"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň maksaAtlara görä toparlara bölünişi:

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bazar we marketing

Bitkoiniň bahasy ýene ýokarlandy

Bitkoiniň bahasy barha ösmegini dowam edýär. 21-nji noýabrda kriptowalýutanyň hümmeti geçen hepdä seredeniňde, 4 göterim ösüp, 98 207 amerikan dollaryna ýetdi. Ýeri gelende bellesek, bitkoiniň bahasy soňky üç hepdäniň dowamynda 40 göterim gymmatlady.

«Starbucks» hytaý paýyny satmagy meýilleşdirýär

Kofe ulgamynda dünýä belli «Starbucks» amerikan kompaniýasy hytaý bazaryndaky paýynyň belli bir bölegini satmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi aýdýar. Hytaý «Starbucks» üçin ABŞ-dan soňra iň köp girdejili bazardyr. Kompaniýa geçen ýyl Hytaýda 3 milliard amerikan dollary girdeji gazandy. Şeýle-de ýurduň çäginde 7,6 müň kofehanalaryň ilata hyzmat edýändigi bellärliklidir.

Altyn gymmatlaýar

UBS şweýsar bankynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda bir unsiýa altynyň bahasy 2900 amerikan dollary möçberinde bolar diýip çaklaýarlar. 2026-njy ýylda bolsa altynyň 2950 amerikan dollardan bahalanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bir unsiýa altynyň bahasy 2630 amerikan dollary möçberinde bolup, ol ýylyň başyndan bäri 28 göterim gymmatlady.

Ilon Mask ilkinji

Amerikaly milliarder Ilon Mask dünýäde ilkinji bolup «X» sosial torunda yzarlaýjysy 200 milliondan geçen adam boldy. Häzirki wagtda onuň yzarlaýjysynyň sany 205 milliona ýetdi. Bu sanawda Maskyň yzýanyndan Barak Obama (131,2 million yzarlaýjy), Kriştianu Ronaldu (113,8 million yzarlaýjy), Jastin Biber (109,7 million yzarlaýjy) hem-de Rianna (108,2 million yzarlaýjy) gelýär. Maglumat üçin, «X» sosial torunyň häzirki eýesi Ilon Mask bolup, ol platformany 2022-nji ýylda 44 milliard amerikan dollaryna satyn alypdy.

Tebigy gazyň gazylyp alnyşy artýar

Norwegiýada 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda 10,57 milliard kub metr tebigyz gaz gazylyp alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3,6 göterim köpdür. Ýurtda ýanwar — oktýabr aýlarynda gazylyp alnan tebigy gazyň umumy mukdary bolsa 104,1 milliard kub metre barabar bolup, ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli ýokarydyr. Bilermenler Norwegiýanyň tebigy gazyň gazylyp alnyşyny yzygiderli artdyrmagynyň esasy sebäbiniň Ýewropanyň energetika bazarynda bahalaryň we üpjünçiligiň durnuklylygyny gazanmakdygyny belleýärler.

Ýaponiýanyň eksporty artýar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň eksporty 3,1 göterim ýokarlandy. Agzalan aýyň jemi boýunça Ýaponiýa eksportdan 60,7 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Ýurduň eksporty Hytaýa 1,5 göterim, Russiýa 52,8 göterim, Hindistana 18,9 göterim artdy. Muňa garamazdan, şol döwürde ýurduň eksporty ABŞ-a 6,2 göterim, Germaniýa 9 göterim, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara 11,3 göterim peseldi.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

Niderlandlar Korollygy Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde ýokary hünärli işçi güýjüne eýe bolan, kämil infrastukturalary döredilen, ykdysady taýdan has ösen döwlet hökmünde tanalýar. Bu ýurduň möhüm pudaklaryna maşyn gurluşygy, elektron, nebithimiýa, gämi gurluşygy, gara metallurgiýa, dokma, mebel we kagyz senagatlary degişlidir. Jemi içerki önümiň 73 göterimi hyzmatlar gurşawynyň paýyna düşýär. Hyzmatlar gurşawynda ulag we aragatnaşyk, karz we maliýe, ylmy-barlag we tejribe konstruktorçylyk işleri, bilim, halkara syýahatçylyk, işewürlik hyzmatlary agdyklyk edýär. Niderlandlarda «Royal Dutch Shell», «Unilever», «Royal Philips Electronics» ýaly transmilli kompaniýalarynyň ştab-kwartiralary we önümçilik desgalary ýerleşýär.

Ykdysadyýet ylmynda täze ugur — maglumatlar ykdysadyýeti

Maglumatlar ykdysadyýeti (Data economics) — ykdysadyýet ylmynda täze ugur bolup, ol häzirki zaman ykdysadyýetinde maglumatlaryň ornuny, olary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň, ýaýratmagyň we ulanmagyň usullaryny öwrenýär. Bu ugurda işleýän alymlar maglumatlaryň nädip ykdysady gymmatlygy emele getirip bilýändigini, olaryň nädip bazarlaryň düzümini, işewürlik modellerini we döwlet dolandyryşyny üýtgedýändigini öwrenýärler. Şeýle ylmy barlaglar ykdysady gymmatlygy döretmek, töwekgelçilikleri azaltmak we innowasiýalar bilen sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň arasynda deňagramlylygy saklamak üçin maglumatlary nädip dogry ulanmalydygyna düşünmäge kömek edýär. Sanly üýtgeşmeler şertlerinde maglumatlar, edil nebit ýa-da altyn ýaly esasy ykdysady çeşmä öwrülýärler, olaryň pula çalşylmagy, düzgünleşdirilmegi we goralmagy meseleleri bolsa wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky käbir öňdebaryjy alymlar — «Google» kompaniýasynyň baş ykdysatçysy Hel Werian maglumatlaryň ykdysadyýet ylmyna täsirini öwrenýär, şeýle-de Erik Brinýolfsson we Awinaş Kolkarn sanly ykdysadyýet we awtomatlaşdyrma meseleleriniň üstünde işleýärler. Maglumatlar ykdysadyýetiniň esasy jähetleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Çaýyň iň meşhur görnüşleri

Dünýäde çaýyň 200-e golaý görnüşi bar. Olaryň 8 görnüşi adamlaryň arasynda has-da meşhurlyga eýedir. Olar şulardan ybarat: gök çaý, gara çaý, ak çaý, gyzyl çaý, sary çaý, mate çaýy, puer çaýy hem-de ulun çaýy. Ýeri gelende belläp geçsek, Hytaý dünýäniň iň öňdebaryjy çaý ösdürilip ýetişdirilýän ýurtlarynyň hatarynda birinjiligi eýeleýär. Ýurduň çäginiň aglaba bölegini çaý ekilen meýdanlaryň eýeleýändigi hem aýratyn bellärliklidir.

Birinji ýarymýyllykda çaý eksporty 2,2 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň çaý eksporty 2,2 göterim artyp, 196,4 müň tonna ýetdi. Ýurduň çaý importy bolsa 41,5 göterim ýokarlanyp, 24,4 müň tonna deň boldy. Onuň bahasy bolsa 72 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa görkezijiniň 10,1 göterim ýokarlanmagydyr.

1 kilogramy 1 million 200 müň amerikan dollara deň

Dünýäde iň gymmat çaýlaryň ikisi hem Hytaý Halk Respublikasynda ýetişdirilýär. Iň gymmat bahaly çaýlaryň biri «Wuyi Tea» diýlip atlandyrylýar. Çaý ýurduň demirgazygynda Fuzýan welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň bir kilogramynyň bahasy 6500 amerikan dollaryna deň. Dünýädäki iň gymmat çaýlaryň ýene biri «Da Hong Pao» diýlip atlandyrylyp, ol Hytaýyň Wi daglarynda bitýär. Onuň bir kilogramynyň bahasy 1 million 200 müň amerikan dollaryna deňdir.

Türk­me­na­bat­da Öz­be­gis­tan­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň mil­li ser­gi­si

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 2024-nji ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­lar top­lu­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ikin­ji se­bi­ta­ra fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­rilen Öz­be­gis­tan­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň mil­li ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Düýn — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy

Gatnaşyklary açmakda-da, berkitmekde-de, ösdürmekde-de, ilki bilen, haýyrly boljak, oňyn ýollar gözlenilýär. Ynsanlaryň kalbyna barýan sahawat, ýagşylyk ýollary durmuşa many berýär. Onuň manylaryndan mazmunlar döräp, il-ýurt bähbitli sahawatly işleriň binýady emele gelýär. Uludan-uly ähli zatlaryň kiçiden-kiçi materiýalardan düzülişi ýaly, halkara gatnaşyklaryndaky umumadamzat ähmiýetli beýik ýörelgeler hem parasatly döwlet işgärleriniň ählumumy bähbitleri nazarlaýan taglymatlaryndan döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň dür paýhasyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy onuň buýsançly dabaralanmasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Halkara jemgyýetçiliginiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalaryna  bildirýän beýik buýsanjyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyk dünýäde parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara barýan ajaýyp dostluk ýoluny açdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň jebis bir maşgaladygy, nesillerimize parahatçylygy miras goýmak ýaly çuňňur filosofiýasynyň ähmiýetini giňişleýin açýan waka boldy.

Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi nähili amala aşyrylýar

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 348-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi operatiw-agtaryş çäresi bolup durýar, onda operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň rugsady bilen we gözegçiligi astynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine, bu çäkden alnyp gidilmegine ýa-da bu çäkde getirilen harytlaryň ondan-oňa geçirilmegine ýol berilýär. Harytlar gümrük serhedinden geçirilende gözegçilikli ibermek harytlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlaryň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Sanly çözgütler

Ýakynda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmagy maksat edinýän bu halkara forumyň her ýylda geçirilmegi bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Möhüm ulgam — ROWAÇ MENZILLERDE

Ýurdumyzda ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarylmagyna yzygiderli üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şeýle netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerde, sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň ykdysady giňişligine girmegiň we ony ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.

Çar ýana uzaýar nurana ýollar

Ulag babatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda diňe soňky ýyllarda döwletimiziň öňe süren başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň birisi geçen ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamadyr. Her ýylyň 26-njy noýabrynda dünýä ýurtlary bu güni dabaraly belleýärler. Ýurdumyz täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkeze öwrüldi. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ösdürmekde öňbaşçy bolmaga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ulag babatyndaky ösüşler iňňän ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Ulag babatyndaky ösüşleriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ýaly asylly başlangyjy durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça halkara derejeli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ata Watanymyz yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem işjeň gatnaşýar, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmaga aýratyn uly goşant goşýar.