"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

“Täze Aý” haryt nyşanly, Naz-nygmatlar mekany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe giň gerimli işlere badalga berdi. Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýyl geldikçe artýar. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär. Islegli harytlary, önümleri öndürip, ilata hödürleýän telekeçiler, hususyýetçiler, hususy kärhanalar biziň welaýatymyzda-da sanardan köp. “Täze Aý” haryt nyşanly, ýokary hilli azyk önümleri diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly islegden peýdalanýar. Halk köpçüliginiň islegini öwrenip, “Täze Aý” haryt nyşany bilen, süýt we süýt önümleriniň, et önümleriniň, konditer önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanyp ak bazarlara, söwda nokatlaryna elýeterli bahalardan çykarylýar we alyjylara hödürlenýär.

«Gül Zemin» görk berýär gözel paýtagta

Türkmen telekeçileriniň guran bu döwrebap binasy paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryna aýratyn görk berýär. Agzybir halkymyz toý-baýramçylyklarda dürli naz-nygmatlary, ter gök-bakja önümlerini hem-de dürli görnüşli miwe şerbetlerini, süýjüliklerdir toý saçaklaryny bezejek beýleki harytlary bu ýerden elýeterli bahalardan satyn alýar. Üç gatdan ybarat bolan täze söwda-dynç alyş merkezi owadan, milli binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Binanyň içine gireniňde bolsa, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Sag egniňde ak diwaryň ýüzündäki ak bedewleriň çarpaýa galan keşbine gözüň düşýär. Bu — mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ak ýollar bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapýandygynyň alamaty. Bu görnüşi eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri bilen baglasaň, has-da jüpüne düşýän ýaly. Çünki islendik ýurduň ösüşine onuň ak bazarlaryndaky haryt bolçulygy bilen baha berilýär. Täze açylan söwda-dynç alyş merkeziniň içindäki, esasan-da, birinji gatynyň tas ýarysyny diýen ýaly eýeläp oturan «Ak marketdäki» azyk we senagat harytlarynyň bolçulygy-da Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan barýandygynyň güwäsi bolup şöhlelenýär.

Toý süýjüligi

Birek-birege sowgat etmek ynsanlary ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Ýürekden aýdylan gutlaglardyr arzuwlar, dürli sowgatlar bolsa baýramçylyklaryň ýaraşygydyr. Süýji önümlerini sowgat etmek indi Täze ýyl baýramçylygynda hem ajaýyp däbe öwrülip gitdi. Bu maşgala baýramynda ýakynlarymyzy Täze ýylyň süýjülik sowgady bilen gutlamakda bize «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly ýardam edýär. Biz indi dost-ýarlarymyzy öz milli önümlerimiz bolan «Hasaryň» süýji-kökeleri bilen gutlap bileris. Indi bassyr 20 ýyldan gowrak wagt bäri telekeçilikde iş alyp barýan, öz süýji-köke önümleri bilen dünýä bazaryna çykmagy başaran «Hasar» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler, bu ýerde önümçiligi ýola goýlan täze önümler bilen tanyşmak maksady bilen, ýakynda bu kärhanada bolduk.

Bagtyýarlyk mukamy

Mähriban halkymyz Täze ýyl baýramçylygyny uly şatlyk, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylady. Aýratyn hem, bu senä çagalar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar Aýazbabany we Garpamygy garşylamagy, oňa goşgy aýdyp bermegi arzuw edýärler. Täze ýyl baýramçylygynda gowşurylýan sowgatlar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Olara niýetlenen Täze ýyl sowgatlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli konditer önümleri bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Biz hem golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanada bolup, telekeçi Muhammet Amanow bilen bular dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet tarapyndan uly goldawlar berlip, telekeçileriň dürli önümleri öndürmekligine giň ýol açyldy. Bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz hususy telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen dolduryldy. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, dünýä bazarlarynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Biziň kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Häzirki wagtda kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanamyzda «Bars» haryt nyşanly owadan we gözegelüwli gaplara gaplanan süýjülikler, keksler, şokoladlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Biziň