Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr
Täze taryhy eýýamymyzyň ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde kerwen gurap geçýän aý-ýyllary halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň töwereginde mäkäm jebisleşip, milli Liderimiziň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça taýsyz tagallalaryny goldaýandygyny aýan edýär. Şu maksat bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Şu syýasatyň, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadançylygy üpjün edilýär, ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Her bir üstünlik täze zähmet ýeňşini gazanmaga höweslendirýär, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň subutnamasydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň toplumlaryny ösdürmek boýunça golaýda geçiren iş maslahatlarynda, şonuň ýaly-da Hökümetiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň