Gazak edebiýatynyň ägirt zehini
Türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyz Paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriniň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar. Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsariniň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň Semipalatinsk welaýatynda dünýä inipdir. Abaýyň kakasy Kunanbaý gazaklaryň tobykdy taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Abaýyň ejesine Uljan, enesine bolsa Zere diýer ekenler. Zere enäniň Abaýa gürrüň beren rowaýatlarydyr ertekileri onuň geljekde şahyr bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Abaý Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alypdyr, ar