Telekeçileriň batly gadamlary
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ata Watanymyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini ýaňy başlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda has-da berkitmek, ony mundan beýläk-de ýokary derejelere götermek babatdaky toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar. Şonda esasy ünsüň ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, döwlet we telekeçilik kärhanalaryna degişli goldawlary bermek, şeýlelikde, olaryň berjaý edýän işleriniň netijeliligini gowulandyrmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek bolar. Munuň özi täze ösüşleriň esasynda abadan ýaşaýşyň kepili bolup durýar. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly daýanjynyň birine öwrülendigi hakykatdyr. Sebäbi olar soňky ýyllarda oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, söwda, durmuş hyzmatlarynda we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işlere içgin goşulmak bilen, olarda ýetilýän belent sepgitlerde özleriniň mynasyp p