Söwda işgärleri halkyň hyzmatynda
Hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin edýän uly aladalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Şolaryň hatarynda söwda ulgamy hem uly özgertmelere beslenýär. Ýurdumyzyň bazarlarydyr söwda merkezlerinde göwün islän azyk önümleriňi arzan bahalardan alyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, söwda toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Söwda toplumyny ösdürmek, daşary söwdany ýokarlandyrmak, içerki önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça ýurdumyzda köp möçberlerde maýa goýumlarynyň goýulýandygy bellärliklidir.