"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Suw — dirilik çeşmesi

«Suw — ýaşaýyş» diýen iki sany söz bilen häsiýetlendirilen suw Ýer ýüzüniň, takmynan, 71 göterimini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suw ynsan saglygy üçin bahasyna ýetip bolmajak tebigy gymmatlyk, baýlyk hasaplanýar. Çünki ol adama zerur bolan mineral duzlaryňdyr mikroelementleriň esasy çeşmesini özünde saklap, bedendäki maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar we iýmitiň has gowy siňmegine ýardam edýär. Häzirki günlerde-de adamlaryň teşneligi gandyryjy içgilere bolan islegi barha artmak bilen. Ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary köp ýyllardan bäri ýokary hilli içgileri öndürýärler. Bu ugurdaky işlere «Dury çeşme» hususy kärhanasy hem öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. «Dury ýaşaýşyň gözbaşy» diýen şygar bilen müşderilere ýetirilýän gazlandyrylan alkogolsyz we arassa agyz suw içgileri ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän şeýle önümleriň ornuny tutýandygy aýratyn ähmiýete eýedir. Kärhana Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşip, onda iki sany önümçilik sehi hereket edýär. Ilatyň isleglerini öwrenip, önümçiligini batly depginde alyp barýan kärhanada häzirki wagtda 30-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Gülzarda bir gülçi bar

Ýaşy segsene ser uran bu gülçi zenan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginiň Gülzar obasynda ýaşaýar. Bibijan Elnazarowa 20 ýyldan gowrak wagt bäri öý şertlerinde otag güllerini ösdürip ýetişdirýär. Owadan zatlar gözeilgiç bolýar. Döredijilik sapary bilen baranymyzda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowanyň iş otagyngaky güller hem bada-bat ünsümizi çekdi. Otaga bezeg berip duran owadan gülleriň bagbany bilen gyzyklandyk. Gülruh bu gülleriň müşderisiniň ýetikdigini, at-owazasynyň welaýata ýaýrandygyny aýdyp, onuň bagbany bilen tanyşdyrmaga döwtalap boldy. Gülçi zenanyň döwletli ojagynda bizi gelni Dildar garşy aldy. Ol: — Geliň, geçiň, gaýynenemem basym geler. Buýurma boýunça gyssagly gitmeli boldy — diýdi-de, howla girmegimizi mürähet etdi. Gül plantasiýasy derwezäniň agzyndan başlanýan eken. Iç ýüzünde ýörite güller üçin niýetlenen giň otag bar. Otagyň içinde dürli güller oturdylan güldanlar hatara goýlupdyr. Al-elwan gülleriň gyra-töweregini öý arçalarydyr palmalar bezeýär. Olary ýeke-ýeke synlap barşymyza, Dildar:

«GM Oil» — hereketlendiriji güýç

Geljege miras» hususy kärhanasy öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, ussat telekeçilerimiziň hatarynda başdanaýak ýerli çig maldan önüm taýýarlap, bazara çykarýar. «Geljege miras» hususy kärhanasynyň häzirki zaman önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Ilkibaşda polipropilen önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek bilen senagat önümçiligine başlan kärhana soňky ýyllarda awtoulaglar üçin ýokary hilli motor ýaglarynyň, şeýle hem senagat önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň çalgy ýaglarynyň önümçiligini üstünlikli alyp barýar. «GM Oil» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň ýurdumyzda milli haryt nyşany bilen öndürilen çalgy ýaglarynyň ilkinjisidigini bellemek gerek.

Ýokary hilli süýji-kökeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan telekeçiligi ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi telekeçileriň, hususy kärhanalaryň önümçilik netijeleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmeginiň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» şeýle bellenilýär: Obalarda, şäherlerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň täzelerini gurmak ýola goýlar. Munuň özi ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer». Öňde goýlan şu wezipelerden ugur alnyp, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde şeýle kärhanalaryň ençemesi işe girizildi. Olaryň biri-de Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşliginiň Ýylgynly obasynda ýerleşýän «Gaýa» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr.

«Lezzetli miwäniň» bagynda

Güneşli Diýarymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna hususy pudagyň wekilleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri aýdyň mysaldyr. Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 200 gektar meýdanda miweli bagyň birnäçe görnüşini ýetişdirip, ondan datlydan ýokumly miwäniň bol hasylyny alýan agzalan hojalyk jemgyýetiniň işleri barha ilerleýär. Etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlangyjy esasynda hojalyk jemgyýetiniň miweli bagynda bolanymyzda bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirdik.

Rahat, Amatly, Döwrebap

mebeller täze okuw ýylynda ýaş nesliň hyzmatyna berler Her kimiň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak günleriň biri bolan 1-nji sentýabr golaýlap gelýär. Sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen çaga gülküsi, ýaşlaryň şadyýan sesleri ak mekdeplere dolar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň begenji, buýsanjy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna aýratyn şan berip, döwrümiziň bagtyýar ýaşlaryna uly şatlyk eçiler.

Bag miwesi datly, şirin

Gadymy Ahalyň giň ýaýlalarynda daş-töwerege özboluşly gözellik goşýan ir-iýmişli bag meýdanlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň miweli bagy bolsa, bereketli ýaýlada ynsan eli bilen döredilen gözellik bolup, kalbyňy joşdurýar. Kaka etrabynyň Hywaabat ýaýlasynyň çäginden geçip barýarkaň, agzalan hojalyk jemgyýetiniň miweli bagynda gözüň eglenýär. Bu ýerler çaý-çeşmeli mekan hökmünde bellidir. Ozallar bu ýerde meşhur bagbanlaryň nesli ýaşamak bilen, bag ýetişdiripdirler, şeýdip çarbaglyklar döräpdir. Ýerli toprak-howa şertlerinde ýokumlylygy bilen tapawutlanýan datly miweler bişýär.

Guwandyryjy ösüşlere goşant

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy köp babatda hususy pudagyň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşup, dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar hem-de çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompaniýalaryndan asla yza galmaýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän hukuk resminamalary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga giň ýol açýar. Döwlet tarapyndan hususyýetçiligi ösdürmäge berilýän hemaýat-goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçileriň hem soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça açylyp ulanmaga berlen döwrebap orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýokary hil ülňülerine laýyk bin

45 tonnadan gowrak buzgaýmak

Tomus paslynda halkymyz tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýan buzgaýmaklary öndürmekde Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Garamahmyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» haryt nyşanly süýt önümlerini öndürýän hususy önümçiligindehem işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Jümägül Annaýewa degişli bolan hususy önümçilikde indi 14 ýyldan bäri dürli görnüşli, dürli tagamly buzgaýmaklary öndürmek bilen meşgullanylýar. Bu ýerde öndürilýän wanil tagamly, şokolad örtükli «Şadyýan», «Gawun», «Garpyz», «Bally dünýä», «Garlawaç», «Seniň üçin» atly buzgaýmaklar ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy Bu kitap ene-atalara — çagalaryň iň esasy mugallymlarynabagyşlanýar

Tropik ösümlikler — bereketli topragymyzda

Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşigi öňdebaryjy iş tejribeleri, peýdaly başlangyçlary we ussat ekerançylary bilen irki döwürlerde-de Murgap jülgesinde nusgalyk hojalyklaryň biri bolupdy. Täzeçillik obanyň şu günki nesline-de mahsus. Sakarçägäniň etrap merkezine ýanaşyp oturan Geňeş obasyna giren ýeriňde «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň tropik miweleri ýetişdirmäge niýetlenen bir gektarlyk ýyladyşhanasy bar. Ol 2017-nji ýylda açylypdyr. Derwezäniň agzynda meni hünärmen Rejepgeldi Täşliýew garşylady. Hojalyk jemgyýetiniň ilkinji düýbüni tutanlaryň biri, asly şu obaly Rejepgeldi, hünäri gurluşykçy bolsa-da, hakyky bagbana öwrülip gidipdir. Türkiýeden sargyt edip getirilen ýyladyşhanany çyzgylar esasynda göwnejaý gurnan gurluşykçy Rejepgeldini hojalyk jemgyýetiniň başlygy Batyrmyrat Orazsähedowyň bu ýerden daşlaşdyrasy gelmändir. Türkiýeli bagbanlar, hünärmenler bilen kän maslahatlaşyp, soraşyp öwrenen, gollanmalary okan, şol ýurtdan 2 müň çemesi düýp nahalyň aýratyn şertlerde saklanyp getirilmegine gatnaşan Rejepgeldiniň bu gün bu täsin bagyň «diline düşünýän» ýakyn hossar hasaplanmagy ýöne ýerden däl.

Ba­lyk­çy­lyk ho­ja­ly­gyn­daky tutanýerli zähmet

Ýur­du­myz­da ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, hal­ky­my­zy ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy­na-da mö­hüm orun de­giş­li­dir. Äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­ri na­zar­la­ýan hu­su­sy te­le­ke­çi­ler bu pu­da­gyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň alyp bar­ýan iş­le­ri-de mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak ar­ka­ly ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di. «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti hem bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri döw­re­bap iş­le­ri ýo­la go­ýup, oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň te­le­ke­çi­le­ri «Han­ho­wuz», «Sa­ry­ýa­zy» suw how­dan­la­ryn­da ça­pak, ke­pir, ki­çi we uly ta­ran, tüň­ňü­maň­laý, ki­çi we uly da­ban, gy­zyl­teň­ňe ýa­ly ba­lyk­la­ry tutup, ila­ta ýo­kum­ly azyk önü­mi­ni ýe­tir­mek­de uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Bu how­dan­lar­da­ky we köl­ler­dä­ki ba­lyk­la­ryň te­bi­gy şert­ler­de kö­pe­lip ýe­tiş­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Saçaklaryň bezegi

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Bol­dum­saz et­ra­by­nyň Gu­ba­dag şä­he­rin­de ýerleşýän «Sa­da­ja» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li azyk önüm­le­ri se­bi­tiň we beý­le­ki et­rap­la­ryň iri söw­da no­kat­la­ry­na, dü­kan­la­ryna ug­ra­dyl­ýar. Önüm­çi­ligine tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, kä­mil en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan kär­ha­na­da ýo­ka­ry is­leg­li kon­di­ter önüm­le­ri­niň 20 gör­nü­şi, dür­li ulu­lyk­da­ky çö­rek we çö­rek önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Bu ýer­de tä­ze bö­lü­miň işe gi­rizilme­gi bi­len, ilat­dan sa­tyn alyn­ýan süýt gaý­ta­dan iş­le­ni­lip, on­dan ga­tyk, do­rog, gaý­mak hem mes­ge taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýo­la go­ýul­dy. Tä­ze eý­ýa­myň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ne­ti­je­li iş alyp bar­ýan kär­ha­na­da tej­ri­be­li iş­çi­le­riň we ýaş­la­ryň 40-dan gow­ra­gy zäh­met çek­ýär. Ola­ryň bi­şir­ýän kö­ke­le­ri, süý­ji we kon­di­ter önüm­le­ri ila­tyň be­re­ket­li sa­çak­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­ny ýer­li azyk we iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mä­ge uly go­şant goş­ýan hu­su­sy kär­ha­na­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, önüm­çi­li­giň kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk-teh­no­lo­gik iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar.

Tom­suň ar­zy­ly tagamy

To­mus pas­ly­nyň ys­sy gün­le­rin­de teş­ne­li­gi­ňi gan­dyr­mak üçin, adat­ça, so­wu­jak suw küý­se­ýän­siň we­lin, «Buz ýa­ly doň­dur­ma bo­laý­sa­dy» di­ýil­ýän wagt­la­ram az däl. Le­bap we­la­ýa­tyn­da dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­da ma­ha­ly­myz Türk­me­na­bat­da-da ho­wa gyz­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň Le­bap we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň eda­ra bi­na­sy­na ir sä­her bi­len, Gün ga­ty gyz­man­ka ba­ra­nam bol­sak, hü­när­men gy­zyň so­wa­dy­jy­dan alyp hö­dür­län so­wuk su­wy kem ýakma­dy. On­ýan­ça ko­mi­te­tiň baş­ly­gy Zer­hal Nar­mäm­me­do­wa hem gel­di. Ol bi­raz eg­len­me­li bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp: — Te­le­ke­çi­ler ga­raş­ýan­dyr, ýö­rä­be­re­li — diý­di. Biz Sa­ýat et­ra­by­na ta­rap ýo­la düş­dük. Türk­me­na­bat — Ker­ki aw­to­mo­bil ýo­ly bi­len ýö­räp, Ga­ra­mah­myt ge­ňeş­li­gi­niň de­ňin­den sa­ga öw­rü­le­ni­miz­de, da­şy­na ha­ýat aý­la­nan iki gat­dan yba­rat bi­na uzak ara­lyk­dan se­leň­läp gö­rün­di.

Azyk bolçulygyna goşant

Ýurdumyzda azyk bolçulygy yzygiderli pugtalanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişi barha artýar. Şeýle bolçulygy döretmekde türkmen işewürleriniň paýy uludyr. Olar azyk önümleriniň, miweleriň hem dürli görnüşlerini öndürip, halkymyzyň bereketli saçagyny bezeýärler. «Ak toprak» hususy kärhanasy hem 2018-nji ýyldan bäri tagamlylygy bilen özüni tanadan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Olar «Teýli», «Bolelin», «Ararat» haryt nyşanlary bilen bellidir. Kärhananyň hünärmenleri şöhlatlaryň kakadylan, ýarym kakadylan, gaýnadylan, çig kakadylan görnüşlerini alyjylara hödürleýärler.

Telekeçilige — giň ýol!

Hususyýetçileriň netijeli işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kärhanalaryna täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy Garaşsyz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berýär.

Möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ýokary derejede ösdürilýär. Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Telekeçiler içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ol köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde ileri tutulýan ugurdyr.

Azyk bolçulygyna saldamly goşant

Telekeçilige giň ýol! Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda telekeçilik işjeňligini ähli taraplaýyn goldamak, hususy eýeçilikdäki kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen kabul edýän taryhy çözgütleri  telekeçileri has belent sepgitlere ruhlandyrýar. Muňa Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda bitirilýän işler hem aýdyň güwä geçýär.

Şu günki zähmet — ertirki eşret

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda hususyýetçilik pudagy uly ösüşlere beslenýär. Işewürler beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny berkitmekde ýokary netijeler gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler uzak möhletleýin bölünip berlen ýerlerde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyryp, ekologik taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. Türkmen telekeçileri oba hojalygynda uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl alýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr.

«Guwly dere» nyşanly önümler barha meşhurlyga eýe bolýar

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu künjekde işini ýola goýan önümçilikleriň biri-de «Guwly dere» haryt nyşanly ýuwujy serişdelerini öndürýän kärhanadyr. Telekeçi Artykmyrat Orazniýazowa degişli bolan önümçilik kärhanasynyň döwrebap binasy ýokary talaplara laýyklykda gurlup, şu ýylyň fewralynda işi girizildi. Kärhananyň Türkiýäniň «Öz Ýilmaz» kompaniýasynyň dünýä meşhur tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik bölümleri ýuwujy serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň we ugurdaş harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlangyjy esasynda gürrüňi edilýän kärhanada bolanymyzda hem muňa göz ýetirdik.