Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs, Tejen etrap birleşmeleriniň hem-de medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda «Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda bolan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasynda Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli gutlaglar we ýagşydan ýagşy arzuwlar aýdyldy, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Sarahs we Tejen etraplarynyň artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahnalary, halkyň söýgüsini gazanan bagşy-sazandalaryň mahmal owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary gyzgyn garşylandy. Joşgunly aýdym-sazlar bilen sazlaşan milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlary ýakymly duýgulary döretdi. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy zähmetkeşlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.