"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hasyl bolan arzuwlar

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde adam hukuklaryny berjaý etmekde Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty esasynda, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynda adam baradaky aladalaryň ilkinji orunda durýandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi, işgärlerimiz üçin döwrebap şertleriň döredilmegi, her bir harby gullukçynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, raýatlarymyza ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi üçin kämil, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy biziň işe bolan hyjuwymyzy artdyrýar we harby gulluga bolan borçlarymyzy has-da ýokarlandyrýar.

Döwrüň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak, toýlary uludan tutmak ajaýyp däbe öwrüldi. Baýramçylyk dabaralarynyň halkara derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň giňden wagyz edilmegi, dünýä nusgalyk syýasaty durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň mertebesini has-da belende göterýär. Şol dabaralaryň içinde halkara we ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň, medeni sport çäreleriniň, media-forumlaryň, brifingleriň we metbugat konferensiýalarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Üstünlige rowana

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Bedew bady bilen öňe batly gadamlar urýan mähriban Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde ýene bir şatlykly habar yglan edildi. Ýagny, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Netijede iň gowy etrap diýlip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda degişli resminama gol çekmegi bizi şatlandyrdy.

Beýik işleriň badalgasy

Täze taryhy eýýamda döwletimiziň berkararlygyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny dabaralandyrýan işleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti we çuňňur paýhasyndan, oýlanyşykly hem öňdengörüjilik bilen kabul edýän çözgütlerinden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararlary halka daýanyp amala aşyrýan beýik işleriň badalgasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerini, iş maslahatlaryny geçirende döwlet durmuşyna degişli meselelere garap, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, olaryň her biri boýunça çözgütleri kabul edýär.

Bagtyýarlygyň aýdyň nyşany

Döwlet özygtyýarlygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar berkidilen. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Bu taryhy sene ähli ildeşlerimizi buýsanja besleýär, göwün guşuny ganatlandyrýar. Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň örän arzylydygy medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgusynda beýan edilendir. Şahyryň: “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwynyň Garaşsyz döwletimizde amala aşandygynyň mysalynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde has rowaçlanýandygynda aýdyň görünýär.

Milli ýörelgeleriň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine badalga bolýar. Milli Liderimiziň ýöredýän hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Asudalyk, parahatçylyk, erkinlik şemaly çaýylan Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda berkarar bolan türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän taslamalar giň göwrümliligi, milliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň her obanyň, şäheriň, welaýat we etrap merkezleriniň gülläp ösüşlerini üpjün etmek maksatnamalary esasynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler halkymyzyň bagtyýarlygynyň güwänamasydyr. Ýurdumyzda gurluşyklaryň gerimi gün-günden giňeýär. Gurulýan owadan, kaşaň binalaryň sany barha artýar.

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

DAŞOGUZ WELAÝATY, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Bagtly ýylyň toý şatlygy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde bagtyýarlyk döwrümiziň hözirini görüp, ajaýyp durmuşda ýaşaýan, halal zähmet çekip, döwletli ojaklarynyň rysgal-berekedini goşalandyrýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilaty uly şatlyk hem-de buýsanç bilen toý toýlady. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu etrabyň ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilmegi, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, etrap häkimligine bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň gowşurylmagy toý-baýramçylygyň iň gözel bezegine öwrüldi. Nurnepes JUMAÝEW,etrabyň Biruny geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiden hat geldi. Onda: «Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim» diýlip bellenilýär.* * *16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Dalaşgärler hödürlenilýär

Şu günler welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäräniň guramaçylykly, kanunçylykda bellenilen tertipde we möhletlerde geçirilmegi ugrunda aladalanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Şu güne çenli welaýat halk maslahaty, Köýtendag, Döwletli, Darganata, Saýat, Farap, Dänew, Çärjew etrap halk maslahatlary we Türkmenabat şäher halk maslahaty tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler görkezildi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ilaty et we et önümleri, şöhlat bilen üpjün edýän dükanlaryň ýene birisi işe girizildi. Ol «Wilant, S» hususy kärhanasyna degişli dükandyr. Dükanyň çäginde önümçilik sehiniň hem ýerleşmegi ter önümleri dessine alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkeziniň ilaty suw-sport toplumynyň golaýyndan geçýän köçäniň ugrunda ýerleşen onlarça hususy söwda kärhanalarynyň arasynda işläp başlanyna ýaňy bir aý bolup barýan, ýöne eýýäm ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürlere öz hoşallyklaryny aýdýarlar. Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanylýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşleriniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda ýörite öz hojalygyny hem döretdi.* * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginde «Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy has-da pugtalandy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Köpasyrlyk tejribä, medeni ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmegi, goňşy ýaşaýan halklaryň taryhy ykballarynyň bitewiligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Türkmen bagtyýarlygynyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk taglymatynyň rowaç almagy bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirkizaman diplomatiýasy barha kämilleşýär. Bu günki gün biziň döwletimiziň diplomatiýasy, sözüň doly manysynda, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, parahatçylyk medeniýetini döretmegiň we özara ynamy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýär. Hut şu mynasybetli şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenýär. Bu baýramçylyk senesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Aşgabat — sazlaşykly gözellikleriň mekany

Mähriban Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylymyz şatlyk-şowhuna, rysgal-berekete we uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz ýurdumyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýylyň ilkinji günlerinden ähli halkymyz hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gazanylan ösüşler baradaky maglumatlar, Gahryman Prezidentimiziň durnukly ösüşi üpjün etmek üçin kesgitläp beren aýdyň wezipeleri bagtyýar geljegimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenýändigine bolan ynamy has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryň goýlandygy, geçen ýylyň özünde hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berlendigi barada aýdanlary, Bitarap ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuww

Milli diplomatiýamyzyň dabaralanmagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ähli halkymyz üçin şu ýyl aýratyn tapawutlanýan ýyllaryň biri hökmünde taryha girer. Çünki bu ýyl döwletimiziň syýasy taýdan özbaşdak, özygtyýarly ýurt diýlip yglan edilmegine laýyk 30 ýyl dolýar. Döwletimiziň 30 ýyllyk taryhyna, hususan-da daşary syýasatda gazananlaryna ser salsak, üstünlikleri sanap çykmak üçin köptomluk kitaplar ýazylmaly bolardy. Ýöne şol üstünlikleriň göwher gaşy bolup lowurdaýan daşary syýasat işinde gazanylan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barada buýsançly gürrüň etmezlik welin, mümkin däldir.

Ýüregimiz buýsançdan doly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ynsan mertebesi belentde tutulýar. Muny döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işleriň beýanynda görmek bolýar. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, halkymyz şatlykly habarlaryň birnäçesiniň şaýady boldy. 12-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi. Onda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlara, degişli Kararlaryň taslamalaryna seredildi.

Yhlasyň, hyjuwyň, zähmetiň joşguny

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da belende galdyrmak üçin Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär. Bular barada hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda iň ösüşli zamanada — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba-şäherlerini, şol sanda şu ýyl esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady öňküdenem gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem giň gerimde ýaýbaňlanýar. Ýeri gelende aýtsak, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 4

Ösüşleriň täze sepgitlerine

Şöhratly taryha eýe bolan, adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-Asmanda parlaýan Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki halkara abraýy has-da artýar. Şeýle abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini Arşa göterýär. Gysga döwrüň içinde halkara gatnaşyklarynyň we dostlukly hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz alyp barýan daşary syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýär. Eziz Watanymyzda geçen 2020-nji–— «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik işler amala aşyryldy, rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetildi. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyp, a

«Garaşsyz ýyllarda baky ömür bar»

Bagtyýar halkymyza her ýyl öz berekedi hem ruhy joşguny bilen gelýär. Biz geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlik bilen bellän bolsak, onda üstümizdäki 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny tutuş halkymyz bolup zähmet ýeňişlerimiz bilen mynasyp garşylamagyň aladasynda. Goşa ganatymyza meňzedýän mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz bizi parahat ýurduň bagtyýar raýatlary hökmünde Ýer ýüzünde aýratyn tapawutlandyrýar. Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, nurana geljegi mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglydyr. Onda merdana pederlerimiziň arzuw-islegi, erk-ygtyýary, ýaş nesillerimiziň bagtly şu güni, eşretli ertiri bar. Ata-babalarymyzyň köňül islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda wysal boldy. Garaşsyzlyk bagtyýar milletimiziň ruhuna belentlik, mertebesine şan, nesline dowamat berdi. Nesiller onuň beren bagtyna, ömürlere nur çaýan manysyna aýdyň düşünýär. Bu gün ýaşlar pederleriň islegine, enelerimiziň arzuwyna eýlenip, ýurda dolan garaşsyz durmuşyň gujagynda şadyýan ýaşaýar. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege mizemez ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky sö

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany

Asuda döwrümiň waspyn ýetirip, Bagtyýar ilimiň saýraýar dili.