Pakistanyň mandarinleri özbek bazarynda elýeterli boldy
Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde hereket edýän supermarketlerde Pakistan mandarinleri satuwa çykaryldy. «EastFruit»-iň hünärmenleriniň bellemegine görä, özbek bazarynda elýeterli bolan mandarinler pakistanly daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen hasylyň ilkinji tapgyrydyr. Mandariniň 1 kilogramynyň bahasy 1,02 amerikan dollary bolup, bu Özbegistana başga ýurtlardan getirilýän mandariniň nyrhyndan tas 1,5 esse arzandyr. Soňky ýyllarda Özbegistanyň mandarin importy ýokarlanýar. Ýurt 2022-nji ýylda 63,6 müň tonna mandarin satyn aldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyldakydan 1,8 esse, 2020-nji ýyldakydan bolsa 2,8 esse köpdür. «EastFruit»-iň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, şu ýylyň ahyrynda Özbegistan getirilýän mandariniň umumy mukdary 65 — 75 müň tonna aralygynda bolup biler.