"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym — ösüşleriň esasyny düzýän gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň ylmy-tehniki başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň degişli çözgütleri, durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli ylmy esasly döwlet syýasaty ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dünýä maglumatlar gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. Alym Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy we täzeçil ylmy-tehniki syýasaty netijesinde ylym ulgamyny ösdürmeklige çynlakaý çemeleşilip, 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda degişli Kararyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi täzeden ýola goýuldy.

Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, elekt­roe­ner­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we ul­ga­myň äh­li dü­züm­le­ri­ni yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak­da, te­bi­gy ga­zyň we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, uzak­da ýer­le­şen se­bit­le­ri el­ýe­ter­li aras­sa ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mek­de we se­na­ga­ty ös­dür­mek­de döw­re­bap iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Kä­mil­li­giň berk binýady

Ylym — kä­mil­li­giň göz­ba­şy, ýa­şaý­şyň şug­la­sy. Ylym­lar dün­ýä­si­ne ara­laş­mak bi­len yn­san öz dur­mu­şy­ny gur­ýar. Ylym al­mak bi­len äh­li bar­ly­ga göz ýe­tir­ýäň. Geç­miş ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­myz ylym-bi­li­me uly sar­pa go­ýup­dyr­lar. Ne­sil­le­ri­niň bi­lim ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin ça­ga­la­ry­na so­wat öw­re­dip­dir­ler. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Ylym­syz bir ýa­şar, ylym­ly — müň», «Hü­när — akar bu­lak, ylym — ýa­nar çy­rag», «Ylym al­mak — iň­ňe bi­len gu­ýy gaz­mak» ýa­ly na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len ýaş­la­ra öwüt-ne­si­hat edip­dir­ler. Mu­nuň özi her bir ýaş nes­liň yl­ma çuň­ňur akyl ýe­tir­me­gi­ne he­ma­ýat ber­ýär.

Jem­gy­ýe­tiň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len ylym

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len äh­li ugur­lar­da yl­ma esas­lan­ýan ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Ylym ul­gam hök­mün­de äh­li ugur­la­ra oňyn tä­sir ed­ýär. Hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry ösüşi tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­ýar. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» laýyklykda, mil­li ylym ulgamyny ösdürmek­de, ýurdu­my­zyň ylym-tehnika babatyndaky ýagdaýyny düýpli özgertmekde, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bin­ýat­la­ýyn pu­dak­la­ryn­da dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny we tej­ri­be­si­ni giň­den peý­da­lan­mak­da, ony ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykar­makda, ylmy barlaglaryň we oýlap tapyşlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda, olary döwle­tiň we jemgyýetiň wajyp mesele­lerini çözmäge, şeý­le hem mil­li me­de­ni mi­ra­sy öw­re­niş ylym­la­ry­ny ös­dür­me­giň ugur­la­ry­ny we ýol­la­ry­ny kes­git­le­mek­de, yn­san­per­wer ylym­la­ryň bi­te­wi­li­gi­ni özün­de jem­le­ýän in­no­wa­si­ýa top­lum­la­ry dö­ret­mek­de giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Asmany ylymlaryň ägirdi

2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, mekdep okuwçylarynyň öňünde watançylyk sapagyny geçdi. Bu sapak Watanymyzyň gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdýan taryhyna, diline, edebiýatyna düşünmekde geljek nesillere bahasyna ýetip bolmajak öwüt-ündew boldy. Ol zamanamyzyň türkmen alymlary üçin hem geçmişden şu güne uzap gidýän ýol-ýörelgedir. Alym Arkadagymyzyň öz çykyşynda: «Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertleri döretdik. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär» diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň geljegine uly ynam bildirmegi türkmen alymlarynyň öňünde täze-täze wezipeleri goýdy. Bu ynamy ödemek, goýlan wezipeleriň hötdesinden gelmek türkmen alymlary üçin mukaddes borçdur. Gürgenjiň, Merwiň, Sarahsyň, Dehistanyň, Abiwerdiň we Amulyň ylym ojaklary meşhur alymlary dünýä berdi. Olarda Merwezi, Horezmi, Sarahsy, Amuly we Abiwerdi ýaly ýüzlerçe alymlar kemala gelip, yslam ylmyny we medeniýetini nurlandyrdy. Gürgenjiň ylym ojagynda okap, taryhda we ylymda öçmejek yz galdyran alymlaryň biri hem Abu Reýhan M

Jemgyýetiň hereketlendiriji güýji

12-nji iýun — Ylymlar güni «Watanymyzyň ylym-bilim kuwwaty artýar. Ýurdumyzda her bir raýat üçin ösen ylmyň elýeterliligini üpjün etmek hemişe biziň esasy aladalarymyzyň biri bolar».

Üstünlikler biri-birinden zyýada

Ylym — ösüşleriň gönezligi. Türkmen ýaşlary ylym-bilim bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy dünýä derejesinde ösýär. Geçen ýylyň 5-nji dekabrynda maňa-da institutymyzyň guramagynda fizika dersinden geçirilen II açyk halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, ikinji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige dünýäniň 12 döwletinden talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Häzirki wagtda «Elektroosmos usuly arkaly suwy arassalamagyň usullary» diýen mowzukda ylmy işiň üstünde işleýärin. Bu enjam himiki täsirleşmeleri öz içine alýar. Halypa mugallymlarym Ýazmyrat Hommadowyň, Göwher Şükürowanyň maslahatlary bilen dürli tejribeler arkaly arassalanylan suw seljerildi we onuň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Suwuň düzümindäki kremniý oksidiniň mukdary azaldylyp, onuň talhlygy peseldi. Elektrodializ usuly bilen suwy arassalaýan enjam ekologiýa taýdan amatly, ykjam görnüşe eýe bolan gurluşdyr. Bu enjam ýurdumyzda öndürilýän ýerli çig mallardan taýýarlanyldy. Zeý we talh suwlary arassalaýan enjamyň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işine biz hem mynasyp goşant goşarys.

12-nji iýun — Ylymlar güni

Döwlet ylym bilen Adamzadyň durmuşyna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän ylymdyr. Heňňamlar aýlanyp, asyrlar täzelenýär. Bilimdir-ylma hormat goýýan halkyň ykbaly bolsa, barha nurlanýar. “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen şygar astynda Watanymyz ylym-bilim ojagyna öwrüldi.

12-nji iýun — Ylymlar güni

Galkynyşly döwrüň ganaty Häzirki wagtda bütin dünýäde ylmyň dürli ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini barha globallaşýan dünýä jemgyýetinde ylmyň soňky gazananlaryna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlaryň mysalynda hem aýtsa bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny ösdürmek, ýaşlary ylmy açyşlara höweslendirmek we olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Ylmy gözleglere badalga

Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzda häzirki wagtda Ylymlar gününi baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Ministrler Kabinetiniň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde berlen hasabata görä, bu sene mynasybetli şu ýylyň 12-13-nji iýunynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty hem geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlaryň we professorlaryň gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny, nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle maslahatlar tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmyny giňden tanatmaga, onuň häzirki zaman jemgyýetimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe boldy. Munuň özi diňe döwrüň talaby bolman, eýsem, ata Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilen belent maksatlara tarap okgunly gadamlardyr. Bu il-ýurt bähb

Ylym – ösüş­le­riň ygtybarly ýo­ly

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, ylym-bi­lim ul­ga­my hem be­lent ösüş­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­na giň­den or­naş­dyr­mak, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler alym­la­ry dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Yl­myň uly dep­gin­ler bi­len ös­ýän aja­ýyp döw­rü­miz­de ylym­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da yl­my gi­ňiş­lik­de her bir yl­my iş­gä­riň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler we şert­ler dö­re­dil­ýär. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Ylym­lar gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si ösüş­le­re bes­len­ýän ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän na­kyl­la­ryn­da «Hü­när — akar bu­lak, ylym — ýa­nar çy­rag» ýa­ly paý­has­ly söz­ler bar. Bu paý­has­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, ylym-bi­lim wa­gyz edil­ýär. Ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň go­ru­ny düz­ýän pä­him­ler yl­myň gym­ma­ty­ny äş­gär ed­ýär.

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA BILIM WE ÝAŞLAR MESELELERI – türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mysalynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmenistanda Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyk- lary, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Türk- menistan üçin Täjigistan Respublikasy örän möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr. Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda guralýar. Iki döwletde-de köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanylýar.

«Talyp joşguny — 2023» döredijilik bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Talyp joşguny —2023» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ösüşlerini wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik zehinlerini açmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde edebi-çeper kompozisiýalara, aýdym-sazly çykyşlara, degişme sahnalaryna tomaşa edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby Söhbet Babaýew ýeňiji boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşyjylary şäher geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Biotehnologiýa — geljegi uly ugur

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şäheriň degişli düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly giňişleýin maglumat berýän şekilli taslamalary synlady. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik kärhanalarynyň guruljakdygyny belläp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny, olarda öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda wajyp orny eýelejekdigini nygtady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de ýaş mugallymlarynyň ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlan önümleri-de görkezildi. Milli Liderimiz olar bilen tanşyp, ýaş alymlary höweslendirmegiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da giňeltmegiň, olaryň ylmy we önümçilik ähmiýetini açyp görkezmegiň möhümdigini aýtdy. Alym Arkadagymyzyň belent ynamy uniwersitetiň ähli professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy hem-de olary täze, döredijilikli ylmy gözleglere ruhlandyrdy.

Parafin, Gidrat, gaz gyzdyryjy peçler

Milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda guýularyň önüm berijiligini gowulandyrmak üçin bar bolan serişdelerden peýdalanmak, täze tehnikalara, innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçilik toplumlaryna degişli giň gerimli işleri alyp barmak derwaýys meseleleriň biridir. Nebitdir gazy zemin çuňlugyndan tä ýeriň ýüzüne çenli akdyrmak ylmyň, täze tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Has takygy, uglewodorod çig malyny talap edilýän ýere çenli bökdençsiz akdyrmak nebit bilen iş salyşýanlaryň paýyna düşýär. Onuň hem sebäbi, guýynyň çuňlugyndan nebitiň ýeriň üstüne çenli akymynda we oňa ýardam berýän ýerüsti enjamlaryň dürli çylşyrymlaşmalara gabat gelýän ýagdaýlaryň bolýanlygy mälimdir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli känlerinde «gara altyn» çykarmagyň islendik usulynda onuň bilen bagly bolan enjamlaryň parafinleşmegi guýulardan nebitiň alnyşyny we gerekli ýerlere akdyrylyşyny bökdemek bilen bir hatarda, önümiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar hem-de onuň garşysyna göreş çärelerini geçirmek üçin köp harajatlary we zähmeti talap edýär. Hut şoňa görä-de, parafin-smola maddalarynyň döremeginiň garşysyna yzygiderli göreşmek nebitçileriň üns merkezinden düşenok. Aslyýetinde, guýular göteriji turbalaryň we nebit ýygnaýjy uly çeleklere (rezerwua

Guýularda gabat gelýän çylşyrymly hadysalaryň öňüniň alnyşy

Günbatar Türkmenistanyň nebitli we gazly meýdançalarynda nebitli guýular özleşdirilende aşaky gyzylreňk gatlaklaryň käbirlerinde önüm bilen bilelikde dag jynslarynyň guýynyň içine girip, ulanyş sütüniniň, nasos-kompressor turbalarynyň we ştuseriň dykylmagyna getirip, önümiň gelmeginiň öňüni böwetläp, guýuda çylşyrymlaşmalaryň emele gelmegine we önümiň çykmagynyň doly bes edilmegine getirýär. Ol ýagdaýlar, esasan hem, Günbatar Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Nebitlije meýdançasynda gazylan guýularda köp duş gelýär. Guýularyň süzgüçlerinden gelýän dag jynslarynyň guýynyň sütünine girmeginiň öňüni almak hem-de ol guýulardaky dag jynslaryny guýudan çykarmak zerur bolup durýar. Nebitlije meýdançasyndaky guýularda bu meseläni çözmekde önümli gatlaga ýörite mikrosement kowmak arkaly gatlagy abatlamak, önümli gatlakda perforasiýa deşikleriniň sanyny azaltmak belli bir derejede olaryň guýynyň sütüniniň içine girmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýokardaky işler geçirilenden soň dag jynslary gelýän bolsa, nasos-kompressor turbalarynyň aşaky bölegindäki guýgujyny süzgüje (filtre) ýakyn goýup, yörite gidrodinamikasy hasaplanyp saýlanan diametrli nasos-kompressor turbalary bilen ulanyş sütüniniň arasyndan ýokary basyşly suw kowup, süzgüçden gelýän dag jynslaryny we uglewodorodlary özi bilen alyp, turbanyň içindäki ýokary tizligiň hasabyna, olary guýudan çykaryp, ýörite s

Wodorod energetikasy — geljegiň ýangyjy

Innowasion tehnologiýalar we ekologiýa meseleleri Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara baý bolmagy ýurtda senagat pudaklarynyň kärhanalaryny ýokary depginde ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy sanly we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde täze döredilýän önümçiliklerde ekologiýanyň talaplarynyň doly berjaý edilmegine uly ähmiýet berilýär.

Talyplar ― ders bäsleşikleriniň ýeňijileri

Welaýatymyzdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp boldular. Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi boýunça geçirilen bäsleşikde toparlaýyn hasapda ikinji orna mynasyp boldy. Gazanylan üstünlikde mekdebiň talyplary Aýsoltan Baýramowanyň, Şabibi Hümmetöwezowanyň, Açylgül Atamuradowanyň mynasyp paýlary bar. Bu ders boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenabadyň Agrosenagat hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem öňdäki orunlary eýelediler.

Ýeralmanyň seçgiçilik işleri

Ýeralma dünýä ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem ikinji çörek hasaplanylýar. Ýeralmadan ýa-da ýeralma goşulyp taýýarlanylýan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alan edermen daýhanlarymyz ýeralmany öndürmegiň tilsimlerini doly öwrendiler we ýyl-ýyldan öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrýarlar. Ylmy edebiýatlarda berilýän maglumatlara görä, ýeralmanyň tohumçylygynyň ylmy esasda ýola goýulmagy onuň hasylynyň 30-45 göterim artdyrylmagyna, krahmal düzüminiň 1-2 göterim ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Ýeralmanyň tohumçylygynyň beýleki ekinleriňkiden, mysal üçin, bugdaýyňkydan, gowaçanyňkydan tapawutly ýeri, dänesinden ýa-da çigidinden däl-de, öz ýeralma klubenlerinden köpeldilýänligidir. Ýeralma biziň şertlerimizde gülleýän bolsa-da, däne bermeýär. Dünýä ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly, ýeralmanyň tohumçylygy klubenleri seçip almak, nesil arassalygyny ýokary derejede saklamak arkaly alnyp barylýar. Tohumçylykda köpeltmek üçin ulanylýan ýeralma klubenlerini «tohum» diýlip, klubenleri saýlap almak usulyny bolsa «klon seçgi usuly» diýip atlandyrmak kabul edilendir.

Ylym-bilim — ösüşlerimiziň özeni

Bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýan giň gerimli tutumlaryň esasy maksady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bilim almaga elýeterliligini üpjün etmekden hem-de bu babatda öz tebigy başarnygyny ýüze çykarmagy üçin zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde bilim özgertmelerinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlaryna, milli tejribeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna ýakyndan ýardam edýär. Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ýurdumyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri biziň — ýaşlaryň hyzmatynda.