"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Almaty — Aşgabat uçuşlary üçin petekleri nireden satyn almalydygy belli boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 28-nji martdan Aşgabatdan Almaty şäherine (Gazagystan) we yzyna yzygiderli uçuşlary gaýtadan ýola goýýar. Uçuşlar Aşgabat (ASB) — Almaty (ALA) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça hepdede iki sapar sişenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Stambulyň howa menzili iň köp gatnawly diýlip yglan edildi

Türkiýäniň Stambul aeroporty ýene-de Ýewropada iň köp ýolagçyly howa menzili diýlip ykrar edildi diýip, «Anadolu» neşirine salgylanýan «Trend» ýazýar. Üstümizdäki ýylyň fewralynda Türkiýäniň bu iri howa menzilinde gije-gündizde ortaça 1269 gatnaw ýerine ýetirildi diýlip, Ýewropanyň «Eurocontrol» howa gatnawlary boýunça operatorynyň hasabatynda bellenýär.

Köňül bilen keşt eýläp...

20-nji martda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Halkara forum dünýäniň ençeme döwletleriniň syýahatçylyk ulgamynyň hem-de myhmanhana toplumlarynyň belli hünärmenlerini bir ýere jemledi. Bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Halkara forumda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň syýahatçylyk bilen baglydygyny uly buýsanç bilen bellediler. Asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren gadymy Köneürgenç, Nusaý, Merw ýaly şäherleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagt şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumynyň, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň, Olimpiýa şäherçesindäki türkmen bedewiniň heýkeliniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Syýahatçylygyň dürdänesi

Golaýda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa bu ugurdaky halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanhananyň eýwanynda milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Forumyň esasy maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklar, däp-dessurlar babatda gazananlaryny wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga, daşary ýurt syýahatçylyk edaralary bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, pudagyň ösüşine täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Dünýädäki iň uly stadionlar

“NARENDRA MODI” STADIONY Şu günki gün dünýädäki iň uly stadionlaryň hatarynda Hindistandaky “Narendra Modi” stadiony durýar. Ol Gudjaratyda ýerleşýär. Onda 132 000 tomaşaçy ýaryşlara tomaşa edip bilýär. Ol Hindistanda meşhur bolan sportuň kriket görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenendir.

Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugu­rlary

20-nji martda paý­tag­ty­myz­da­ky «Ar­ça­bil» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty öz işine başlady. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň şu ugur bo­ýun­ça ýö­ri­te­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şol san­da Öz­be­gis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Eý­ra­nyň we Günorta Ko­re­ýa­nyň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­tan­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň sy­ýa­hat­çy­ly­gyň çäk­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň, onuň eko­lo­gi­ýa, te­bi­gy, sport we at­çy­lyk ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň hem-de dynç alyş üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we onuň äh­lu­mu­my ul­ga­ma go­şul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li. Myh­man­ha­na­nyň eý­wa­nyn­da ýur­du­my­zyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na de­giş­li gym­mat­lyk­la­ryň we şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ol sergä gat­na­şan­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy.

Syýahatçylyk: ösüş ugurlary we mümkinçilikler

Düýn — 20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat işe başlady. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-nji — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, birnäçe ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ugurda ýöriteleşen döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Forumyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra daşary ýurtly we ýerli hünärmenleriň çykyşlary boldy. Olarda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri barada giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem halkara maslahata gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky işewür duşuşyklary geçirildi.

Halkara maslahat

2023-nji  ýylyň 20-nji  martynda  paýtagtymyzyň  «Arçabil» myhmanhanasynyň  mejlisler  zalynda «Türkmenistanda   syýahatçylygy  ösdürmegiň  esasy  ugurlary  we  mümkinçilikleri»  atly  halkara  maslahaty  öz  işine  başlady. Maslahat  Türkmenistanyň  Prezidenti  Serdar  Berdimuhamedowyň   halkara  maslahata  gatnaşyjylara  iberen  Gutlagy  bilen  açyldy. Türkmenistanda  syýahatçylygy  ösdürmegiň  esasy  ugurlary  we  mümkinçilikleri» atly  halkara  maslahatynda  çykyş  edenler  ýurdumyzda  Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe   türkmen  halkynyň  Milli  Lideri  Gurbanguly  Berdimuhamedow  tarapyndan  başy  başlanan,  häzirki  döwürde  üstünlikli  amala  aşyrylýan    dünýä  döwletleri  bilen  hoşniýetli  gatnaşyklary  ösdürmegiň  uly  ähmiýete  eýe bolýandygyny, täze  taryhy  döwürde    syýahatçylyk  ulgamyny  ösdürmekde  durmuşa  geçirilýän  iri  göwrümli  maksatnamalaryň  ýurdumyzyň  dost-doganlyk,  ynsanperwerlik 

Paýtagtymyzda halkara maslahat işe başlady

Şu gün — 20-nji martda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli düzümleriniň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Bolgariýanyň, Horwatiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň hem-de bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşýar. Halkara maslahatyň geçirilýän ýerinde milli gymmatlyklarymyz hem-de amaly-haşam sungatymyzyň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Myhmanlar duz-tagam hem-de dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren nusgawy sazlar bilen garşylanyldy.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 21-nji gün. On üçünji düşelge. Guwlumaýak

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

20-n­ji gün. On ikinji düşelge. Gy­zyl­suw şä­her­çe­si. Yn­ha, me­niň üçin ýat­dan çyk­ma­jak günüň Güni dog­dy. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­den 18 kilometr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Gy­zyl­suw ada­sy­na git­me­gi öň­den me­ýil­leş­di­rip go­ýup­dym. Ýö­ne ýa­nym­ bilen kim­dir bi­ri­le­ri gi­der öýt­män­dim. On­da-da döw­re­bap aý­dym­la­ry bi­len ta­nal­ýan rep­çi to­pa­ry.

Tbilisi we Aşgabat syýahatçylygy täzeden dikeldýärler: gün tertibinde göni uçuşlar

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahanalary ösdürmek agentligi, Aşgabatda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Duşuşyk 1-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda pudak ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, syýahatçylyk agentlikleriniň we Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräni, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiatişwili açdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşini belläp geçdi.

Türkmenhowaýollary 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde habar berdiler.

«Türkmenhowaýollary» mart aýynda Londona, Pekine, Delä we Almata uçup başlarlar – uçuşlaryň rejenamasy we biletleriň nyrhlary

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär. «Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary şeýle hem Moskwa, Kazana, Stambula we Frankfurta kadaly uçmagyny dowam etdirýär. Ýakyn wagtda halkara ugurlaryň sany dokuza çenli artar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 27 müň 633 rubldan petek alyp, Aşgabatdan Almaty şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 31 müň 437 rubldan petek alyp, Aşgabatdan (ASB) Deli (DEL) şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 19-njy gün. On birinji düşelge. Janga.

Syýahat – gezelenjiň ähmiýeti

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Ata-baba do­wam edip gel­ýän aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz­den ugur alyp, hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim we hü­när al­mak­la­ry, çuň­ňur adam­kär­çi­lik hä­si­ýet­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 15-18-nji günler. Onunjy düşelge. Hazar şäheri.

Bahreýn hakynda maglumatlar

«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023 Dünýädäki iň kiçi arap döwleti bolan Bahreýn üç sany uly we otuz sany kiçi adadan ybarat arhipelagda ýerleşýär. Bu ýere diňe gury ýer ulaglary arkaly hem barmak mümkin. Sebäbi Bahreýni Arap ýarym adasyna birleşdirýän giň köpri indi ençeme ýyl bäri ýolagçylara hyzmat edip gelýär.