Şu gün Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirilýär
Şu gün, 20-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkezinde türkmen-german işewürlik forumy geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljak bu foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Energetika, Dokma senagaty, Oba hojalyk ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýetiniň, Halkara habarlar merkeziniň, «Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (NAPECO), Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar. Şeýle-de GFR-e German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «Bank GPB International SA» ban