"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýiten şalygyň yzlary Arheologlar Türkiýäniň Konýa sebitinde ýerleşýän Türkmen-Karahöýük atly ägirt uly gorganda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Şonuň netijesinde, bu ýerden ýiten gadymy şalygyň yzlary tapyldy. Hünärmenler dowamly geçiriljek gazuw-agtaryş işleri bu hökümdarlyk hakynda anyk maglumatlary berer diýip hasaplaýarlar. Ilki şol töwerekde ekin meýdanlary üçin aryk gazylýan mahaly tötänden täsin ýazgyly äpet daş tapylýar. Onuň ýüzündäki ýazgylaryň bürünç we demir asyryna degişlidigi anyklanyldy. Çikago uniwersitetiniň hünärmenleri haty öwrenip, onuň biziň eýýamymyzdan 3 müň ýyl ozal Frigiýa döwletiniň Anadoly hökümdarlygynyň üstünden gazanan ýeňşiniň hormatyna dikilendigini anykladylar. Geçirilen lingwistik barlaglar ieroglifleriň Frigiýanyň hökümdary Midasyň döwrüne degişlidigini çak etmäge mümkinçilik berýär. Paýtagt bolandyr diýlip hasaplanýan gadymy gorgan gülläp ösen döwründe 120 gektar meýdany eýeläpdir. «Biz Ýakyn Gündogar sebitiniň demir asyry barada täze maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolduk» diýip, degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Kanuny gatnaşyklar düzgünleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda her bir günümiz uly ösüşlere beslenýär. Kazyýet edaralarynyň işi adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaklyga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 18-nji maddasynda «Adamyň hukuklary hem azatlyklary eldegirmesizdir we olar adamyň elinden alnyp bilinmez. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda adamy haýsydyr bir hukugyndan we azatlygyndan mahrum etmäge ýa-da hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur” diýlip kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Karary esasynda tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini mysal edip görkezmek bolar. Çünki, bu Kodeksiň 1-nji maddasynda şu Kodeksiň döwlet we raýat arasynda hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgeleriniň we düzgünleriniň bellenilendigi kesgitlenendir. Şu Kodeksiň 6-njy maddasynda administratiw iş ýörelgesiniň esasy wezipeleri: administratiw edaralar bilen gatnaşyklarda kanunyň hökmürowanlygyny, fiziki şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridiki şahslaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmeklige, d

Jümle-jahan habarlary

Simsiz kuwwatlandyryjy

Watana hyzmat — ömrüň manysy

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň barha ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny bu ýokary okuw mekdebine dakmak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Milli Liderimiziň teklibi biragyzdan goldanylyp, bu babatda Mejlisiň Karary kabul edildi. Şu mynasybetli, öňňin — 13-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa bu bilim ojagynyň professor-mugallymlarydyr talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen halkynyň pähim-paýhas hazynasyndan orun alan, gündelik gepleşik dilinde häli-şindi ýygy-ýygydan ulanylyp ýörlen «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Ýagşydan at galar...», «Ýagşyny Älem arzuwlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» ýaly, adamlara ýagşylygy, haýyrly işleri, özüňden soňra ýakymly ýatlama, at-abraý galdyrmagy ündeýän, durmuş tejribesinden dörän

Arkadaga alkyş ýagýar çar ýandan

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynyň mejlisler zalynda bolup geçen dabaraly duşuşyk «Şöhrat Size, Arkadag — alkyş Size, Arkadag!» diýlip atlandyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan dabaraly duşuşyga Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky wekilleri, birleşigiň welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, şahsy we köpçülikleýin agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly duşuşykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarow çykyş edip, milli Liderimiziň eziz Diýarymyzy ähli babatda bedew bady bilen ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hakda giňden durup geçdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan daşary ýurtly türkmenleriň hem parahat, asuda durmuşy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan beýik işleri dünýä nusgalykdyr. Bu barada owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet Ýeňiş, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni merkeziniň ýolbaşçysy Hojamyrat Atamyrat öz çykyşlarynda giňişleýin aýtdylar. Şeýle

Belent borja ygrarlylyk

Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek jemgyýetde esasy meseleleriň biridir. Jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan ata-babalarymyzdan bize miras galan iň gowy häsiýetler bolan watansöýüjiligi, namysjaňlygy, lebzihalallygy, ýeke sözlüligi, mertligi, dürli kynçylyklary ýeňip geçmegi, rehimdarlygy, ejize goldaw bermegi, maksada okgunlylygy, ynsanperwerliligi ýaşlarymyzyň aňyna ýetirmek wezipesini amal etmelidigini hem-de bu jogapkärli işe örän oýlanyşykly çemeleşmelidigini durmuş tejribesi görkezýär. Terbiýe bermegiň möhüm kanunalaýyklygynyň biri-de adamlaryň özara paýhasly aragatnaşyk etmekleriniň we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklarynyň, olarda asylly jemgyýetçilik sypatlarynyň döremeginiň hem-de ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygydyr. Türkmen halkynda nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Her bir terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin bar. Şahsyýetiň aňynda, kalbynda milli ruhy kemala gelip, ol ene hüwdüsi, diňlän ertekileri, atalaryň gahrymançylykly hekaýatlary, ýaşulularyň öwüt-nesihatlary, bagşylaryň dessanlary bilen, öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişýär. Ata Watana, göbek ganyň daman topragyna, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesillere miras goýan maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç duýgulary tarp ýerden emele gelmeýär. Bu mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki, ilki

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GIJE MAHMAL PERDESINI ÖRTENDE Iňrik çöküp, göz çöp başyny saýgarman başlanda, ýagny garaňky düşüp, gije mahmal perdesini örtende, oýalykdaky durmuş arakesme alyp, nepesini durlap, uka berilmäge hyýallananda, köplenç, aňymda tersine bolýar. Onuň sahna perdesi syrylýar...

Bagtyýarlyk şäheridir Aşgabat

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Ak şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan döwrebap täsin ýaşaýyş jaýlarydyr dürli maksatly desgalar, ajaýyp ýollar, ösdürilip ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller, bularyň ählisi, türkmen döwletiniň beýik ösüşlerinden habar berýär. Gurulýan desgalaryň ählisi hem, gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, döwrebap şertleri bilen görenleri haýrana goýýar. Şunda Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze binalaryň — 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň, ajaýyp ýoluň dünýäniň

Gözelligiň mekany

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagt şäherimiz Aşgabat geçen sanlyja ýyllarda uly ösüşlere beslendi. Paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe getirilmegi, abadanlaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda oňyn netijelere beslenýär. Paýtagtymyzda alnyp barylýan giň gerimli, düýpli gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine gözüň düşende hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Elbetde, munuň özi paýtagtymyzyň has kämil şäherleriň biri bolmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda paýtagtyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap-joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslemek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şol sanda ak şäherimiz Aşgabatda ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän dürli baglar, pasyllaryň hersine mahsus bolan ajaýyp güller oturdylýar. Aslynda hem baglaryň we gülleriň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsirine, onuň töweregimizi gurşap alan tebigata üýtgeşik bezegdigine, şeýle-de adamlaryň saglygy üçin arassa howan

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar üçin ähli zat babatda amatly bolar. Sowukganly we parahat boluň, ähli arzuwlaryňyza ýetersiňiz. Hamallaryň durmuşynda uly zatlary wada berýän mümkinçilikler dörär. Bu döwürde önüm öndürýän hamallar önümçiligini giňeldip bilerler.

Dalaşgärler hödürlenildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna häzirki wagtda giňden taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäre bilen baglanyşykly işler welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Häzirki wagtda degişli kanunçylyga we kodekse laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Şu mynasybetli golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda Daşoguz şäher halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlemek meselesi girizildi. Mejlisiň başynda Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygy Begenç Myradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Soňra mejlisiň guramaçylyk meselelerine seredildi. Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy Babageldi Kurbanow çykyş edip, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemek barada öz teklibini aýtdy. Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzalary Batyr Otuzow, Döwletmyrat Saparmämedow, Bahar Atabaýewa dagy bolsa hödürlenen dalaşgärleriň syýasy sowatlylygynyň ýokarydygy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çärel

Üstünlikler wagyz edilýär

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz ýurdumyz ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda gazanýan belent ösüşleriniň netijesinde günsaýyn kuwwatly döwlete öwrülýär. Şonuň bilen birlikde-de, ylymda-bilimde, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini barha ýokary göterýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ähli şäherdir obalarda täze hassahanalar, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär, olaryň ozaldan bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna düýpli şertleri döredýär.

Dokmaçy zenanlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde «Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli dokma senagatyna degişli kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň dokma kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar. Bagtyýarlyk döwrümizde dokma senagatynda ýetilen belent sepgitleri açyp görkezmek, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň, lybaslaryň aýratynlygyny, ähmiýetini, gymmatyny wasp etmek, dokmaçy zenanlaryň tejribe alyşmaklaryna ýardam bermek maksadynda, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gaýrat geňeşliginiň medeniýet öýünde geçirilen bäsleşik ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy.

Wajyp wezipeler kesgitlenildi

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňümizde möhüm wezipeler durýar. Golaýda Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem geçen ýylda ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre TDP-niň etrap komiteti tarapyndan guralyp, oňa TDP-niň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Serdar Jumageldiýew, etrapdaky 14-nji we 16-njy orta mekdepleriň mugallymlary Bahar Gurbanmyradowa, Muhammetmyrat Durdyýew, etrapdaky 8-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Nurgeldi Garaýew çykyş etdiler. Olar 2020-nji ýylda bitirilen işlere seljerme berip, üstümizdäki ýylda ýetilmeli sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatda ýaşlaryň birnäçesi partiýa agzalygyna kabul edildi. 2020-nji ýylda zähmetde tapawutlanan partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ösüşli döwrüň talaby Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalar rowaçlyklara beslenýär. Netijede, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşap, abadan geljegine ynamly gadam urýar. Bularyň hemmesiniň gözbaşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durýandygy guwanjymyza guwanç goşýar.

Ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi

Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdepde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada çäre geçirildi. Onuň dowamynda okuwçylara interaktiw enjam arkaly ýollarda pyýadalaryň borçlary baradaky wideoşekil görkezildi. Şeýle-de, okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerine bolan düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine has oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda raýatlarymyzyň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy. Soňra mekdebiň kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri esasynda guralan sergä syn edildi. Halkymyza ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.

Bagt bagynyň bägülleri

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy ― dokmaçy gelin-gyzlar» diýen at bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran bu bäsleşigine welaýatymyzyň dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň köpsanlysy gatnaşdy. Bäsdeşler dört tapgyr boýunça öz şahsy başarnyklaryny görkezdiler. Olar bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» kitabyndan bölekleri ýatdan aýtdylar, milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilişi dogrusynda gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda gelin-gyzlar gadymy milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň aýratynlyklaryny, gelip çykyşyny gürrüň berýän slaýd usuly bilen taýýarlan şekillerini ýörite ekranda görkezdiler. Täze usullara esaslanýan bäsleşigiň bu şertine laýyklykda taýýarlanylan slaýdlarda ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz millilik ruhunda täze röwüşde janlandyryldy.

Hukuk terbiýesi — geljegi nazarlaýan iş

Hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, «Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanan, 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam eden, ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly bütin türkmen halkymyz bilen birlikde, biziň bilim ojagymyzda hem okuw-terbiýeçilik işlerini mynasyp alyp barmakda beýik mekdep bolup durýar. Çünki, döwletimizde ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi hem-de bu ulgama ornaşdyrylýan ýokary hilli tehnologiýalar talyp ýaşlarymyzyň ählitaraplaýyn kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bagtyýar talyp ýaşlarymyz ylmy tehnologiýanyň gazananlaryny üstünlikli ele almakda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde, ylmy işler, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz, sungat bilen meşgullanmakda öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli tagallalar edilýär.

Buýsançly waka

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bilen «Türkmenistan: Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň işgärleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň maşgala durmuşynda bolan özgerişler, ösüşler barada olaryň berýän buýsançly gürrüňleri, özleriniň ýürek arzuwlaryny wysal eden, baky bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlere beslenen ýürek buýsançlary sanly ulgam arkaly, göni wideoaragatnaşygynda, onlaýn görnüşinde teleýazgy edilip, ýaýlyma berildi. Teleýazgynyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar ýurdumyzda ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny giňden dabaralandyrýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden egsilmez sagbolsunlaryny aýdyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orunda durýandygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Olar: «Men Türkmenistanyň raýaty» şeýle belent heň bilen ýaňlanan bu mukaddes jümläniň her bir adamyň kalbyndan syzylyp çykmagy, adamlaryň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup, ýüreklere ornady.

Saýlaw möwsüminde

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny düýpli kämilleşdirmegiň barşynda üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde iki palataly parlament ulgamy girizildi. Şundan gelip çykýan wezipeleri çözmek üçin yglan edilen saýlaw möwsümi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolmak bilen, ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň üpjün edilmeginde we ykdysady kuwwatlylygynyň has-da ýokarlandyrylmagynda, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ýokary derejede üpjün edilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da abadanlaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar bilen baglylykda, şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan ýurdumyzda saýlaw möwsümi başlandy. Saýlaw möwsümi Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.