"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Zeliliniň Watan çykmaz serinden...»

Eýsem, Gurbandurdy Zeliliniň şahyrana dünýäsiniň daýanç nokady nämede, onuň ylham çeşmesi nireden gözbaş alýar?! Muňa biz ikirjiňlenmezden: «Watana bolan söýgüden başlanýar» diýip jogap berip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öňe sürülýän watansöýüjilik, ýurda sarpa, il-halka bolan hormat-söýgi akyldar şahyryň ýegeni Zeliliniň şygyrlarynda hem ör-boýuna galýar. Şahyryň ykbal tartyp, bendilikde bolan ýyllary Watan zaryny çekip ýazan şygyrlary onuň kalp owazy bolup okyjynyň ýüregine gönümel ýol salýar.

Paýhas çeşmesinden

■ Güýçlüden gül ysy geler. ■ Habar okdan tiz gider.

Tymsallar

Haýsy bagyň bilbili şirin saýraýar? Gadymy döwürde bir emeldaryň daş-töweregindäkiler oňa başga bir ülkede, haýsydyr bir bagda guşlaryň örän üýtgeşik saýraýandygyny habar beripdirler. Guşlaryň owazyny diňläp ulalan we hemişe olaryň sesine aşyk bolan emeldar şol bagyň gözlegine çykypdyr. Ol uzak-uzak menziller aşypdyr, telim ýurtlaryň baglaryna aýlanyp, müňläp guşlaryň owazyny diňläpdir. Ýöne olaryň hiç biri-de oňa oňly lezzet bermändir. Bu ýagdaý ony halys kejikdiripdir. Şonda-da ol gözlegini dowam etdiripdir.

Boýuňa döneýin

Sähra degresinde duran gül kamar, Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!

Hemra wäşiniň degişmeleri

SYGYR YNANANOK Hemra ogluna sygry suwa ýakmagy tabşyrypdyr. Ogly sygry gazygyndan boşadyp, ýaba tarap idip ugraýar.

Pikir edip otursaň...

Eýsem, düýş näme?! Bu gyzykly ýagdaý köpleri gyzyklandyrypdyr. Emma uklap ýatan adamyň kellesinde bolup geçýän fiziologiki hadysalary 1952-nji ýyla çenli hiç kim bilmändir. Alymlaryň aglabasy uklap ýatan beýni hereketsiz, rahat we işjeň däl diýip çaklapdyr.

Tymsallar

OWADAN ALMA Alma agajynda bir uly, alýaňak, gözüňi aýryp bolmaýan owadan alma miwesi bitipdir. Ol töweregindäkilere seredipdir: biri çüýrük, beýlekisi bişmedik, üçünjisi bolsa öte bişipdir-de şahasyndan gaçjak bolup dur.

Ýürege jaý jümleler

Edebim el bermez edepsizlik edene, dymmak iň gowy jogap edebi elden gidene. Dostlar kyn günler üçin gerek, kyn günlerem dostuňy tanamak üçin gerek.

Dana Magtymguly — pelsepewi pikirleriň mekdebi

Magtymguly Pyragy — her bir türkmeniň ruhy hemrasy. Akyldar Magtymguly — damarynda türkmen gany akýan her bir ynsanyň gaýybana geňeşdary. Bir söz bilen aýtsak, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň binagäri. Dana şahyryň goşgularynda berilýän öwüt-ündewler, öňe sürülýän ýörelgeler biziň jemgyýetimizde ýazylmadyk kanun hökmünde kabul edilýär. Eýsem, özüňiz göz öňüne getiriň, biziň her birimiz çagamyzy Pyragynyň goşgularynda diýlişi ýaly terbiýelemäge, özümizi şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän ahlaga mynasyp alyp barmaga çalyşmaýarysmy näme?! Magtymguly türkmen halky üçin, ine, şeýle derejä göterilen şahsyýet. Şonuň üçin hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara giňişlikde giňden dabaralandyrylýar. * * *

Arzuwlary hasyl bolan Pyragy

Türkmen halky dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Şöhratly geçmişimizdäki beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şan getirip, milletimiziň dünýä halklarynyň arasyndaky mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler. Berkarar döwletiň arzuwynda ýaşan Magtymguly Pyragy ynsan mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl-paýhasyny, döredijilik kämilligini sarp eden parasatly akyldardyr. Pyragynyň baý döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat bähbitlerini goldaýan, ynsan mertebesini beýgeltmäge gönükdirilen, wagtyň synagyndan geçip, geljegi nazarlaýan pikirleri bilen örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň türkmen halkynyň milli mirasyny, geçmiş taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolşy ýaly, bu eserlerde Magtymgulynyň döredijiligine, ylmy mirasyna hem uly orun berilýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir» diýip bellemek bilen, türkmen halkyna mahsus bolan haýyr-sahawatlylygyň, birek-birege hormat goýmak, sylamak ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň şahyryň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýändigini we şeýle asylly ýörelgeleriň halkymyzyň edep-kadalaryna öwrülendigini belleýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pähim-paýhas ummanyndan damjalar Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Onuň altyna gaplaýmaly setirleri öz döwürdeşleri we soňky nesiller üçin durmuş mekdebine öwrüldi.

Şygryýet bossany

ýa-da döwürden joşgunly raýatlaryň köňül kelamlary Gojaman heňňamyň hakydasyna, taryhyň şöhratly sahypalaryna ýüzlenseň, Hakdan halatly halkymyzyň şahandazlygyndan, suhangöýlüginden habar berýän ençeme hekaýatlara, rowaýatlara, durmuş hakykatlaryna duş gelýärsiň. Umman ýaly çuň pähim-paýhasy bilen dünýäni haýran galdyran Magtymguly Pyragysy, gara gazmasyny eline alyp, bedew atyň üstünde namalar gaýran Göroglusy, şorta sözleri hem-de suhangöýlügi bilen bütin äleme belli Ependisi bolan halk, eýsem, bihal bolarmy?! Türkmen halkynyň çeper söze, şygryýete goýýan gadyry, şahyrlara, göýendelere sylag-sarpasy aýrybaşga.

Mämmetweli Kemine

Bile Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri, Dawa edip, jeň başlady ýel bile. Älemi ýandyrar bilbiliň zary,Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.

Byradar

Häzirki ýaly umumybilim berýän mekdepleriň ýok wagty hem ylymly, bilimli adamlar öýlerinde ýa-da mekdep diýlip gurnalan ýörite jaýlarda okamak islegi bolanlara bilim-sowat öwredipdirler. Sapak berýän mugallyma «ussat» ýa-da «halypa» diýipdirler. Meniň babam hem şeýle mekdepde okan sowatly adamdy. Biziň obamyzda onuň bile okan dosty bardy. Babam bize gelende hemişe: «Meni byradarymyň ýanyna äkidiň!» ýa-da «Meniň byradarymy çagyryň!» diýip, gadyrdan dosty bilen duşuşardy. Biz olaryň bir ussatdan tälim alandygyny bilenimizden soň: — Baba, byradar synpdaş diýmeklikmi ýa-da ýyllykdaş — diýip sorardyk. Şonda babam:

Mekgejöwen golçurlary

Meret öz ýygnan otlarynyň üstüne Jojy agalardanam ýüz elli bag dagy mekgejöwen palajyny aldy. Mallar bu oty, ylaýta-da, ýagyş-ýagmyrly günlerde zat galdyrman diýseň işdämenlik bilen iýýärler. Şo günler olar süýdi-de kän berýärler. Ýöne Jojy aganyň özümi, ogullarymy, garaz, howlugypdyrlarmy, nädipdirlermi, käýarym, baglanan palaçlarda alynmadyk mekgejöwen golçurlary duşýardy. Meret bu ullakan, sap-sary altynsow däneli golçurlary ýörite bir demir gaba ýygnap ugrady. Ol:

Ylham öwüşginleri

Türkmeniň Peder pentlerine goýulyp sarpa,Döwletler gurlupdyr arkama-arka,Sahawatlyk paýlap il-güne, halka,Dowamaty dowamatdyr türkmeniň.

Ýatlamalar düwünçeginden

(Okanlarym, bilýänlerim, eşidenlerim, görenlerim) Ene hakynda ýazylan goşgulardan Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp, //Dünýäniň görki nä aýdyp bersene?» diýip başlanýan «Ene» atly goşgusyny mährem eneleri wasp etmekde nusgalyk derejä ýeten şygyr hasaplaýaryn. *  *  *Gyzlar hakynda ýazylan goşgulardan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sapar Öräýewiň «Gyzlaryň» goşgusyna taý geljek goşgyny tapaýmak aňsat däl bolsa gerek. Şeýle çeper, täsin meňzetmeler bilen bezelen ajaýyp goşgy. Mysal üçin:

Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – milli terbiýäniň nusgalyk mekdebi

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly baýram edilmegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar. Türkmen halkynyň durmuşynda ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi her birimiziň ruhumyzy galkyndyrýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik,

«Magtymguly, budur ykrar»

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, beýik akyldarymyz, nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, giňden wagyz etmek işi yzygiderli häsiýete, giň gerime, ýokary derejä eýe boldy. Biz muňa 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy, 2024-nji ýylda bolsa 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen we geçirilýän işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Bu asylly işler beýik şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynda welilik bilen beýan eden berkarar döwlet, halkyň agzybirligi baradaky arzuwlarynyň wysal bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar» diýip belleýär.

Obamyň gyz-gelinleri (Oýlanma)

Obamyzda şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Toý lybaslaryny geýip gelen märekäniň ýüzünde ata Watana bolan buýsanç bar. Toý gazanlary gaýnap, aýdym-sazyň owazy ýaňlanyp, üsti oglan-gyzly hiňňildikler bat alýar. Bu gün ene topragyň eçilen bol hasylyny ýygnan daýhanlar naz-u-nygmatly desterhanyň başynda Hasyl toýuny toýlaýarlar. «Ene toprak» diýlip ezizlenýän, giňligi gözýetime sygmaýan alyslyga uzap gidýän türkmen sährasy. Zähmetsöýerligi, yhlaslylygy bilen sährany jennete öwrüp, gözel ýaşaýşy döredýän pagtaçy Aýsenemler, narçy Nurjemallar, gallaçy Orazgüller, sagymçy Marallar... göz öňünde janlananda, olaryň Gün nuruna gaýzygan mähriban keşbinde egsilmez gaýratyň, ýaşaýşa söýginiň bardygyny duýmak bolýar. Olaryň daň şapagy dünýäni ýagtyldyp ugradygy, «Başgalary oýadaýmaýyn» diýip, gapyny emaý bilen açyp, seýkin basyp, gündeki işlerine başlaýşyny aňyňda aýlanyňda, zenan ýüreginiň mähribanlygyna, sadalygyna, haýran galýarsyň. Olara ýöne ýere: «Obamyzyň her säherini güler ýüz bilen garşylaýan gyz-gelinleri» diýip guwanmaýarlar ahbetin!