"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

«Faraonlaryň altyn ýörişi» Golaýda Kairiň merkezindäki Müsüriň milli muzeýinde saklanylýan gadymy mumyýalaryň 22-si Müsür siwilizasiýasynyň täze milli muzeýine dabaraly ýagdaýda göçürildi. Bu muzeý ýurduň gadymy Fustat etrabynda ýerleşýär. Bu ýer müň ýyldan gowrak mundan ozal Kairiň düýbüniň tutulan ýeri hasaplanylýar. Göçüşlik mynasybetli guralan dabara «Faraonlaryň altyn ýörişi» diýen ady alyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Mumyýalaryň 18-si faraonlara we 4-si gadymy Müsüriň aýal hökümdarlaryna degişlidir. Ýöriş Gün ýaşandan soňra başlandy. Niliň kenaryna çykylmanka, ýörişe gatnaşýan ulaglar Tahrir meýdançasyndaky keramatly oduň daşyndan simwoliki aýlaw etdiler. Müsür üçin möhüm bolan mumyýalaryň göçüriliş dabarasy ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan, şeýle hem göni ýaýlym arkaly giň halk köpçüligine ýetirildi.

Bulary bilmek gyzykly

TOTUGUŞ-BALYK Ummanlaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi köpöwüşginliligi, dürli-dürlüligi bilen örän täsin galdyrýar. Olaryň geň galdyryjy daşky keşbi, ýaşaýyş aýratynlyklary, häsiýeti mydama adamzady gyzyklandyrýar. Köplenç «şadyýan balyk» diýlip hem atlandyrylýan totuguş-balygyň ýüz keşbi mydama gülüp duran ýaly görünýär. Bu balygyň esasy aýratynlygynyň biri-de, olaryň ösdügi saýy reňkleriniň üýtgäp, has açyk öwüşginlere geçýändigidir.

Şagallar we towuk eýeleri

Türkmen milli oýny Bu oýun örän şagalaňly bolup, haýwanlara, guşlara, tebigata bolan söýgini beýan edýär. Oglan-gyzlar deň ikä bölünýärler. Her topardan bir adam orta çykandan soň, çagalaryň biri şol iki adamyň arasynda durup, «şagallar» we «towuk eýeleri» toparlaryny anyklamak üçin şu sanawajy sanaýar:

Piller barada

Haýwanat dünýäsi Piller iň iri jandarlaryň biri bolup, Hindistanda, Afrikanyň tropiki tokaýlarynda ýaşaýarlar. Olaryň aýdym-saz duýujylyk ukyby, şeýle-de ýatkeşligi diýseň güýçli. Bu täsin haýwanlar zyýanly mör-möjeklerden goranmak üçin, köplenç hapa suwy üstünden guýýarlar. Şol hapa suwlar endamynda gurap, zyýan berijilere garşy gatlak bolup hyzmat edýär. Olar haýal bolsa-da, suwda örän gowy ýüzüp bilýärler.

Tebil tapyp, rowşan tursa

Şahyryň ussatlyk bilen wasp edişi ýaly, bahar gelse, tebigat janlanýar, läle-reýhan güller parç bolup açylýar. Şonuň bilen birlikde, ynsanlaryň göwni hem joşa gelýär. Şeýle pursatlarda tebigata gezelenje çykyp, onuň täsinliklerini, gözelligini synlap doýup bolmaýar. Alabahar günlerinde gök gübürdäp, maýylganlyk bilen ýagyş ýagyp, ertesi-de Gün çyksa dagy, bar onsoň... Bahar bereketli gelse, Köpetdagy alkymlap oturan obamyzyň daş-töweregi, dag etegindäki düzlükler, baýyrlyklar gözel görnüşe eýe bolup, ol ýerlere maşyndyr motorly, welosipedli ýa-da pyýada kömelek çöplemäge, çigildem gözlemäge gezelenje çykýan uly ýaşly adamlar, çagalar köpelýär. Türkmenbaşy — Aşgabat ýokary tizlikli awtoulag ýolundan geçip barýanlar, eziz Diýarymyzda mukaddes ýerleriň biri bolan Parawbibi aramgähine zyýarata gelýänler hem olara goşulyşýarlar.

Ýaşylbaş sonalar — kenara bezeg

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde 300-e golaý dürli görnüşli guşlar gabat gelýär. Olaryň içinde köpçülikleýin duş gelýän aw guşlary hem-de seýrek, ýitip barýan görnüşler hem bar. Hazar deňziniň kenarýaka suwlarynda, şol sanda suw-batgalyk guşlarynyň köpçülikleýin ýygnanýan ýerleri bolan Türkmenbaşy, Balkan aýlaglarynda ala ördek, tauty guw, sakarbarak, ýaşylbaş, sakarja ördek, gylguýruk ördek, jünekeý ördek ýaly dürli görnüşli guşlaryň müňlerçesiniň garkyldaşyp, ýüzüp ýörüşlerini göreniňde göwnüň açylýar. Kenar ýakasyna çykyp, silkinişip daranýan owadan ýaşylbaş sonalar hem bada-bat ünsüňi özüne çekýärler. Olar köplenç süri bolup gezýärler. Toýnuk, kese çyzyk gurap, asmanda dowamly uçýarlar. Mäkiýan ördekler howp abanýan mahaly ýaraly ýaly hereket edip, ýyrtyjy haýwanlary, adamlary öz höwürtgesinden daşlaşdyrmaga çalyşýarlar. Ýaşylbaş ördekler Hazar deňzinden Amyderýa çenli aralykda uçup geçýärler, höwürtgeleýärler, gyşlaýarlar, bir bölegi oturymly ýaşaýar. Deňziň, kölleriň, suw howdanlarynyň, suw joşgunyndan dörän suwlaryň we düzlüklerdäki suw ýataklarynyň kenarlarynda gezýärler. Gyşyna suwarymly ýerlerde duşýarlar.

Bir belent ykbal sen, türkmen bedewi!

Gahryman Arkadagymyzyň parasat düründen döwrümize, ömrümize ýalkym saçýan bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty aýratyn bir ähmiýete eýe boldy. Gadym döwürlerden bäri türkmen ýigitleriniň uçar ganaty, ýoldaşy hem göwündeşi hasaplanyp gelnen bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ýaşaýyş-durmuşyndaky rowaçlyklaryň we şowlulyklaryň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup, ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň-da, çarpaýa galyp dur. Şan-şöhraty dünýä ýaýran halkymyz alma gözli, gyz gylykly, ýelden ýüwrük bedewleri bilen uzak ýyllary külterläp, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetdi. Özem geçen döwürleriň nähilidigine seretmezden, syrdaş hasaplan atlarynyň şöhratyny ynsanlyk at-abraýy ýaly belent saýyp, mertebesini arşa göterdi. Halkymyzyň durmuşynyň görnetin beýany bolan kyssalarda, dessanlarda we ertekilerde bedew atlarymyzyň elmydama goç ýigitlerimiz bilen bitewülikdäki keşbi il-ulsuň ykbalyna täsir edip, durmuşynyň hemaýatkäri saýylýar.

Tikenli jandarlar hakda täsinlikler

Kirpijikler dünýä inenlerinde bir sagat geçer-geçmez, olaryň arkalary kiçijik akja hem-de garaja iňňejikler bilen örtülmäge başlaýar. Iki hepdäniň dowamynda bolsa bu tikenjikler ösýär, galňaýar we gatamak bilen bolýar. Her tikeniň diametri 1 millimetre, uzynlygy bolsa 2-3 santimetre çenli ýetýär. Kirpijikleriň bedeninde 16 müňe golaý tikenjigi bolýar.

Diňe düýedarçylyga degişli

Ýuwaş düýe ýolda ýagşy, ýuwaş at — elde. *  *  *

DAŇ HORAZY

Wagty bilmek islendik döwürde hem adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolupdyr. Şonuň üçinem ony dürli döwürlerde dürli usullaryň, gurallaryň üsti bilen kesgitläpdirler. Taryhdan bilşimiz ýaly, adamlaryň aň-düşünjesi ösüp ugrandan soň, güni, aýy, ýyly kesgitleýän senenamalar döredilipdir. Ylym-bilimiň ösmegi bilen, alymlar tarapyndan dürli görnüşli senenamalardyr gije-gündiziň dowamynda wagty görkezýän sagatlar oýlanylyp tapylyp, olar has-da kämilleşdirilipdir. Eýsem, biziň ata-babalarymyz günüň wagtyny nähili anyklapdyrlar? Daňyň atmagy, Günüň dogmagy, guşluk çagy, günorta, öýle, ikindi, Günüň ýaşmagy, gijäniň ýary ýaly tebigy ýagdaýlar arkaly günüň wagtyny kesgitläpdirler.

Täsin jandar

Gözel tebigatda täsin ösümlikdir jandarlara duş gelinýär. Şeýle özboluşly jandarlaryň biri-de kwokkadyr. Kwokka ady bilen tanalýan bu täsin jandara adatça Awstraliýa yklymynda gabat gelmek bolýar. Ol, esasan hem, adalarda ýaşamaga uýgunlaşandyr. Kwokka jandary barada aýdanymyzda, onuň ortaça agramy 2,5 — 5 kilogram aralygynda bolup, boýy 40 — 54 santimetre barabardyr. Göräýmäge kenguru jandaryna meňzeýändigine garamazdan kwokkalar kiçiräk agaçlara dyrmaşmaga ukyplydyr. Olar 2 metr beýiklige çenli dyrmaşmagy başarýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, olar ortaça 10 — 15 ýyl ýaşaýar. Kwokkalar köplenç gündiz ýatyp, gijelerine hereketde bolýar. Olar gök otlar, ýapraklar we dürli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Gök otlar bilen iýmitlenýändigine garamazdan, bu jandarlar suwy ýygy-ýygydan içýär. Mähriban çagalar! Kwokka jandaryny suratda synlan bolsaňyz, olar örän şadyýan görünýändir. Haýwanlarda bu özboluşly aýratynlyk juda seýrek gabat gelýär. Şonuň üçin kwokkalar dünýäde iň şadyýan jandar hasaplanýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu täsin jandarlara 1600-nji ýyllardan bäri duş gelinýär. Kwokkalaryň watany Awstraliýanyň Rottnest we Bold adalary hasaplanýar. Bu ýere dünýäniň iň şadyýan jandaryny görmäge gelýän jahankeşdeleriň sany barha artýar. Onuň ýylgyryp duran nurana ýüzi, gülküli hereketleri syýahatçylaryň göwnüni göterýär. Kwokkalar käbir goraghanalarda goralyp saklanylýar

Sähra bedewleri ylmy taýdan öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 3-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň dag eteklerinde, sähralarda, Garagum sährasynyň jümmüşinde bar bolan sähra bedewleriniň genetikasyny, tohumyny we seleksiýasyny hem-de olaryň gelip çykyşyny ylmy taýdan öwrenmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleriniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we «Türkmenistan» teleýaýlymynyň şeýle-de Balkan welaýatynyň ýerli teleoperatorlarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ilkinji iş sapary amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda hem sährada aýry-aýry topar bolup, gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet bermelidigi barada aýtdy.

Biziň bedewleriň bady bar, bady!

Ýurdumyzyň hünärmenleri sähra bedewleriniň aýratynlyklaryny öwrenýärler Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär. Müňýyllyklardan gözbaş alan türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi ýaly, dünýä nusgalyk milli gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam etdi. Türkmen sähralarynda hem-de dag eteklerinde mekan tutan sähra bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek bu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugrudyr.

Ýurdumyzyň hünärmenleri sähra bedewleriniň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär. Müňýyllyklardan gözbaş alan türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi ýaly, dünýä nusgalyk milli gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam etdi.

Täsin jandarlar

Haýwanat dünýäsiniň wekilleri biri-birinden diýseň tapawutly bolýarlar. Olaryň arasynda şatlama aýaza çydamlylary-da, jokrama yssyda ençe günläp suwsuz oňýanlary-da bar. Eýsem, olaryň ýürekleriniň işleýşinde nähili tapawutlar barka? Men şu sowala jogap tapmak maksady bilen, internet sahypalaryndan üýtgeşik maglumatlary öwrendim. Ynha, olar bilen siz hem tanşyp bilersiňiz. — Ýiti burunly gyzylguýruk syçanlar iň çalt urýan ýürekli jandarlaryň biridir. Onuň ýüregi minutda 1200 gezek urýar. Ýürek urşunyň örän çaltdygyna garamazdan, mör-möjekler bilen iýmitlenýän bu jandaryň agramy bary-ýogy 30 gram töweregidir.

Elguşum — akguşum

Türkmen topragy berekede baý toprak. Bu topragyň geçmişi-de, häzirki günü-de egsilmez mirasa, hazyna eýedir. Haýwanat dünýäsine mahsus bolan elguş hakynda aýdylanda bolsa, onda biziň geçmiş mirasymyz, baý taryhymyz jemlenendir. Türkmen halky öňki döwürlerde elguşuň, aw tazysynyň kömegi bilen awçylyk kärini amala aşyrypdyr. Olar ýyrtyjy guşlary eldekileşdirip, olaryň birnäçe görnüşlerinden peýdalanypdyrlar. Bu guşlara ütelgi, gök bahry, çyparbaş laçyn, bürgüt, hindi laçyny ýaly guşlar degişli. Ütelginiň kömegi bilen irki döwürlerde dürli guşlara, hatda jerenlere hem aw salnypdyr. Alymlaryň berýän ylmy maglumatlaryna görä, awçylar bu guşy maý aýlarynda höwürtgelerinden alyp, eldekileşdiripdirler. Olaryň awuny alyşy boýunça urup alýan we basyp alýan görnüşleri bar. Ütelgiler awuny 4-5 kilometrden görýär, 2 kilometrden doly saýgaryp, sagatda 140 kilometr tizlik bilen awlaýarlar. Bu aw guşlarynyň ählisi hem öz awunyň hiç birini elden gidermändir. Ütelgiler daşky sypaty boýunça iki görnüşde bolup, onuň açyk reňklilerini açykguş, akguş hem diýip atlandyrypdyrlar. Bu hili atlandyrylmalar, şeýle hem elguşlaryň algyr häsiýetleri, ýyndamlygy diňe bir tebigatymyzy öwrenmekde däl, eýsem, mirasymyzy öwrenmekde hem baý maglumatlary özünde jemleýär.

Görüjiligiň, ýatkeşligiň çeşmesi

Gadym wagtlardan bäri bedeneler aw guşlary hökmünde awlanypdyr. Olar täsin saýraýandygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekipdirler. Bu guşlar öý şertlerinde saklananda hem tiz öwrenişmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Bedeneleri awlamak üçin adatça, torlardan we tüýdüklerden peýdalanylýar. Bedeneleri eldekileşdirmek işleri bilen ýaponlar meşgullanypdyr. Ilki olary bezeg maksady bilen idedipdirler. XVI asyrdan soňra olar berhizlik ýumurtgalary we et önümlerini almak maksady bilen, idedilip başlanypdyr. Häzirki wagtda ýaponiýaly okuwçylar sapaklaryna başlamazdan öň iki sany bedene ýumurtgasyny iýýärler. Lukmanlar onuň görüş agzalarynyň işjeňligine, ýatkeşligiň ýokarlanmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Daşdeşen — täsin guş

Daşdeşenler tebigatda duş gelýän guşlaryň uly toplumyny emele getirýän guşlar maşgalasydyr. Dünýäde olaryň 230-dan gowrak görnüşi bar. Uçmaga ol diýen ökde bolmadyk bu guşlaryň aglaba bölegi tokaýlarda ýaşaýar. Olar adaty bolmadyk uzyn çüňkleri bilen beýleki guşlardan düýpli tapawutlanýar. Adamlaryň köpüsi daşdeşeniň tyrkyldysyny eşidip, ol baglary haraplaýandyr öýdüp pikir edýär. Ýöne bu beýle däldir. Daşdeşen şeýtmek bilen bagyň ömrüni uzaldýar.

Gyrgy bilen goňşy bolup...

Obalaryň birinde bolup geçen bu waka dogrusynda men öňräk eşitdim. Obada ýaşaýan adamlaryň biriniň mellegindäki belent başly dereginde gyrgy höwürtgeleýär. Ol adamyň goňşulary gelip, ondan gyrgynyň höwürtgesini ýok etmegini soraýarlar. — Gyrgylar towuklardan jüýje aldyrmaz. Owlak-guzam bolsa almagy mümkin — diýip, özleriniňkini delillendirjek bolýarlar. Ýaňky adam birbada razy boljak ýalam edýär. Birdenem çürt-kesik pikirinden dänýär:

Täsin totular

Guşlar bilen söhbet açdymMen bakylyk barada.Ine, şu ullakan zeminHemem şu asman arada.