"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Kenek» saçaklara mähir hem süýjülik paýlaýar

– Bagşylaň, «Kenek» dükanymyka? – Edil özi, aýdyberiň!

Fransiýanyň lezzetleri «Dejavuda»

Gözelligiň, näzikligiň, söýginiň ýurdy hasaplanylýan Fransiýanyň sungata öwrülen aşhanasy indi paýtagtymyzda hem bar. Bu restoranyň işiniň şu ýyl ýola goýlandygyna seretmezden, Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň aglabasy «Dejavu» hakynda eşidendirler. Bu ajaýyp ýer barada diňe bir eşitmek ýeterlik bolman, eýsem, ol ýere baryp görmek, fransuz tagamlaryndan dadyp, skripkanyň şirin mukamlaryndan ganyp gaýtmak has göwnejaýdyr. Aşgabat şäheriniň 10-njy kiçi etapçasynyň «Dagbaşy» binasynda ýerleşýän «Dejavu» restorany fransuz tagamnamasy bilen çäklenmän, bu ýer müşderiler üçin ýörite taýýarlanylýan romantik agşamlary, ýokary derejeli hyzmatlary, oňaýly atmosferasy, iş naharlary, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly şertleri bilen tapawutlanýar. Restoranyň ýüregi hasaplanylýan aşhanasynda bolsa ökde, tejribeli aşpezler işine uly üns we söýgi bilen çemeleşýärler. Ady agzalýan restoranyň tagamnamasynda adaty fransuz naharlary, şeýle hem möwsümleýin önümlerden taýýarlanylýan nusgawy tagamlar bar. Şeýle-de «Dejavuda» pasla görä aşhananyň tagamnamasynyň täzelenip durýanlygy onuň özboluşlylygyny alamatlandyrýar. Bulardan başga-da restoranyň tagamnamasynda çorbalar, etden we dürli ösümliklerden taýýarlanylýan tagamlar, işdäaçarlar, süýjülikler hödürlenilýär. Deňiz we balyk önümlerine uly ornuň degişlidigi hem bellärliklidir.

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň bereketli hasyly

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak arkaly halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususyýetçi daýhanlaryň çekýän yhlasly zähmeti hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda oba hojalygyny ylmyň gazananlary esasynda alyp barmak, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak babatynda uly tagallalar edilýär. Daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere, mülkdarlara döwlet tarapyndan bu ugurda zerur ýeňillikler döredilýär. Ýurdumyzyň hususyýetçi daýhanlary hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek arkaly bu pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden bölünip berlen ýeri özleşdirip, şu ýyl bugdaýdan bol hasyl almagy başardy. Altyn güýzüň bereketli günlerinde hojalyk jemgyýeti kösükli dänelilere degişli bolan soýanyň bol hasylyny ýygnamaga girişdi.

Hususy pudagyň batly gadamlary

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri bolup, onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny ösdürmek babatda-da belent wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda eden çykyşynda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, jemi içerki önümiň öndürilişiniň durnukly ösüş depgini saklanyp gelýär. Diýarymyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barlyp, şu ýylyň dowamynda dürli maksatly binalardyr desgalaryň ençemesiniň açylyp ulanmaga berlendigini nygtamak gerek. Olaryň gurluşygynda hususy düzümler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Şu ýylyň geçen dokuz aýynda welaýatyň çäginde hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň has köp gurlandygyny-da aýratyn bellemeli. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe welaýatda «Çemenli daglar» hususy kärhanasy tarapyndan

Täze kärhana, täze önümçilik

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan, buýan kökünden derman serişdesini, ýagny glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň binalar toplumy hem bar. Mundan iki ýyl öň hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» agrosenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri meýilleşdirildi.

Lionel Messi «Messi Fragrances» atly atyryny çykardy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi «Messi Fragrances» ady bilen öz atyr hataryny işe girizdi. Ilkinji hoşboý ys «Leo Messi Eau De Parfum» boldy. Ol 10-njy oktýabrda 100 millilitr üçin 105 amerikan dollary baha bilen satuwa çykarylar. Sowgatlyk toplumynyň bahasy 120 amerikan dollaryna barabar.

Her kim özüniň bagbany

Durmuş her adama özboluşly ykbaly bagyşlaýar. Şahyryň: «Biz herimiz özümiziň zergärimiz,

Kärhananyň işi ileri

Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hojalyk himiýasy önümleri dünýä bazarlarynda hem mynasyp orun alýar. «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy-da şeýle islegli önümçiligi ýola goýmak bilen, ony barha ilerledýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň ýuwujy serişdeleri öndürýän we gaplaýan zawody 2019-njy ýylyň mart aýynda açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda onda işçileriň 150-si öndürijilikli zähmet çekýär. Italiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýuwujy serişdeleriň 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ähli işler kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin desganyň çäginde merkezi barlaghana hereket edýär. Onda öndürilen önümleriň we ulanylýan çig mallaryň hilini barlamak işleri innowasion enjamlar arkaly geçirilýär. Işläp başlanyna ýaňy 5 ýyl bolan kärhananyň önümleriniň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Russiýa, Estoniýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksport edilýändigi has-da guwandyryjydyr.

«Nurly Aý» edýän işi göwnejaý

Her gezek birmeňzeşje geýnip, ak mekdebe barýan döwrümiziň bagtyýar nesillerini göreniňde, göwnüň galkynyp gidýär. Olaryň boý-syratlaryna özboluşly gelşik berýän okuwçy lybaslarynda nazaryň eglenýär. Jaňyň kakylaryna mähetdel mekdep okuwçylarynyň hersi öz synp otagyna baryp, bilimler dünýäsiniň syrly sahypalaryny agdaryp başlaýar. Ýene bir bölegi birmeňzeş sport eşiklerini geýnip, mekdebiň sport zalynda dürli bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolýar. Iş lybasyndaky oglan-gyzlar bolsa ýörite niýetlenen otaglarda zähmet sapagyny geçýärler. Mekdep durmuşyny agzamak bilen biz döwrümiziň nesillerini okuwçy lybaslary, sport eşikleri bilen üpjün edýän telekeçiler barada söhbet etmek isledik. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän şeýle önümhanalaryň biri Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. Ýaş telekeçi Maýsa Anzarowanyň ýolbaşçylygyndaky «Nurly Aý» tikinçilik öýünde, hakykatdan-da, işler göwnejaý ýola goýlupdyr. Ol ýerde mekdep okuwçylary üçin lybaslaryň, sport eşikleriniň, şeýle-de körpe nesil üçin egin-eşikleriň her aýda on müňden gowragy öndürilýär.

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy Bu kitap ene-atalara — çagalaryň iň esasy mugallymlaryna bagyşlanýar

Hususy işewürleriň rowaç tutumlary

Telekeçilige giň ýol! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine önjeýli goşant goşýan hususy düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky tagallalaryň hemişe artdyryljakdygyny nygtaýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalaryň oňyn netijeleri welaýatymyzyň telekeçileriniň alyp barýan köpugurly işlerinde hem aýdyň görünýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Aşgabatdan çykyp, gündogara tarap ýola düşeniňde, tebigatyň gözellikleri bilen sazlaşýan ir-iýmişli baglyklaryň, ekin meýdanlary, ýyladyşhana toplumlary gözüňi egleýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäklerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň hatary has-da artýar. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen şol toplumlar ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Şolaryň hatarynda telekeçi Azat Şyhymgulyýew tarapyndan gurnalan ýyladyşhana toplumy hem bellenilmäge mynasypdyr. Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin bölünip berlen 18 gektara barabar ýerde işjanly işewürler umumy meýdany 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana toplumyny işe girizip, pomidor ösdürip ýetişdirmekde ilkinji üstünlikleri gazanýarlar. Bu ýerde ösdürilýän «Pink tarawatti» sortuna degişli pomidorlar dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

«Bäşörüm»

Ady köplere tanyş bolan bu dükan konditer sungatynyň iň oňat däplerine eýerýär we ýokary hilli, tagamly önümleri öndürýär. «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän bu dükan ilatyň ähli isleglerini göz öňünde tutup, synagdan geçen tagamlary, ajaýyp konditer önümleriň dürli görnüşlerini halka hödürleýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän dükan ýokary hilli çörek önümlerine we süýjüliklere baýdyr. Ol ýerdäki önümlerden tortlaryň (biskwit, miweli, şokolad kremli, «napoleon», «medowik» we başgalar), tozly we bally çörek kökeleriniň onlarça görnüşi, pirožnylaryň, bulkalaryň, kruassanlaryň hem-de ruletleriň onlarça görnüşlerini agzamak bolar. Şeýle hem çörek önümhanasyndan hemişe täze, gyzgyn çörekleri satyn almak bolýar.

«Zyýat Hil» — süýjülikleriň dünýäsi

Jemgyýetiň ösen islegini kanagatlandyrmagy başarýan «Zyýat Hil» konditer önümlerini öndürýän kärhana özüniň ýokary hilli, köpdürli dizaýnly, datly tagamly önümleri bilen müşderileriň göwnünden turmagy başardy. Indi birnäçe ýyl bäri, konditer önümleriniň önümçiligini alyp barýan bu kärhananyň göze gelüwli süýjüliklerini göreniňde «Aşpezlik işine sungat diýip ýöne ýere aýdylmaýar» diýeniňi duýman galýaň. Aşgabatda ilkinji «Zyýat Hiliň» dükany 2020-nji ýylda açyldy, şondan bir ýyl soňra, konditer önümlerini özünde öndürip başlan kärhana süýjüligi halaýanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup ugrady.

Ülkämiziň toý saçagyna

Mundan dört ýyl ozal «Wilanta,s» haryt nyşanly şöhlat önümleriniň öndürilip başlanandygy baradaky habar hem Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda dilden-dile geçdi. Tejribeli telekeçi Sergeý Kulýapiniň ýolbaşçylygynda açylan söwda-önümçilik merkeziniň täze önümlerine bolan isleg gün-günden artyp, telekeçileriň asylly işleriniň owazasy welaýatdan alyslara ýaýrady. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde döredijilik saparynda bolanymyzda, welaýatyň işewürleriniň Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli taýýarlaýan zähmet sowgatlary bilen gyzyklandyk. Şonda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Merdan Nowruzow bizi ýokary hilli, ekologik taýdan arassa şöhlat önümlerini öndürip, il arasynda adygan «Wilanta,s» söwda-önümçilik merkezine alyp bardy. Önümhana dükanyň üsti bilen geçmeli bolansoň, ilki ol ýerde ýola goýlan söwda işleri bilen tanyşdyk. Dükanyň mähellesi ýetik eken. Tekjelerde we sowadyjylarda şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri rejelenip goýlupdyr. «Altyn kenar», «Altyn açar», «Arkaç», «Awçy», «Köýtendag», «Daşrabat» diýlip atlandyrylan şöhlatlaryň kakadylan, gaýnadylan görnüşleri bar. Biz bu ýerde söwda-önümçilik merkeziniň tehnology Nariman Ysmaýylow bilen gürrüňdeş bolduk.

Önü­miň öm­ri ma­ha­ba­ta bag­ly

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Ma­ha­ba­tyň hä­zir­ki dö­wür­de bi­tir­ýän işi­niň diý­seň ýo­ka­ry­dy­gy hem­mä­mi­ze-de mä­lim. Bi­ziň göw­nü­mi­ze ma­ha­ba­ty ýet­me­se gül ýa­ly ha­ryt­la­ram öz hy­ry­da­ry­na go­wuş­ma­jak ýa­ly bo­lup du­ýul­ýar. Ah­mal, bu şeý­le­dir, ah­mal, däl­di­rem. Ýö­ne haý­sy bo­lan­da-da, adam­za­dyň aň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň örän ösen za­ma­nasyn­da ma­ha­ba­tyň dur­muşy­myz­da uly orun eýe­län­di­gi we­lin, ha­ky­kat.

Işewürleriň baýramçylyk sowgatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasat ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzy röwşen geljege alyp barýar. Ýurdumyzda her ýyl medeni-durmuş we önümçilik maksatly köp sanly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň sebitlerinde täze şäherçeler, döwrebap obalar peýda bolýar. Ýurdumyzda bina edilýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, sport toplumlarydyr mekdepleriniň... gurluşygyna türkmen işewürleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň güýji bilen soňky birki ýylyň içinde medeni-işewürlik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, işewürlere giň gerimli, iri taslamalaryň gurluşyklary-da ynanylýar.

Nur çaýýan «Çyrag» çyralary

Telekeçilige giň ýol! Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, dürli ugurlarda olaryň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek babatda döwlet derejesinde edilýän aladalardan, döredilýän oňaýly şertlerden üstünlikli peýdalanýarlar. Munuň özi hususy işewürlerimize eziz Diýarymyzyň baý çig mal serişdelerine, zähmet gorlaryna esaslanýan önümçilikleri döretmekde uly tejribe toplamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Haçan-da, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki senagat zolagynda öz önümçiligini üstünlikli ýola goýmagy başaran «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli elektrik çyralaryny öndürýän önümhanasynda alnyp barylýan netijeli işler bilen tanyş bolanyňda, şeýle buýsançly hakykata ýene bir ýola anyk göz ýetirýärsiň.

«DIÝAR GUŞY»: MÖHÜM PUDAKDA SAZLAŞYKLY IŞLER

Ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk obasenagat toplumynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek ugrunda amala aşyrylan işleriň netijesinde Diýarymyzyň çar ýanynda döwrebap guş toplumlarynyň ençemesi işe girizildi. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetine degişli guşçulyk toplumydyr. Bu toplumyň kuwwaty guşçulyk toplumlarynda idetmek üçin niýetlenen broýler, ýagny etlik jüýjeleriň her ýylda 25 millionyny çykarmaga mümkinçilik berýär. Hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň beýleki guşçulyk toplumlarynyň sargydy esasynda bir günlük broýler jüýjelerini taýýarlaýar. Şol jüýjeler 40 günüň içinde 2 kilogram agrama ýetip, soýuma taýýar bolýar. Toplumda et ugurly broýler towuklarynyň «Ross 308» tohumyna degişli jüýjeler çykarylýar. Munuň üçin enelik towuklaryň guzlan ýumurtgalary Belgiýa döwletiniň önümi bolan, innowasion tehnologiýa esasynda işleýän inkubirleme enjamyna ýerleşdirilýär. Öz ugrunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasynyň enjamynyň kömegi bilen çykarylan jüýjelere ýörite hünärmenler tarapyndan zy

Ýyladyşhana toplumynda işler ileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän özgertmelerine we döwrebap ýyladyşhanalary gurmak bilen bagly öňde goýýan wezipelerine Mary welaýatynyň hususy önüm öndürijileri hem netijeli zähmet bilen jogap berýärler. Muny Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň telekeçileriniň we işçi-hünärmenleriniň alyp barýan döredijilikli işlerinde-de görmek bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyjylary ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Olar ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri ýetişdirmegiň baý tejribesini topladylar. Hususy kärhananyň işçileri işlerini şu günüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa gök önümleri öndürmeklige aýratyn ýykgyn edýärler. Olaryň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň oňyn netijesini-de berýär. Kärhananyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda pomidoryň dürli görnüşli şitillerini ösdürip ýetişdirmek ýola goýuldy. Ýyladyşhana toplumynyň tutýan meýdany 14,5 gektara barabardyr.