaryndan ybarat bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimizi we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň has-da kämilleşmeginde möhüm orun tutýar. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekleri üçin giň gerimli işler ýokary depgin bilen amala aşyrylýar.

Matematika sapagynyň ähmiýeti

Okuwçylaryň hasaplamak endigini ösdürmek, matematika bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak mugallymyň usulyýetine bagly bolup durýar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermekde sapaklaryň guramaçylykly, täsirli bolmagy zerurdyr. Orta mekdebiň 5-nji synpynda matematika sapagynda «Natural sanlaryň 10-a, 5-e we 2-ä bölünijilik nyşanlary» diýen tema geçilýär. Sapagy oňat düşündirmek üçin okuw kitabyndan we multimedia tagtasyndan işjeň peýdalanýaryn. Çünki tema gürrüň berlende, ony multimedia tagtasynda slaýd şekilleriniň üsti bilen düşündirmek täsirli bolýar. Şunda, ilki bilen, multimedia tagtasynda görkezilýän matematika sapagyna degişli kesgitlemeleri okadýaryn. Soňra bu kesgitlemäni düşündirýärin. Bu bolsa olaryň sapaga işjeň girişmegine, höwesli diňlemegine ýardam berýär.

Nusgawy edebiýaty öwretmek

Häzirki döwürde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda okatmagyň iň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olara kämil bilim öwretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapaklarynyň hem uly ähmiýeti bar. Esasan hem, çeper edebiýat ýaşlara ynsanperwerligi, milli gymmatlyklary çuňňur öwredýär. Şonuň üçin milli ýörelgeler çeper edebiýatda aýdyň beýan edilýär. Edebiýat sapagynda milli ýörelgelerimiz hakynda beýan etmek, okuwçylara bu barada düşünje bermek esasy ugur bolup durýar. Bu barada okuwçylara nusgawy edebiýata degişli bolan goşgulary, dessanlary okamagy wagyz edýäris. Şunda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri aýratyn ähmiýetlidir, çünki bu eserde ata-ene sarpasy, ylym öwrenmek giňişleýin beýan edilýär. «Wagzy-Azat» eserinde edep-terbiýe mazmunly pikirlere köp duşmak bolýar. Şonuň üçin hem şeýle eserler ýaşlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Agzybirlik, edep-terbiýe, ylym-bilim, halallyk ýaly häsiýetler Döwletmämmet Azadynyň bütin eseriniň özenini tutýar.

Halkara olimpiada üstünlige beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ynha, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirildi. Maslahat öz işini «Himiýany okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary», «Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi», «Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümleriň üçüsinde dowam etdirdi. Olarda 180-e golaý çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada dünýä döwletlerinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Bu olimpiada iki tapgyrda A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar, B derejede beýleki hünärlerde bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýumuşlarda, halkara tejribesine la

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Geçilenleri gaýtalamagyň peýdasy Türkmen diliniň ýazuw düzgünlerini, sözleriň dogry aýdylyş äheňini çagalara başlangyç synplardan öwretmek möhümdir. Diktant ýazdyrylanda okuwçy özbaşdak sözleri, sözlemi ýazmaly bolýar. Şol ýerde onuň ýazuw kadalaryny nähili derejede bilýändigi ýüze çykýar. Çaga özbaşdak işlemeli bolanda, hiç hili bökdençlik bolmaz ýaly, her bir geçilýän temanyň soňunda gaýtalamak düzgünlerini berk gözegçilikde goýýaryn. Öňki temalary ýatlatmak maksady bilen barlagnamalary taýýarlaýaryn. Sapak aýdan okuwça birini, beýlekilere hem ikisini paýlaýaryn. Ýatdan jogap berip ýetişmedik okuwçylaryň jogaplaryny bolsa, ýazmaça bellik etmeklerini tabşyrýaryn.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly we yzygiderli ösýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda we medeniýetde giň gerimli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän beýik işlere, döwrebap ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy düýpli özgertmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlar syýasaty we milli bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere daýanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri, bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki taryhy döwürde öz hünäriniň ussady bolup kämil pikirlenip bilýän, sagdyn, bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Çagalar — durmuşyň güli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar — biziň geljegimiz. Geljek hakynda, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelge häzirki wagtda giň many-mazmunda ösdürilip hem baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň aýratyn üns-alada, mähir, söýgi bilen gurşalyp alynmagy we döwrebap terbiýelenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar üçin gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 142-nji çagalar bakja-bagydyr. Bu çagalar bakja-bagy binagärlik taýdan-da, dürli agaçlary gök öwsüp oturan, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary öz içine alýan giň howlusy bilenem nazaryňy, ünsüňi özüne çekýär. Bu mekdebe çenl

Ders olimpiadasy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň giň ge­rim­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 25 — 30-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da hi­mi­ýa der­si bo­ýun­ça III hal­ka­ra olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len olim­pia­da Rus­si­ýadan, Hy­taý­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­dan, Tür­ki­ýeden, Be­la­rus­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Azer­baý­jan­dan, Öz­be­gis­tan­dan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 23-sin­den we ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 21-sin­den ta­lyp­la­ryň je­mi 220-ä go­la­ýy gat­naş­dy.

Himiýa ugurly halkara olimpiada we maslahat

netijeli häsiýete eýe boldy Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen III halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijilik höwesini we ukyp-başarnyklaryny artdyrmak ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 24-nji we ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ady bilen çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň maksady türkmen halkynyň edebi mirasyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper edebiýatyny wagyz etmeklige gönükdirildi. Bäsleşikde 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Şirowa birinji, ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Ogulnabat Rozygulyýewa bilen Gülnar Ýoldaşowa ikinji, 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Enejan Halmyradowa bilen ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Agageldi Çaryýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Arassaçylyk endiklerine bagyşlanan ertirlik geçirildi

Çagalar bagymyzda geçirilen ertirlik körpelerde arassaçylyk endiklerini terbiýelemäge bagyşlandy. Dürli oýunlaryň, goşgudyr aýdymlaryň üsti bilen wagyz edilen endikleriň çagalaryň aňynda hemişelik galmagy we olaryň bu endiklere yzygiderli eýermeklerini gazanmak üçin işlenip taýýarlanylan meýilnama çäräniň dowamynda doly berjaý edildi. Ikinji bir tarapdan bolsa, bu ertirlik sungatyň aýdym-saz, tans ýaly görnüşleri, şygyr okamak boýunça zehinli çagalaryň birnäçesini ýüze çykardy. Geljekde has döredijilikli işleşip, bu çagalaryň öňde duran döredijilik we sungat bäsleşiklerine gatnaşmaklaryny gazanmak meýilleşdirilýär.

Ýaş zehinler bäsleşdiler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada dünýäniň döwletleriniň 12-sinden 81 talyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 133 talyp gatnaşdy. Ony guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Bu olimpiada iki tapgyrda A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar, B derejede beýleki hünärlerde bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Daşky gurşawy goramakda Durnukly energetika

Düýn Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika. Halkara tejribäni öwrenmek» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda «ýaşyl» şäherleri we durnukly energetikany ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän taslamalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýadan, Latwiýadan, Gazagystandan bilermenler, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda talyplaryň durnukly ösüşi gazanmak, ekologik taýdan arassa önümçilik desgalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli ulanmak babatda işläp taýýarlan taslamalaryna, oýlap tapyşlaryna orun berildi.

Bilim we terbiýe — gymmatly miras

Giň gözýetimli, ýurduň ösüşlerine öz goşandyny goşýan, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere işjeň gatnaşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu ugurda bilim işgärleriniň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmelerinde bilim ulgamyna möhüm orun berilýär. Milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde, halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikler bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde şu günki ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Milli Liderimiziň: «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýpden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris» diýen buýsançly sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir.

Pikir we tejribe alşyldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Umumybilim maksatnamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň bilim başarnyklaryna bildirilýän halkara talaplaryň we milli ýörelgeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan maslahata öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ilhalar ynsany hatyraladylar, mekdep muzeýine aýlanyp gördüler, ýörite guralan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bilim ojagynyň mejlisler jaýynda dowam eden usuly-amaly maslahatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere aýratyn üns çekildi. Onda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Internet olimpiadalary üstünliklere beslendi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersinden açyk internet olimpiadasy geçirildi. Onda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň baýrakly orunlary eýelemekleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu olimpiadada weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýew 2-nji orna, sirk sungaty taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Lukmanhekim Garajaýew 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda geçirilen biologiýa dersinden III halkara internet olimpiadasynda weterinar we sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplary Gülsona Şihmämmedowa, Maýagözel Çommulowa, atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Aşyrmuhammedow, weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Baýramhan Röwşenkulyýew, Resulmämmet Öwezmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bäsleşikler talyp ýaşlary ylym-bilim, döredijilik ýolunda ýeneki üstünlikli menzillere ruhlandyrýar.

Çaga dünýäsiniň päkligi

Ýakynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň hem-de çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary we körpeler bilim edaralarynda miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň, gülleriň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de ideg edilişini wasp etdiler hem-de öz taýýarlan suratlaryny, fotoalbomlaryny, wideoýazgylaryny görkezdiler.