"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Watan bolsa daşyňda — bagt guşy başyňda»

Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetimiz, adatdakysy ýaly, ýene beýik Pyragynyň döredijiligi hakynda boldy. Bu sapar Aba aga bize Magtymgulynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak barada döreden şygyrlary bilen baglanyşykly agasy Gara işanyň il-halkdan toplan maglumatlary dogrusynda gürrüň berdi. Bu maglumatlary Aba dädäniň dilinden okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. Agamyz Gara işanyň şahsy arhiwinde saklanýan maglumatlara görä, Magtymguly ene topragyň ezizligine, ony goramagyň mukaddes borçdugyna, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin erkinligiň zerurlygyna ir düşünipdir.

Abadan ýaşaýşymyzy goralyň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy edaralaryň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada, şulary ýatladýar: – edaralaryň binadyr desgalarynda jaýlary ýylatmak üçin döwlet ülňülerine gabat gelmeýän senetçilik usulynda ýasalan we näsaz gaz we elektrik gyzdyryjy enjamlary ulanmak, şonuň ýaly hem ýörite enjamlaşdyrylan otaglardan başga ýerlerde nahar taýýarlamak, suw gaýnadyjylary, elektrik çäýnekleri, gaz plitalary we şulara meňzeşleri ulanmak, halas ediş ýollarynda ýüz görülýän aýnalary goýmak;

Hakydadaky mähribanlar

Ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanylýar. Ynsan üçin göbek ganynyň daman ene topragyndan — ata Watanyndan gymmatly mukaddeslik ýok. Watanyň azatlygy, erkinligi üçin aldym-berdimli söweşlerde janyny orta goýan atalaryň gahrymançylykly ömür ýoly, nesilleriň ýagty geljegi üçin alyp baran göreşi hiç haçan unudylmaýar, olar hakydalarda ýaşaýarlar. Olar Watan, il-halk, azatlyk üçin gan döküp, şirin janyny gaýgyrmadyk gahrymanlar.

«CIET-2024» halkara forumyna gatnaşyjylary hasaba alyş başlandy

Şu ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET- 2024») atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bilelikde guramagynda geçiriljek iri halkara ähmiýetli çäre erkin senagat zolaklaryny döretmekde we türkmen tarapynyň halkara maliýe guramalary hem-de kompaniýalary bilen özara gatnaşygy barada pikir alyşmakda, gurluşyk we energetika pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm meýdança bolar. Şeýle-de senagatyň ösüşine ýardam etmäge we sebitiň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň halkara derejesinde ornuny berkitmäge ýardam eder. Gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat, himiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda wajyp meseleleri we taslamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän nobatdaky forumda degişli ugurlara täze maýa goýum taslamalaryna üns çekiler. Häzirki wagtda «CIET-2024-e» gatnaşyjylary hasaba alyş başlandy. Giňişleýin maglumaty forumyň ciet-turkmenistan.com resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

9-njy oktýabrda Aşgabatda saglyk, bilim, sport boýunça halkara sergi öz işine başlar

12-nji oktýabra çenli dowam etjek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Ýöriteleşen sergide lukmançylyk enjamlarynyň, tehnologiýalarynyň önümçiligine we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlara ýöriteleşen kompaniýalar, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy kopaniýalary bilim we sport ulgamynda iň täze çözgütlerini tanyşdyrarlar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere goýup giden hem-de mynasyp dowam etdirilýän ahlak-terbiýe mekdebidir. (Başlangyjy gazetiň №37 sanynda).

«Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy»

— Dünýe görmeý, tutgun galsaň bir künçde, Bady-paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut.

Ýaşlar ýagşylar bolarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gün-günden beýik ösüşlere beslenmegi, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde kämil bilim almagy üçin alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen ýaşlaryna häzirki zamanyň ösen ülňülerine gabat gelýän derejede ylym-bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Zähmetsöýer, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýetleri kemala getirmek merdana halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan möhüm ýörelgedir. Bagtyýar zamanamyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenip, bu ugurda önjeýli iş bitiren alymlarymyza sarpa goýup, olaryň gymmatly pikirlerini gündelik okuw-terbiýeçilik işiniň gidişinde ulanmak örän ähmiýetli işleriň biri. Bu babatda okuw-terbiýeçilik işleriniň utgaşykly alnyp barylmagy üçin Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebinde hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk, zähmetsöýerlik bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da mekdebimiziň mugallymlary okuwçylar bilen geçirýän okuw-terbiýeçilik işlerinde, sap

Amerikalylar Hellowen üçin uly möçberde çykdajy ederler

Amerikalylaryň 2024-nji ýylda Hellowen baýramyny bellemek üçin 11,6 milliard amerikan dollaryny sarp etmeklerine garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýyl 12,2 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. ABŞ-nyň Baýramçylyk söwdalarynyň Milli federasiýasy tarapyndan taýýarlanylan çaklama görä, ýurtda her bir alyjy Hellowen üçin ortaça 103,63 amerikan dollary möçberinde çykdajy eder. Bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 4,61 amerikan dollary möçberinde azdyr.

Oba dükanlary kriptowalýutada töleg kabul edip başladylar

Fransiýanyň Bordo şäheriniň etegindäki Talans obasy bölek söwdadaky töleg amallarynyň özboluşly öwrülişigini durmuşa ornaşdyrdy. Häzirki wagtda bu şäherçede bitkoini töleg serişdesi hökmünde kabul edýän 18 sany ýerli dükan hereket edýär. Bu täzelik kriptowalýutalaryň eýeleriniň öz pullaryny nagt görnüşe geçirmeklerine bolan zerurlygyny aradan aýyrýar. «Töleg prosesi ýönekeý: alyjylar ýörite programma arkaly QR koduny skanerden geçirýärler. Satyjylar häzirki bitkoiniň hümmeti esasynda derrew ýewroda hasaplaşyk geçýärler» diýip, euro-pulse.ru saýty ýazýar. Şeýle täzeligiň Fransiýada ýola goýulmagy ýöne ýere däldir. Hünärmenler häzirki wagtda her sekizinji fransiýalynyň kriptowalýuta eýelik edýändigini belleýärler.

Halkyň hakydasy — nesilleriň arabaglanyşygynyň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Merdana pederleriň ruhuna tagzym

Türkmen halkymyz asylly ýörelgelere, milli däp-dessurlara belent sarpa goýýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni hökmünde merdana pederlerimiz ýatlanylýar. Ynha, şu ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Munuň özi milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam edilýändiginden nyşan bolup, merdana pederleriň ruhuna tagzymdyr. Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr. 6-njy oktýabr — Hatyra güni türkmen halkymyzda merdana ata-babalarymyz hatyralanylýar. Uzak taryhyň dowamynda merdana ata-babalarymyz Watany goramagyň, mertligiň belent nusgasyny görkezipdirler. Biz muny taryhy kitaplara ýüzlensek hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle hem halkymyzyň hakydasynda saklanyp galan mertlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler hem muny aýdyň subut edýär. Şonuň üçin hakydalarda baky ýaşaýan ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym edýäris.

Döw­let­li tu­tum­la­ra ba­dal­ga

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň şan­ly se­ne­si­niň ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­k, bi­te­wü­li­k, pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup, oňyn öz­gert­me­le­riň, tä­ze­le­ni­şiň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.

«1000 söz» bäsleşigi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň bi­le­lik­de yg­lan eden «1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň V jildi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 «Ha­ty­ra» ki­ta­by­nyň jem­leý­ji, bä­şin­ji jil­di­niň tä­ze ne­şi­ri 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da we­pat bo­lan, şeý­le-de de­rek­siz ýi­ten es­ger­le­riň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lan­ýar.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Hal­kyň ha­ky­da­sy ba­ky­dyr

Žurnalyň täze sany taýýarlanyldy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­lent öz­gert­me­le­ri Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze ösüş tap­gyr­la­ry­na çyk­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň sport sy­ýa­sa­ty, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­ler we ösüş­ler dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kip, sport jan­kö­ýer­le­ri­niň buý­sanç­la­ry­ny art­dyr­ýar.

Indi Nelson : Orta Aziýa - iň gowy sebit

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 2018-nji ýyl­da önüm­çi­lik me­ne­je­ri hü­nä­ri bo­ýun­ça kol­lej­de oku­wy­ny ta­mam­lan ko­li­for­ni­ýa­ly In­di Nel­son işe baş­la­ma­gyň de­re­gi­ne il­ki bi­len dün­ýä­ni aý­la­nyp gör­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Mu­nuň üçin ol in­ter­net ul­ga­my­nyň ba­şyn­da kän düm­tü­nip, daşary ýurt­la­ra ba­ryp gör­me­giň me­se­le­le­ri we iň amat­ly ýol­la­ry ba­ra­da ta­kyk mag­lu­mat­la­ry edin­ýär. Bank­dan 80 müň dol­lar karz alan­dan soň, öň­de dur­ýan sy­ýa­ha­tyň pe­tek­le­ri bu­ýur­mak­dan wi­za­la­ry al­mak­ly­ga çen­li äh­li hy­syr­dy­la­ry bi­len hut özi meş­gul­lan­ýar.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiri

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

Tagzym edýäs pederleriň ruhuna

Aýratyn ähmiýetli seneleri uly iliň agzybirliginde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, nesilleriň şeýle agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemez kada öwrüldi. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlikdir jebislik dürli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Geçen ýüzýyllyklaryň agyr bolan ýyllaryndan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň heläkçilikli tebigy hadysalaryň şehitlerine, Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna şirin janlaryny pida etdiler.