"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döredijiligiň edebi meýdany

Daýhanyň toýy Mukaddes topragyň şan eçilipdir,Guwan daýhan, buýsan daýhan, toý bu gün!Bagt saýýan baýlygyň kän eçilipdir, Guwan daýhan, buýsan daýhan, toý bu gün!

Magtymguly Pyragy we saz medeniýeti

Gündogaryň akyldary, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dürli ýyllarda dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň saz eserleriniň söz bezegi bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde alyslarda-da belentden ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyna dürli görnüşli saz eserlerini döretmegiň hem özboluşly taryhy bar. Şahyryň umman ýaly çuňňur döredijiligi hemişe daşary ýurtly kompozitorlarynyň üns merkezinde bolup gelýär. Bu günki günde şol kompozitorlaryň akyldaryň çuň many-mazmunly döredijiligini saz medeniýeti arkaly dünýä halklarynyň arasynda wagyz edendikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hüwdä siňen mähribanlyk (Oýlanma)

Enä bolan egsilmez söýgi biziň ýüregimize hüwdi setirleri, ojagyň ýyly mähri bilen girýär. Ene hakda heňňam döräp ýazylan gutarnyksyz eserler, onuň perzendine bolan bimöçber söýgüsi ýaly, şol gutarnyksyzlygyna-da galýar. Adam näçe ýaşasa-da, enesi üçin hemişe çaga. Şahyr Atamyrat Atabaýewiň: Adam kyn-gyssaga düşen mahaly,Ak bolsa-da onuň saçy-sakaly,Hak-Hudaýy çagyran dek dadyna,Ilki bilen eje düşýär ýadyna

Söz ussadynyň meňzetmeleri

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ummana deňelýän çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl bäri ynsan kowumynyň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek hormatly Prezidentimiziň Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde goýan möhüm wezipesidir. Magtymgulynyň döredijiliginde meňzetme häsiýetli setirler aýratyn orny eýeleýär. Daş-töweregini gurşap alan tebigat hadysalaryna, haýwanat we ösümlik dünýäsine içgin nazar salan akyldar ondaky dürli görnüşleri — bir zadyň başga bir zat bilen meňzeşligini görüp, bilip, ony şygryýetiň sazlaşykly setirlerine salypdyr. Bu usul, ýagny dürli täsinlikleri suratkeşlik bilen beýan etmek, adamyň ýüz-keşbindäki, häsiýetindäki aýratynlyklary tebigatyň ýaradan zatlary bilen baglanyşdyrmak onuň döredijiligine şahyrana öwüşgin çaýypdyr.

Goşgular çemeni

Enemiň çöregi Enem bu gün säherde,Gyzgyn çörek bişirdi.Tamdyr suwna batyryp,Ondan bize-de berdi.

Magtymgulynyň gudraty

(Hekaýa) Bägül sekizinji synpda okaýardy. Ol okuwdan daşary geçirilýän çärelere höwesli gatnaşýardy. Bu gezegem oňa synplaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde enäniň keşbinde çykyş etmek ynanyldy. Bägül her gün okuwdan soň synpdaşlary bilen oýna taýýarlyk görmäge başlady. Enäniň her bir hereketini, gep-sözüni, häsiýetini öwran-öwran gaýtalap, kemsiz öwrendi.

Çaga kalbynyň owazy

Güýz ylhamy Güýz aýdymyn aýdyp ýörler,Tans oýnap sary ýapraklar.Säher çyga joşup ýörler,Bal ysy gelýär toprakdan.

«Meniň ajap ertekim...»

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow bilen bu söhbet has giňişleýin edebiýat döwresinde başlanypdy. Ýöne biz onuň çygryny gysgaldyp, häzirlikçe «Güneşiň» ýaşajyk okyjylaryna şu görnüşde ýetirmegi makul bildik. — Baýram aga, teklibimizi kabul edeniňiz üçin sag boluň!

«Paýhas çeşmesi» atly kitapdan

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora. * * *

Ertekiler dünýäsinde

Bäşleriň dostlugy (Erteki)

Bedeneden aldanan tilki

(Türkmen halk ertekisi) Gadym eýýamda bir bedene bilen bir tilki dost bolan. Bular köp wagt bile ýaşap gelenler. Günleriň birinde tilki bedenä:

Ganatsyz uçýan oglanjyk

Hany, aýdyň, siziň pikiriňizçe, söýgüli gahrymanlaryňyzyň haýsy biri has gyzykly, özüneçekiji?! Mauglimi, Tarzanmy, Hudaýberdi gorkakmy, Ýartygulakmy, Japbaklarmy... — haýsy biriniň adyny saýlap tutanyňyzda-da her biriňiziň öz söýgüli gahrymanyňyzyň bardygy çyn. Ylalaşýarsyňyz gerek?! Özüm-ä ylalaşýan, ine, gyzjagazlar işjanly, zähmetsöýer Zoluşkany halasalar, oglanjyklar batyr, edermen, ugurtapyjy gahrymanlary saýlap tutýarlar. Bu bolsa her bir çaganyň öz dünýägaraýşyna, gylyk-häsiýetine kybap gelýän gahrymanlarynyň bolýandygyny aňladýar. Men öz söýgüli gahrymanym barada aýtsam, ol hiç kimiňkä meňzemeýär. Bilýäňizmi näme, çagajyk wagtym guşlar ýaly uçmagyň arzuwyny edýärdim. Megerem, şonuň üçindir, meniň halaýan gahrymanym uçubam bilýär, dünýä seýran edibem. Onuň kimdigini bilýärsiňizmi?! Hawa, ol ganatsyz-persiz uçup bilýän Piter Pen. Megerem, ony her biriňiz tanaýan bolsaňyz gerek. Ol — hiç haçan ulalmaýan, hemişe çagalygynda galýan şadyýan, göwnaçyk oglanjyk. Ol, aslynda, şotlandiýaly ýazyjy Jeýms Barriniň ertekisi esasynda dünýä ýaýran, ähli çagalaryň söýüp tomaşa edýän gahrymany boldy. Piter Pen baradaky multfilme tomaşa eden bolsaňyz, ugurtapyjy, çalasyn Piter Pen öz deň-duşlarynyň iň ýakyn dostuna, syrdaşyna öwrülýär. Ol islendik ýere uçup gidip, hemmelere kömege ýetişýär, çagalara şatlyk, wagtyhoşluk paýlaýar, olara dostluk goluny uzadýar. Onuň ýanynda ýene-de bir uçý

Çeper sözüň zergäri

Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, edebiýat meýdanynda öçmejek yz goýan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy söz sungatyna, sözüň gymmatyna uly sarpa goýan şahyr. Magtymguly Pyragy halk arasynda parasatly akyldar, halkyň göwün matlabyny bilen, duýan beýik şahsyýet hökmünde tanalýar. Agzybirligi, sabyrlylygy, mertligi, ruhubelentligi, watansöýüjiligi, batyrlygy ündemek, ynsanyň mertebesini goramak beýik söz ussadynyň bütin döredijiliginiň hamyrmaýasy bolupdyr. Magtymguly Pyragy goşgularynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny wasp edipdir. Hakdan halatly söz ussady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda uly yz goýan şahyrdyr. Onuň ýazan eserleri dünýäniň halklarynyň dilinde dessan bolup ýaňlanýar. Belli alym Wladimir Bartold: «Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir» diýip bellän bolsa, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: «Magtymguly — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini öwrenip, ony halka ýaýan başga hem ençeme alymlar çuň manyly pikirlerini ýazypdyr. Nemes ýazyjysy Willi Bredel bu barada: «Maňa beýik türkmen şahyry Magtymgulyny okamagy maslahat berdiler. Okadym, onuň durmuşy, filosofik pikirlerine haýran galdym. Magtymguly — dünýä edebiýatynda ajaýyp bir dünýä. Ol dünýäniň esasy güýji — seni özüne bendi eýleýänliginde

Akyldar şahyryň mirasy — parahatçylygyň waspnamasy

Häzirki döwürde türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramakda, öwrenmekde we ýaş nesillere ýetirmekde, giňden wagyz etmekde asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Magtymguly Pyragynyň gymmatly mirasyny ýaşlara öwretmek we olary watansöýüji, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemek aýratyn ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragy öz döwründe halkynyň ruhy ahwalyny şygra öwürmegiň hötdesinden gelen kämil zehindir. Halkyň ruhy ahwaly bolsa Watan bilen aýrylmaz baglydyr. Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir. Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri — ruhy-ahlak taýdan päkligi, dogruçyllygy, il-güne, Watana wepalylygy, lebzi halallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär.

Üs­tün­lik

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Her bir adam dur­muş­da üs­tün­lik ga­zan­mak is­le­ýär. Üs­tün­li­giň sy­ry diý­lip, köp zat aý­dyl­ýar, ýö­ne ha­ky­kat­da ol ýö­ne­keý. Üs­tün­lik is­leg­den we mak­sa­dy­ňy anyk kes­git­le­mek­den baş­lan­ýar. Dür­li fi­lo­sof­lar we alym­lar bu ba­ra­da dür­li pi­kir­leri or­ta at­ýar­lar. My­sal üçin, türk­men be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bol­sa, ylym we ah­lak­ly­lyk ar­ka­ly ru­hy kä­mil­leş­me­giň üs­tün­li­ge alyp bar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

Çöple, öwren, peýdalan!

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Dö­re­di­ji­lik dün­ýä­sin­den dem al­ýan adam­la­ryň esa­sy hä­si­ýet­le­ri­niň bi­ri ge­çi­ri­ji­lik uky­by­dyr. He­mi­şe göz­leg­de bol­mak. Ge­rek za­dy­ňy gö­re­niň­de ta­na­mak we oňa eýe çyk­mak. Şeý­di­bem, ony ile ti­mar­lap gaý­dyp ber­mek.

Söz — ruhuň hem ýaşaýşyň çarhy

Pikir edip otursaň, ynsan durmuşynda, janly tebigatda gerekmejek, artykmaç zat ýok. Her närsäniň öz ýeri, her ahwalyň öz manysy bar. Bu barlykda söz, ýagny dil ýaşaýyş üçin degirmeniň çarhyny aýlaýan akar suw ýaly, ynsanyň durmuşynyň içinden tutuşlygyna geçip, çarhypelegi aýlaýana meňzeýär. Ümlüklerden seslere, seslerden sözlere geçen diller bolmadyk bolsa, dünýä gum-gukluk bolardy, ynsanyň içindäki “dünýä” gert baglap, doňup galardy. Adam geçmişden geljege hiç bir yz goýman, tapgyr-tapgyr geçer barardy. Ine, munuň özi dil hakdaky ýönekeý, sadaja pikirdir. Ýöne şu sada pikiriň özi-de “Adam” diýen ägirt düşünjäni akyl ýetirip bolmaz derejede beýgeldýän sözüň bimöçber gymmatyny görkezip durmanmy näme?! Şoňa görä-de, sözüň keramatyna ýüzleý garap bolmaýar. Sözüň miwesi pikir bolýan bolsa, ol çig bolmaly däl. Çig pikir — ruhuň hassalygy. Bişmedik miwä el uzadasyň gelmeýşi ýaly, öçügsi, ýüzleý pikirler hem ünsüňi eglemeýär. Magtymguly Pyragy aýdypdyr-a: “Ýa lal otur, ýa dür saçgyl” ýa-da “Gepin tapyp, ýagşy sözlän,//Misli dür saçan ýalydyr” diýip. Şu jähetden, söz bilen iş salyşmagyň her kime başardýan iş däldigini öz ömrüni çeper söze ýa-da dil ugrundan ylma bagyşlan akylly adamlar hemişe tekrarlaýarlar. Islendik hünäri, işi köp gaýtalaberseň, türgenleşip gidersiň. Emma döredijilik ömür ýoluň başynda ykbal bolup nesibäňden çykýar, zehin adamyň gursagynda ýanyp dogýar.

Magtymgulynyň taglymatynda ömri dogry ýaşamak (Makalalar toplumy)

SÖZBAŞY ÝERINE Şu makalalar toplumy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Magtymguly Pyragy barada belläp geçen dürdäne sözlerinden ruhlanyp döredildi. Bu sözler şu güne çenli akyldar şahyrymyz barada aýdylan ähli pikirleri bir ýere jemleýän çözgütdir, netijedir. Onda hormatly Prezidentimiz «Magtymguly» sözüniň täze ölçeglerini, giňişliklerini beýan edýär. Mundan beýläk dowam etjek ähli ýazgylarymyzyň gönezligi boljakdygy üçin, ol sözleri dolulygyna getirmegi makul bildik:

Duýguly dünýä

WATAN HAKDA AÝDYM Watan hakda aýdym aýtsam,Ol hökman gül hakda bolar.Ýaşyl ýaýlamda parlaýanMähriban Gün hakda bolar.

Şygryýet bossany

HYÝAL Yşk bir güldür, pudagynaBilbil bolup gonup bolsa.Söwer ýaryň didaryndanBakyp-bakyp ganyp bolsa.