"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Älem-jahanda

Täsin desga Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin iri taryhy ýadygärlikleri bilen birlikde täsin binagärlik gurluşa eýe bolan desgalary bilen hem jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. Şeýle desgalaryň biri hem Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) edara binasydyr. Belentligi 234 metre barabar bolan 44 gatly binada ýurduň iň iri teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlanýar. Bina daşyndan seredeniňde burçy gädilen äpet desgany ýada salýar. Binanyň daşky bezeginde aýna esasy orny tutýar. Täsin desganyň gurluşygy 5 ýyllap alnyp barlyp, 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Edara binadan daşary desganyň çäginde uly teatr, myhmanhana we sergi meýdançasy bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy bilet satmak boýunça daşary ýurt edaralarynyň sanawyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi. Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Deli şäherine gatnawlar artdyrylar, Pekine azaldylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 24-nji maýdan Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlaryny hepdede 2 gezek, ýagny çarşenbe we perşenbe günleri amala aşyryp başlar. Mundan ozal, bu ugur boýunça gatnawlar diňe ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär. Aşgabat - Nýu-Deli uçar gatnawlarynyň awiabiletleriniň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Biletiň bir tarapynyň bahasy 5532 manat 70 teňňe.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara gatnawlarynyň täze ugurlary açylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy yzygiderli tertipde amala aşyryljak halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumynda belläp geçdi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidde (Saud Arabystany), Hoşimin we Hanoý (Wýetnam) ugurlary boýunça halkara uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Täjigistan Respublikasyna syýahat

Gissar galasy Bu binalar toplumynyň ilkinji nusgasy 3000 ýyl töweregi mundan ozal gurlupdyr. Gissar galasy Täjigistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Gissar jülgesindäki Kanaka derýasynyň boýunda, ýurduň gözel paýtagty Duşenbe şäheriniň, takmynan, 26 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bina asyrlaryň, ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek täzeden gurlup, bejergi berlip, täzeçil öwüşginler girizilipdir. Soňky maglumatlara görä bolsa, bu binalar toplumy biziň eýýamymyzdan öňki 550-nji ýyllar töweregine, ýagny Siriusyň ilkinji döreden Beýik Pars imperiýasynyň döwürlerine degişlidir. Binalaryň asyl nusgasynyň köp bölegi wagtyň geçmegi bilen täzelenişe sezewar bolýar. Häzirki günlere çenli saklanyp galan, mundan, takmynan, 500  ýyl töweregi ozal gurlan bölegi bolsa onuň içindäki derwezesidir. Bu taryhy syýahatçylyk zolagyny görmäge gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Aýratyn hem, dynç alyş günleri bu ýeri has köp adamly bolýar. Şäherden bu ýere gelmek üçin döwrebap awtobus hyzmaty ýola goýlupdyr.

«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sanyny köpeltdi

«FlyDubai» Dubaýdan (BAE) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine uçuşlarynyň sanyny hepdede dört gezege çenli artdyrdy. Indi şenbe güni hem bu ugur boýunça uçuşlar amala aşyrylar. 6-njy maýdan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine hepdede dört gezege çenli uçuş sanyny köpeltdi. Uçuşlar duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylar. Ondan öň uçuşlar duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýardy.

Keşt edeliň bu jahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamagyň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň kabul edilen maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda taryhy-medeni obýektleri gorap saklamak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda görnükli orun alan Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri dünýä syýahatçylarynda uly gyzyklanma döredýär.

TÄSINLIKLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Ynsanyň ruhy dünýäsi elmydama gözellige, täsinlige teşne. Dünýädäki täsinlikleri bilmek, öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Ýaş nesilleri dünýäniň täsinliklerinden habarly etmek maksady bilen, žurnalymyzyň şu sanynda dünýädäki käbir täsinlikler barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. IŇ KIÇI KITAPHANA

Älem-jahanda

Täsin şäher Daniýanyň iri şäheri hem-de paýtagty Kopengagen Zelandiýa adalarynda ýerleşýär. Kopengageniň 1043-nji ýylda ýönekeý balykçylyk şäheri hökmünde düýbi tutulypdyr. Soňra 1167-nji ýylda onuň töwereginde gala guruldy we şäher ilkinji adyny «Kopmannaehafn» — ýagny «söwda duralgasy» diýen ady aldy. Dünýäniň iň sagdyn şäheri diýlip hasaplanylýan Kopengagen şol bir wagtyň özünde syýahatçylaryň söýgüli ýerleriniň biridir. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň köp bölegi köçelerde we ýollarda welosiped arkaly hereket edýärler. Şäherde ýörite olar üçin niýetlenen ýollar hem örän köp. Gezelenç etmek üçin Kopengageniň birnäçe özüneçekiji ýerleri bar. Olaryň biri-de Andersonyň ägirt uly meşhurlyga eýe bolan ertekisindäki suw perisiniň heýkelidir. Ol bu ýerde XX asyryň başynda Karlsberg brendine eýe bolan maşgala agzalarynyň biriniň haýyşy boýunça peýda boldy. Dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeler bu heýkeli görmek üçin Kopengagene gelýärler. Şäheriň merkezinde bolsa, Ýewropadaky iň uzyn Stroget pyýada köçesi ýerleşýär.

«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler

Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinden badalga alan ýöriş Halkara awtoulag geňeşi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan geçirilýär. Oňa 80-den gowrak türgen we döredijilik adamlary gatnaşýarlar.

«Sian – Merkezi Aziýa» tiz otlusy işe girizildi

Mälim bolşy ýaly, 26-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Mejlisiň çäklerinde daşary işler ministrleri Hytaý – Ýewropa demir ýolunyň Çanan ýörite ýük otlusynyň işe başlamagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu tiz ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnaw amala aşyrar. Otlynyň 12 günüň dowamynda Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar. Häzirki döwürde Hytaý – Ýewropa tiz otly ýoly Ýewraziýa yklymynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwdalarda möhüm ähmiýete eýedir.

«Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular

«Dostluk kerweni» ady bilen geçirilýän halkara awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana gelip gördüler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berdi. 27-nji aprelde altynjy halkara «Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana Lebap welaýatynyň çäginden girdiler. Farap ýol gözegçilik nokadynda ýörişe gatnaşyjylar Aşgabat tarap ugramazdan ozal, ýurduň resmi adamlary bilen duşuşdylar. Ýörişe gatnaşyjy topar 80 adamdan ybarat bolup, olaryň arasynda ýol hünärmenleri we döredijilik adamlary bar.

Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlary üçin petekleriň häzirki bahalary belli boldy. Aşgabatdan Urumçä petekleriň bahasy, awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan satyn alnanda, «ekonom» synpy üçin bir tarapa 487 dollardan başlaýar. Ikitaraplaýyn uçuşyň bahasy 737 dollar. Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlar üçin niýetlenen petekleriň bahasy bolsa 423 dollardan başlaýar.

Çyn-Maçyndan «kerwen» geldi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, bu ugurdaky mümkinçilikleri artdyrmakda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde möhüm işler alnyp barylýar. Şunda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigi şu ýylyň 20-nji martynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatda-da aýdyň ýüze çykdy. Häzirki günlerde Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahata çykan hytaýly syýahatçylar «Biz ýene-de Beýik Ýüpek ýoluna düşýäris: Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara medeni gatnaşygy» şygary astynda guralan gezelenjiň çäginde ýurdumyzyň taryhy we gözel künjeklerinde bolýarlar. Syýahatçylaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ata Watanymyz gadymy döwürlerden bäri diňe bir syýahatçylykda däl, eýsem, söwda, işewürlik, hyzmatdaşlyk babatda hem örän amatly mümkinçiliklere eýedir. Syýahatçylyk toparynyň ýolbaşçysy He Wnjing bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Syýahatçylygyň täze gözýetimleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär. Üçünji müňýyllygyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Beýik Ýüpek ýoly bu gün dünýäniň jahankeşdelerini, syýahatçylaryny, alymlaryny, bilermenlerini, işewürlerini ülkämize alyp gelýär. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollar, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar» diýlip bellenilýär. Muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20 — 22-nji martynda ýurdumyzda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata dünýäniň onlarça döwletinden hyzmatdaşlar, syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, jahankeşdeler gatnaş

Keşt edeliň bu jahana...

Magtymguly atamyzyň ýokardaky setiri, bir tarapdan, dünýä syýahat etmegiň, ýagşy zatlary görmegiň dünýä malyna barabar gymmatlykdygyny aňlatsa, ikinji bir tarapdan, dünýäniň geň-taňlyklaryndan habarly bolan şahyr «Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner» diýip, binagärlik keşbi bilen adamzady haýran eden ajaýyplyklardan söz açýar. Syýahat etmek, gözüň bilen görmek ýaly ýakymly pursatlar ynsan ömründe mydama ýatlanjak iň gymmatly hazynadyr. Syýahatçylyk dünýä döwletleriniň alyp barýan syýasatlarynyň esasy ugurlarynyň biri. Dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň esasy girdeji çeşmesiniň syýahatçylykdandygyny bellesek, onda her ýylda millionlarça adam dünýä ýurtlaryna keşt edip görmek, tanyşmak, bilmek, öwrenmek isleglerini kanagatlandyrýarlar. Jahankeşdelik ugrunyň köptaraply görnüşleri döwrebap şertlerde ösüp, gerimini has-da giňeldip barýar. Şol bir babatda, häzirki zaman syýahatçylygynyň ýokary derejeli hyzmatlary bilen hem jahankeşdeleri özüne çekýän döwletler bu ugruň mümkinçiliklerini giňden ulanýarlar hem-de dünýä ýaýradýarlar. Bu, elbetde, bir tarapdan, syýahatçylyk ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ösýänligini aňlatsa, beýleki tarapdan, jahankeşdeleri çekmekde esasy şertleri hem döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň 40-a golaý döwletinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen «Syýahatçylygyň halkara güni» atly baýramçylyk her ýylyň 27-nji s

Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler

Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertibinde amala aşyrylýar. Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça-da otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär. Mundan ozal, gatnawlar günaşadan amala aşyrylýardy.

Demir ýol gatnawlarynyň rejesi artdyryldy

Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertipde amala aşyrylýar. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň berýän habaryna görä, 16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy.

Älem-jahanda

Sungata siňen gaýalar Petra Iordaniýa patyşalygynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy şäherdir. Ol patyşalygyň paýtagty Ammandan 262 kilometr günortada ýerleşýär. Gadymy Petra şäheri dünýäniň 7  sany täsinlikleriniň biri bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem degişlidir. Häzirki wagtda şäherde dürli görnüşli ýadygärlikleriň 800-den gowragy ýerleşýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçuşlarynyň sanyny artdyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aprel aýynyň ahyryndan Aşgabatdan Moskwa uçuşlary hepdede dört gezek amala aşyrar. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky satuwa çykarylan petekler baradaky maglumatlar hem subut edýär. Indi Aşgabatdan Moskwa uçuşlar sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Ozal awiakompaniýa Moskwa hepdede üç gezek — sişenbe, çarşenbe, anna günleri uçuşlary amala aşyrýardy.