"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Il içinde seniň tutulsa adyň...

Halypanyň zähmet ýoly Halal daýhan maşgalasynda dünýä inip, eklenjiň, rysgal-döwletiň bolelin ýaşaýşyň päk zähmetdedigine ir düşünen Allanazaryň çagalyk döwri Wekilbazar etrabynyň häzirki Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasynda geçdi. Ol maşgaladaky bäş ogul, dört gyz doganlaryň iň ulusydy. Şoňa görä-de, ol zähmetde bişişip, sekiz jigisiniň ösüp kemala gelmegi, aňly-başly adamlar bolup ýetişmegi üçin eziz pederi bilen deň hatarda jogapkärçiligini duýýardy.

Ýaşlar syýasaty rowaç alýar

Döwrüň bagtyýar nesilleri Ýaşlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgelerine hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlar syýasaty bolsa ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Notariat we notarial işi Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlarynyň biri. Şu Kanun Türkmenistanda notariatyň we notarial işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Asudalygyň goragynda

Derwaýys meselä goşandymyz Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, her bir maşgalanyň bagtyýar günlerde ýaşamagy rysgal-döwletini halal zähmetden gözlemeginden gözbaş alýar. Agzybir, bagtly maşgalalar bolsa, tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini we bagtyýarlygyny üpjün edýär. Şonuň üçinem biz etrabymyzda maşgalalaryň abadan, agzybir bolmagy ugrunda aladalanýarys.

Halk Maslahaty: beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde dabaraly maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Eşretli ertirimiziň eýeleri

Her güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişler bolup geçýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilip, nusgalyk işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap enjamlar bilen üpjün  edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde döredilýän şertdir mümkinçilikler bagtyýar ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bilimli nesil ýurdumyzyň kuwwatly daýanjyna deňelýär. Edep-terbiýeli nesiller eşretli ertirimiziň eýeleridir. Ýurduň ösüşine goşant goşmak, ýaş nesle ilkinji terbiýe bermek, körpelerde irki ösüşlerden başlap, eziz Watanymyza söýgi döretmek, ululara hormat goýmak, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemek terbiýeçileriň mukaddes borjudyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýeläp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.

Zenanlar guramasynda

Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär Maşgala mukaddesligini, maşgaladaky gatnaşyklaryň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen, golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň guramagynda geçirilen maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Ýaşlar we hukuk medeniýeti

Golaýda şeýle şygar astynda TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlaryň hukuk medeniýetiniň we sowatlylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen maslahat gurady. Oňa ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda kabul edilen resminamalar barada giňişleýin belläp geçdiler.

Dowamat

Obamyzyň gündogary baýyrlyk,Maňa gujak açdy Çoňňally depäm.Ümezli gözüme yssy görünýäň,Saňa ylgap çykyp, bedenim bekän.Käýerde öňümden çykýar tilkiler,Öňki görenlerme meňzäp baranok.Nämüçin gädikde biraz saklanyp,Yzyna gaňrylyp, garap duranok? Oglanlygmy ýatladyp dur dereler,Honha uzap gidýär köneje ýoda.Şol deräň böwründe bir topar çaga,Üşän ellerini çoýup dur oda.

«Ýigitlik bir gyzyl güldür»

Şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyzyň  edebi mirasy täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlary üçin durmuş mekdebidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk, ýigitlik hakyndaky pikir-garaýyşlary häzirki döwrüň kämil, giň dünýägaraýyşly nesillerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyrymyz: «Ýigitlik bir gyzyl güldür» diýmek bilen, durmuşyň ýaşlyk bilen — ýigitlik bilen gözeldigini ündeýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ýigitlik düşünjesi ýaşlyk düşünjesi bilen manydaş şekilde ulanylýar. Muny şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky:

Asuda ýol — abadan il

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir işde mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy, kanuny bähbitleri ileri tutulýar. Bu bolsa döwletimiziň baş aladasynyň halkyň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilendiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Ýol hereketiniň kadalary» hem şol aladadan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de döwletimiziň ýol hereketi baradaky kanunçylygyny halkara ölçeglere laýyk getirmek maksady bilen kabul edilen bu kadalaryň 2-nji bölümi «Sürüjileriň umumy borçlary» diýlip atlandyrylýar. Onda ulagyň sürüjisiniň ýanynda ony dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamasynyň, bu şahadatnama bellenen tertipde elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasynyň, şahsyýetini tassyklaýan we beýleki resminamalarynyň bolmalydygy, howpsuzlyk kemerleri bilen enjamlaşdyrylan ulagda hereket edilende, kemerleri dakynmaga we olary dakynmadyk ýolagçylary gatnatmazlyga borçludygy barada beýan edilýär. Şeýle-de ulagyň tirkegi bar bolan ýagdaýynda oňa we daşalýan ýüke degişli ähli resminamalaryň bolmalydygy nygtalýar. Agzalan kadalaryň 25-nji bölümine laýyklykda bolsa, sürüji ulagyň tehnik

Mukaddesligiň söhbedi

Ýakynda maýor Merdanmuhammet Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, serkerdäniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Döwlet Ýusupowyň guramagynda şahsy düzüm bilen welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň başlygy Bibigül Amanowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Meýlis Ataýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Tawus Ýagmyrowa we harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Maksat Çaryýew dagy harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, Watan mukaddesligi we onuň gymmaty barada söhbet etdiler. Maral ANNAÝEWA, kapitan.

Bereket kesegi

Bu hakda maňa babam gürrüň beripdi. Mekdebe gatnap başlan uçurlarymdy. Bir gün agşam şamlyga palaw bişirilipdi. Ana, şol palawyň üstündäki et bölegi hem bu söhbediň gep başyna öwrüldi. Babam: — Palawyň etini dograşdyryp, iýiberseňiz bolmaýarmy?! Ýa ony bereket kesegi etjek bolýarsyňyzmy?! — diýip, biziň tabagymyza tarap ümledi. Babamyň nämä kakdyrýandygyny aňsak-da, onuň «bereket kesegi» diýýänine düşünmändik. Muny soragly nazarlarymyzdan aňan babam:

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ösüşine bagyşlanan forum öz işine başlady

Şu gün — 9-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik meýdançasynyň öňünde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, geljegi uly mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýän iri forumdyr.

Döredijilik duşuşygy

Geçen anna güni Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Döwrüň döwletli gadamlary — halkymyzyň buýsanjy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Adalat» gazetiniň guran bu döredijilik duşuşygyna halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän tejribeli mugallymlardyr bilim alýan bagtyýar talyplar gatnaşdy. Watanperwerligiň, ösüş-özgerişli döwrüň, ynsanperwerligiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, milliligiň waspy ýetirilen duşuşykda kalby ylhamly halypalar many-maňyzly çykyş edip, ajaýyp goşgularyny okadylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynyň parasada ýugrulan setirleri edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýakynda TDP-niň Esenguly etrap komiteti etrap hassahanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa saglyk ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda her bir adamyň saglygyny goramak üçin alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle hem ata Watanymyzda saglyk öýleriniň, hassahanalaryň yzygiderli gurulýandygynyň  ähmiýeti barada aýtdylar.

Akyldar şahyryň sarpasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar halkymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden, dabaraly belläp geçýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň ençeme geçirildi. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi 60 metr bolan ýadygärligi açyldy, akyldar şahyryň eserlerini öz içine alýan «Magtymguly» atly kitap neşir edildi, Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Sanlyja günden Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigine has-da buýsanýarys.

Watanymyz — buýsanjymyz, göz guwanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşleriň we özgertmeleriň zamany. Oňa ösüşiň täze taryhy döwri diýlip aýdylmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde Watanymyzda ähli ugurlarda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar, uly sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar, Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz — bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris” diýip bellemek bilen, agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýolunyň ynamly dowam etdiriljekdigini nygtady. Munuň özi ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyryp, röwşen geljegimize bolan ynamymyzy artdyrdy.