Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi
«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Her bir döwletli işi, beýik tutumlary maslahatlaşyp, geňeşip amala aşyrýan ata Watanymyzyň üstünlikleri, ýeňişleri sanardan kän. Häzirki wagtda ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär.