"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kesbinden bagt hem bereket tapan

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda etrap gazetinde Rozymyrat Genjäýewiň goşgulary çap edilýärdi. Menem şol wagt harby gullukdan gelipdim. R.Genjäýewiň goşgularyny okadygymça mende onuň bilen tanyşmak höwesi barha artýardy. Şeýlelikde aradan birnäçe ýyl geçdi. Men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki 32-nji orta mekdepde işe başladym. Bir ýyldan soň etrapda «Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen mowzukda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maňa-da kärdeşlerim bilen bu maslahata gatnaşmak nesip etdi. Maslahatda şol ýyllarda etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýän Rozymyrat Genjäýew çykyş etdi. Rozymyrat halypa bilen tanyşlygymyz şol günden başlandy. R.Genjäýew 1972-nji ýylda Kerki şäherindäki şol wagtky Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna başlangyç synp mugallymy hökmünde işe iberilýär. 1975-nji ýylda dogduk mekanyna dolanyp, etrapdaky 1-nji orta mekdepde işe başlaýar. 1976-njy ýylda bilimini artdyrmak maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty bölümine gaýybana okuwa girýär. Okuwyň daşyndan şu mekdepde yhlasly zähmet çekip, çagalara döwrebap bilim we terbiýe berýär. Mugallym gündelik guraýan sapaklaryna taýýarlykly gelýär, okuwçylaryna edebi dilde arassa gürlemegi öwredip,

Ýeňişli ýola badalga

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli möhüm özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleriň ilerlemegi, kämilleşmegi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda, orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýylyň okuwçysy — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik 4 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda okuwçylaryň jemleýji ýyllyk bahalaryna we 11-nji synpa çenli dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan Hormat hatlaryna seredildi. 2-nji tapgyrda okuwçylar Türkmenbaşy etrap bilim bölümi tarapyndan takyk, ynsanperwer we tebigy ugurly bilimler boýunça düzülen sowallara jogap berdiler. 3-nji, 4-nji tapgyrlarda bolsa öz döredijilik başarnyklaryny aýratynlykda görkezdiler we özleriniň saýlap alan erkin temalary boýunça çykyş etdiler.

Döwrebap usul — kämil tejribe

Ýaş nesle beýik döwrümize mynasyp bilim we terbiýe bermekde mugallymlara uly orun degişlidir. Olaryň kärine kämil, hünärine ussat bolmaklary, işine döredijilikli çemeleşmekleri esasy talap bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz öňümizde örän wajyp wezipeleri goýýar. Munuň özi bilim işgärleriniň ýurdumyzyň, milletimiziň geljeginiň öňünde uly jogapkärçilik çekýändigi bilen baglanyşyklydyr. Biz hem bu talaplardan ugur alyp, gündelik işimizde mugallymlary ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde öňdebaryjy usullara daýanmaga höweslendirýäris. Şonuň netijesinde möhüm meselelerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Olar hakynda gürrüň etmek örän ýakymlydyr. Ine, şu okuw ýylynyň ýanwar aýynda bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen usuly-amaly okuwyň çäginde guralan görkezme esbaplaryň sergisinde mekdebimiziň informatika-fizika mugallymy Didar Hangeldiýewiň sapaklarda okuwçylaryň bilimini we dünýägaraýşyny ösdürmek maksady bilen taýýarlan toplumy baş baýraga mynasyp boldy. Saýlap alan kärine ähli ukyp-başarnygyny bagyş edip, beden taýdan güýçli we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek işinde mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Şakirjan Ýaşuzakow yhlaslylyk we ussatlyk görkezýär. Ol bilim işgärleriniň arasynda guralýan bäsleşigiň «Iň gowy sport zaly» ugry boýunça indi birnäçe ýyldan bäri etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup gelýär. Mekdebimiziň ýaş türgenleriniň dürl

Bilimiň ak şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyz bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmeklerini gazanmak barada alada edip, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri döwlet derejesinde ileri tutdy. Mähriban Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyny, ile-ýurda gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen bir hatarda talyplaryň ylmy gyzyklanmalary, okuwda gazanýan üstünlikleri bilen içgin gyzyklanyp durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna giň ýol açdy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiz 10-njy fewralda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi. Hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektoryna ykdysady düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Munuň özi sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe düzümleri, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işleriniň gerimini giňeltmekde, hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmekde ýokary okuw mekdebimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar. Ýeri gelende bellesek, institutymyzda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimiz 2020-nji ýylda Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasy, adyndan hem belli bolşy ýaly, dünýä ýurtlarynyň ýokary bilim berýän edaralaryny öz içine alýan jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

Çagalaryň zehinini ösdürmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Öňdebaryjy usullar yzygiderli ornaşdyrylyp, ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesine esaslanyp, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleri hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy binýatlarynyň biri bolup durýar. Bu ders bäsleşikleri zehinli ýaşlaryň belli bir ugurda bilim derejelerini çuňlaşdyrmaga, okuwa bolan höweslerini artdyrmaga ýardam berýär. Dersler boýunça bäsleşikler okuwçynyň diňe bir bilim ulgamynda ýeten üstünliklerini däl-de, eýsem, olaryň öz ukyp we başarnyklaryndan döredijilikli peýdalanyp bilmek derejelerini, şeýle hem adaty däl we ýokary çylşyrymlylykda bolan meseleleriň çözgüdini tapyp bilmek aýratynlyklaryny-da ýüze çykarýar. Ders bäsleşigine taýýarlyk zehinli okuwçynyň halypasy bolan mugallymyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Okuwçynyň ders bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy ýolbaşçy mugallymyň öz käriniň ussadydygynyň hem aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Saz öwretmegiň aýratynlyklary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşlere buýsanyp, ýaş nesilleri milli ýörelgelerimize mynasyp terbiýelemek gadymy medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy öwretmek jana-jan borjumyz bolup durýar. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, pikirlenişiniň we dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam edýär. Esasan hem ösüp gelýän ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna düşünmeklerine oňat mümkinçilikleri döredýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli ýörelgeler esasynda ýaşlary terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýörite sazçylyk mekdebimizde hem ýaşlara saz sungatynyň aýratynlyklary öwredilýär. Milli sazlarymyza hem dünýä halklarynyň sazlaryna inçeden düşünmekleri üçin ýörite notalar öwredilýär. Şonuň üçin hem ýaş sazandalarymyz sazyň dürli ugurlaryny ýeňillik bilen öwrenýärler. Sazy öwrenmekde notalaryň uly ähmiýeti bardyr. Bu sazy ýerine ýetirmekde hem, täze sazy öwrenmekde hem ýeňillikleri döredýär. Şeýle hem saz notalary bu ugra çuňňur düşünmäge ýardam edýär.

Döwrebap okuwlar guralýar

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýaşlara daşary ýurt dilleri döwrebap öwredilýär. Biziň institutymyzda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy merkez hökmünde ýörite düzülen meýilnama esasynda işleri alyp barýar. Ýurdumyzda dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň diller kafedralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda okuw-usulyýet maslahatlary yzygiderli geçirilýär we nobatdaky wezipeler kesgitlenýär. Häzirki döwürde institutda dünýä dilleriniň on üçüsi, şol sanda BMG-niň resmi dilleriniň altysy boýunça dilçi hünärmenler taýýarlanylýar. 2019 — 2020-nji okuw ýylyndan başlap, türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanyp başlandy.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem täze okuw maksatnamalary kabul edilýär, döwrebap okuw sapaklary girizilýär, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň goşmaça maglumatlar bilen baýlaşdyrylan täze görnüşleri çap edilýär. Okuwçy ýaşlaryň arasynda dersara we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Mekdep okuwçylary bu bäsleşiklere gatnaşmak bilen öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar hem-de zehinlerini açyp görkezýärler. Diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde hem türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler çagalaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Halypa mugallymyň sarpasy

Halypa mugallym Gurbanbagt Baýramdurdyýewa Bereket etrabynyň Isgender obasynda 1946-njy ýylda dogulýar. Ol şol obadaky Saýlaw Myradow adyndaky 2-nji orta mekdepde okaýar. Soňra 1965-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine gaýybana okuwa girip, ony 1971-nji ýylda tamamlaýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli öz obasyndaky mekdepde 42 ýyl zähmet çekdi. Gurbanbagt mugallym bilen bir obada ýaşasak-da, aýry-aýry mekdeplerde işleýärdik. Onuň ady hemişe işine ussat, halypa mugallymlaryň hatarynda tutulardy. Men geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda milli miras bilen gyzyklanyp ugradym. Şonda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen baglanyşykly soraglar ýüze çyksa, hemişe Gurbanbagt mugallyma ýüz tutardym. Onuň ejesi hem köpleriň halypasydy. Ylym-bilimden ýüki ýetik mugallym hemişe meniň maslahatçym bolupdy. Ol hakyky halypa mugallymdy. Şonuň üçin meniň sowallarym hiç wagt jogapsyz galmazdy.

Ýaş nesil hakynda alada

Mähriban Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edepli-ekramly bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. «Ylym-bilim adamzada durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýär. Hut şonuň üçin hem, eziz çagalar, siz wagtyňyzyň köp bölegini sowat öwrenmäge, bilim almaga sarp edip, bilimi, ylmy durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegine öwürmelisiňiz!» diýip, bize uly ynam bildirýär. Şeýle uly ynamy ödemek biziň esasy maksadymyzdyr. Şonuň üçinem ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, kuwwatlanmagyna goşant goşjak hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmek üçin yhlasly okaýarys, bilimleri başarnykly ele alýarys. Sebäbi hemmetaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmegimiz üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler bizi üstünliklere ruhlandyrýar.

Ulgamyň binýady berkeýär

Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesine we milli aýratynlyklarymyza esaslanyp, bilim ulgamynyň täzeçe keşbi kemala getirildi. Orta mekdeplerde, başlangyç hünär we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde dünýä tejribesinden ugur alnyp, täze dersler okadylyp başlandy hem-de okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň ençemesi neşir edildi. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy daşary ýurtlaryň bilim edaralary we ýokary derejeli hünärmenleri bilen geçirilýän onlaýn görnüşdäki sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berdi. Bilim ulgamynda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda hereket edýän maksatnamalara we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulgamyň işini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmeginde we ählitaraplaýyn ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagynda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilý

Döwrebap bilim berlişiň beýany

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Etrek etrap geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşik geçirildi. Mugallymlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda okuwçylara berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýokarlanýandygyny buýsanç bilen bellediler. Okuwçylaryň arasynda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halallyk, arassa ahlaklylyk ýaly mowzuklardan geçirýän işlerini beýan etdiler. Etrapdaky 5-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Akbäbek Garaýewa birinji orny eýeläp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bilim — bagtyň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup ulanylmaga berilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek işleri özüniň oňyn netijelerini berip başlady. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejesinde geçirilýän ders we beýleki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Orta mekdeplerde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda işler alnyp barylýar. Okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Döwrebap şertlerden peýdalanyp

Ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, bilim edaralarynda täze, döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegi netijeli we ýadawsyz işlemäge, Watanyň geljegi üçin kämil ýaşlary taýýarlamaga bolan höwesimizi has hem artdyrýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge giň ýoluň açylmagy hem bizi örän begendirýär. Bilim edaralarynyň häzirkizaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylmagy orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge, zehinli ýaşlaryň ýüze çykmaklaryna we olaryň kämilleşmeklerine şert döredýär. Biz hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barýarys. Bular dogrusynda ýanwar aýynda geçirilen usuly-amaly okuw maslahatynda hem etrabymyzyň tejribeli mugallymlarynyň täsirli çykyşlaryny diňledik. Etrabymyzdaky 38-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen şol maslahatda biz multimediýa tagtalaryndan, internet torundaky maglumatlardan we kompýuter programmalaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak arkaly okuwçylaryň iňlis dili sapaklaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdik. Bilelikde tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döreden bu maslahatda mugallymlar geçilýän mowzuga

Röwşen döwrüň ganatynda

Sözleýiş medeniýeti kämil bolmagyň ilkinji şertleriniň biri bolsa gerek. Eýsem, sözleýiş medeniýetini nämeleriň üsti bilen kämilleşdirip bolar? Munuň üçin ilkinji çeşmeleriň biri çeper eserlerdir. Sözleýiş medeniýeti bilen çeper eserleriň arasyndaky baglanyşyk birnäçe ýyldan bäri meni özüne çekip gelýär. Şeýle bolansoň, mugallymlarymyň kömegi bilen bu baglanyşygy çuňňur öwrenmegi maksat edindim. Şeýdip hem «Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşmeginde çeperçilik serişdeleriniň ähmiýeti» atly ylmy-taslama işime girişdim. Ylmy gözlegler üçin saýlap alan mowzugym mekdep okuwçysy üçin aňsat bolmasa-da, onuň jümmüşine siňdigimçe, özüm üçin garaşylmadyk täzelikleriň üstünden bardym. Her täzelik höwesimi, yhlasymy goşalandyrdy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Geljegimiziň aladasy Gahryman hem mähriban Arkadagymyz ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri edip goýdy. Abadan geljegimizi nazarlaýan şu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa bilim işgärlerine baglydyr. Aslynda döwletimiz ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde mugallymlara jogapkärli wezipäni ynanýar. Bilşimiz ýaly, abadan geljegimiz ýaş nesile şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiline bagly bolup durýar. Şonuň üçinem mugallymlar döwrümiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde uly tagallalar edýärler.

Terbiýeçileriň hünär ussatlygy

AK BUGDAÝ. Etrapdaky 18-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ony etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Ýurdumyzyň ussat terbiýeçileriniň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri gatnaşyp, onuň degişli şertleri boýunça çykyş etdiler.

Utgaşdyrylan sapaklary guramak

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilim işgärleriniň öňünde uly wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrüň talabyna laýyk bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Sanly bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär. Bu döredilýän şertlerden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Sapak geçilende innowasion tehnologiýalardan, elektron gollanmalardan peýdalanmak okuwçylaryň temany has netijeli özleşdirmegine ýardam berýär, çünki görmek arkaly öwrenilen tema eşitmek arkaly öwrenilen temadan has gowy özleşdirilýär. Sapakda dersara baglanyşygy ulanmak bolsa okuwçylara düşündirilýän temanyň has üns çekiji bolmagyna getirer. Şu aýdylanlardan ugur alyp, men öz okadýan 8-nji synpymda informatikadan “Multimedia elementleri bilen prezentasiýalary döretmek» diýen temany geçenimde edebiýat dersi bilen baglanyşdyrdym. Sapakda öýe berlen ýumuşlary sorap, öý işini jemlänimden soň, okuwçylara birnäçe soraglary hödürledim, mysal üçin, “Gurbannazar Ezizow kim?”, “Gurbannazar Ezizowyň nähili goşgularyny bilýärsiňiz?”.

Halkara bäsleşigiň ýeňijileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, öz saýlan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mekdep okuwçylary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, zehinlerini görkezýärler. Zehinli okuwçylar diňe bir ýurdumyzyň çäginde guralýan bäsleşiklere gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlerde guralýan bäsleşiklerde hem öz ukyplaryny görkezýärler. 2020-nji ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda guralan “Daşkentiň şatlygy” atly VIII halkara surat bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň hem birnäçesi gatnaşdy. Şolardan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ogulnyýaz Orazmuhammedowa çeken suraty üçin bäsleşigiň kümüş medalyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga we bäsleşigiň sertifikatyna, ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy.