"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Göwün göwünden suw içer» (edep hakyndaky oýlanmalardan)

Garrylarymyz nesihat bererdiler: «Göwnüňizde saklaýan kinäňiziň mütdeti ýaglygy ýuwup sereniňde, onuň guraýan wagtyndan uzaga çekmesin» diýip. Awar şahyry Resul Gamzatowyň adam ahlagy hakynda beýik münberden aýdan bir ajaýyp sözi bar: «Seni beýik adam bolmaga borçly etmeýärler, ýöne adam bolmak seniň borjuňdyr». Diýmek, sen kim bolanyňda-da «adam» diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaly.

Sonam bilen(degişme goşgy)

Tazykdyrma höwrümi,Diňletmäwer böwrümi,Ýatlap juwan döwrümi,Çaý içsem sonam bilen. Ummanda bile ýüzüp,Näz edýäň gözüň süzüp,Şanyna şygyr düzüp,Çaý içsem sonam bilen.

Körpelere okap beriň!

Watanym Joşup bu gün ýüregimden,Aýdýaryn şeýle sözi:— Türkmenistan güller açýar,Goý, eşitsin Ýeriň ýüzi.

Umytda boluber(gülküli kyssa)

Bir gün tanymal ýazyjy nähoşlady. Ony eşiden ýaş galamdaşlarynyň biri görmäge geldi. Nähoşlan ýazyjy ýaş galamdaşynyň gelenine hoş bolup, birneme dikeldi. Tirsegine galyp oturdy. Olar çaý başynda döredijilik, durmuş barada kän gürrüň etdiler. Gürrüňçiligiň arasynda ýaş ýazyjy halypa ýazyjynyň göwni üçinmi ýa-da çynymy, garaz, onuň döredijiligi barada uly göwrümli makala ýazmagy hyýal edenini ýaňzytdy. Ençe wagt bäri eser döredip, şolar bilen il-halkyň hormatyna mynasyp bolanam bolsa, özi hakda ýazylan makalany bir gezegem okap görmedik ýazyjynyň ýaş galamdaşynyň sözlerine has-da göwni galkdy. Onuň ýazjak zatlaryny okap görmek höwesi döredi. Şol günden soň ýaş ýazyjynyň tanymal ýazyjynyň ýanyna birki ýola gatnap, özüne gerek maglumatlaryny belleşdirip gitmegi onuň höwesini has-da artdyrdy. Hassa ýatan ýazyjy özi hakda oňat makalanyň ýazylaryna umytda bolup, her günki gazetleri gözden geçirip başlady. Ol näçe garaşsa-da, gazet-žurnalda özi hakda ýazylan makala gözi düşübermedi. Onda-da arzuw, umyt bir gowy zat, makalanyň ahyrda ýazylaryna ynam bilen garaşdy.

Sapak(iňlis tymsaly)

Uçar menzilinde oturan gyzyň bolşy nirädir bir ýere howlugýana meňzeýärdi. Munuň özi ýöne ýerden däldi. Onuň uçmaly wagty eslije soňa süýşürilipdi. Ol biraz oturansoň, turup gitdi-de, wagt geçirmek üçin kitap, iýer ýaly bir gap köke satyn alyp geldi. Soňam öňküje ýerine geçip oturdy. Kitabyny çykardy-da, goştorbasyny gapdaldaky boş oturgyçda goýdy. Ol goştorbasynyň ýanynda goýan kökesinden iýip, kitap okap başlady. Şol wagt boş durandan aňyrky oturgyçda žurnal okap oturan ýaş ýigidem onuň kökeli gabyna elini uzadyp, birini alyp, agzyna atdy. Gyzyň muňa gahary gelse-de, sesini çykarman, kitap okamagyny dowam etdirdi. Her gezek köke alanda, gapdaldaky ýigidem birini alyp, agzyna atýandygyna gyzyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ýöne köpçülikde goh turuzmazlyk üçin sesini çykarmady. Gapda ýekeje köke galanda gyz öz ýanyndan: «Indi bu gödek kişi näme ederkä?» diýip pikir etdi. Göýä onuň pikirini okaýan ýaly, ýaş ýigit kökäni aldy-da, ikä bölüp, gabagyny-da galdyrman oturyşyna, ýarysyny gyza uzatdy. Şondan artyk çydap oturyp bilmedik gyz goşlaryny aldy-da, ol ýerden daşlaşmak bilen boldy.

Dürler hazynasy

Suw, çörek hem salkyn saýa — iň beýik nygmatdyr bular. Ýumşakgöwünlilik beýiklikdir. Dymmaklyk duşmanlaryňy dyza çökerer.

Janyndan jan beren

(Ene hakda, ömür hakda oýlanyp) Adam ýaşadygyça onuň durmuş tejribesi artyp, dünýägaraýşy barha giňäp gidip otyr. Emma geçilen ýollar adamyň durmuşunda hemme zady üýtgetse-de diňe bir zady üýtgewsüzligine goýýar. Ol bolsa enä teşnelik, ene küýsegi. Biziň näçe ýaşandygymyza garamazdan mydama mähre mätäçlik çekýändigimiz hakykatlygyna galýar. Eger-de dile düşmez çagajyk özüne garaýan mähirli gözleri, özüne bolan garaýşy, süýji sözleri beýlekilerden tapawutlandyryp, duýup bilýän bolsa, onda aga-gara düşünýän ýetginjegiň, ýa-da uly adamlaryň şol mähri küýsäp gezjegi mälim ahyry.

Parasatly sözler

Öňden dürs barýanyň yzyndan dürs ýöremek ýeňil. PLATON.

Ýürekdeşim aýal dogan

Biz halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesi hakynda gürrüň edenimizde ilki bilen öz halypalarymyzy göz öňüne getirýäris. Arada milli el işleri bilen bagly söhbetdeş bolanymyzda, mährem enelerimiziň biri sowalyma: «Halypamam, mugallymymam ejem bilen aýal doganymdyr» diýip jogap berdi. Şonda ol öz aýal doganynyň tikin işlerini ýaltanman öwredişi, ejesiniň synagyndan geçişi barada gyzykly söhbet etdi. Şondan soň pikir edip görýän welin, şu sowal özüme berilse-de, jogabym şol enäniň jogaby bilen deň geler. Çünki maňa-da el işlerini, tikin-çatyny öňde-soňda öwreden ejem bilen aýal doganym boldy. Häli-häzirler hem gyzyma iş öwredýän pursatlarym, aýal doganym bilen maslahatlaşanymy kem göremok. Türkmen maşgalasynda her haçanam uly uly bolýar. Göwnüme, aýal doganym el işleri babatda ähli zady bilýär, başarýar, şonuň üçin hem mydama ondan sorap durmaly diýen düşünje aňymda çagalykdan ornaşypdyr. Elbetde, maşgalada dogan düşünjesiniň özi bitewi mana eýe. Dogany dogandan aýry göz öňüne getirmek, mümkin däl. Erkek doganyň bilen aýal doganyň hersiniň öz orny bar, olaryň birini ýokarda, birini pesde goýmak bolmaýar. Aram-aram erkek doganyň halyňdan habar alyp dursa, ataň öýüňe baran wagtyň güler ýüzli garşylasa, çagalaryňa «ýegenlerim gelipdir» diýip gujak açsa, dünýäde senden bagtly ynsan ýok.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

GARAŞSYZLYK BILEN ARKADAGYMYZ Öwrüldi müdimi mukaddeslige,Garaşsyzlyk bilen Arkadagymyz.Arzuwlarmyz hasyl etdi dessine,Garaşsyzlyk bilen Arkadagymyz.

Kesir

Bir topar çopan oduň başynda üýşüp, çaý içip oturan ekenler. Ot güwläp tutaşypdyr. Emma oturanlardan biri şonda-da oturyp bilmän, ody gorjap, ölçerişdirip oturanmyşyn. Ýoldaşlaryndan biri oňa: — A-how, dost, dek otursana-a, tutaşan ody ölçerseň, öçer ahyry! Könelerimiz: «Ody gozgasaň öçer, goňşyny gozgasaň göçer» diýip aýdypdyrlar-a – diýipdir. Ýaňky kesir bolsa, eşitse-de eşitmezlige salyp, ölçermegini dowam edipdir. Halys bolmanyndan soň, ýanynda oturanlaryň biri onuň elinden kesewini alyp, bir tarapa zyňyp goýberipdir. Emma ol uzak saklanyp bilmän, bir kesindini eline alyp, ýene-de ölçerip başlapdyr. Teý-ahyr bolmanyndan soň, ýoldaşlary onuň el-aýagyny güýlüp taşlapdyrlar. Ol kesir güýlüngi ýatan ýerinden, oda seredip:

Rowaýatlar ummanyndan

HAJ SOGABYNYŇ ÝERINE Öňde bir garyp adam ýaşapdyr. Onuň Mekgä gidip haj zyýaratyny etmek arzuwy bolupdyr. Emma ol sapara gitse, yzynda çagalarynyň güzerany kyn boljak. Ol bir ulamanyň ýanyna baryp, ýagdaýyny düşündiripdir. Ulama oňa şeýle maslahat beripdir: «Sapara gitmäge ýagdaýyň ýok bolsa, sen iliňe ak ýürekden hyzmat et! Obaňyzda märeke bolanda başarýan işiňi edip, kömek ber! Söhbetdeş bolýan adamlaryň bilen gowy zatlaryň gürrüňini et! Diliň süýji bolsun! Gybatdan daş dur! Gözüň bilen gowy zatlary gör! Erbet zatlara seretme! Hassa adamdan aýak üstünden bolsa-da, habar al! Ymarat gurup, ýadygärlik galdyryp bilmeseň, bag ýetişdir! Bagyň haýyr-sogabyna ýetjek zat bolmaz. Ondan ähli jandarlar peýdalanarlar. Adamlar köp ýyllardan soň hem seni ýatlarlar we alkyş aýdarlar. Çagalaryňy hatly-sowatly, edep-ekramly edip terbiýele! Eneň-ataňy zyýarat edip dursaň, seniň hajyň şolar bolar» diýip, maslahat beripdir.

Duýguly dünýä

«Adam ömürde many görmek üçin hökman arzuw etmeli!».Ýandepderçedäki ýazgylardan. GYSGANMAK

Zenan bagty (hekaýa)

Ogulsoltan her gezek adamsy iş saparyna gidende şeýle pursady başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap ýatyransoň, ertir irden mekdebe gitjekleriniň mekdep eşiklerini alyp, soň goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy çagasynyň eşigini ütüklese, şol çagasy-da gylygy-häsiýeti bilen onuň göz öňüne geldi. Ol çagalarynyň eşiklerini ütükleşdirip bolansoň, «Gelip, işe gidende gerek bolar...» diýip, adamsynyň ýuwulgy eşiklerini-de duran ýerinden alyp ütükleşdirdi. ...Ogulsoltan halymsyraýan gelinlerden bolmansoň, hemişe işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat etmekden lezzet almagy başarýan gelindi. Adamsy öýde günleri «Getir, kömekleşeýin?!» diýende hem, ol juda bir işi başyndan agdyk bolaýmasa, oňa elindäki işini bermezdi. Ogulsoltan häzirem ütük işlerini birkemsiz dynansoň, ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna geçdi. Düşekde bir gowja bolup ýatan oguljygyny synlap, höwesine bäs gelip bilmän onuň ýaňagyndan ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup, düýrügip gozganjyrady. Ogulsoltanyň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek Orazmyrat gaýdyp geler uçurlary, ol şeýdip, oňly uklap bilmezdi. Aşgabada giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde gara bermelidi.

Bir owuç şemal (Gündelikden)

HOSIÝAT RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. * * *

Şygryýet çemeni

SETIRLER HAKDA KELAM Uzynly-kelteli, sada setirler,Ýüwrük-çaman, paý-pyýada setirler.

Gözelligiň nusgasydyr Aşgabat

Garaşsyz, Bitarap ýurduň paýtagty,Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.Abadan illeriň buýsanjy, bagty —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat. Arş deňinde parlap baýdagy — tugy,Bagtyýar halkynyň belentdir ruhy.Ýüreklere uzan ýollaryň nury —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.

Seýdi

BIR GELIN Eý, agalar, ol obada,

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.