"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çigme

Ýüpek sapakly iňňäniň hem-de örän usully el ýördümi bilen islendik ölçegde gyýa sanjymda çigip öndürilýän nepis işe çigme diýilýär. Gültahýanyň depesiniň etegine birigýän ýerine salynýan «çigme» nagşy muňa mysal bolup biler. Nagyş üçin bellenen ýeriň ortasyna goňur ýüpekli iňňäni sünjüp, çep tarapa gyýtaklap 5—6 gezek sanjym edip, sag tarapa-da 5—6 gezek gyýtaklap sanjym edilende sapak çigilýär. Şeýdip çepe, saga gezekme-gezek gyýa sanjymlar, goňur ýüpek bilen tamamlanýar. Onsoň, goňurlaryň aralary ak, sary çigimler bilen doldurylýar. Keşde, gaýma üçin işlenýän ýüpek sapaklar çigme üçin hem gowy gelişýär. Çigme sanjymda ýerine ýetirilýän nagyşlar keşde ýaly owadan görünýär.

Jähek

Ýörite niýetlenip, ýumşak tow berlip taýýarlanan gyzyl, gara reňkli ýüpekleriň barmaklarda çapraz geçirilip çalt dokalýan, şol pursatda-da sapakly iňňe bilen donlaryň, tahýalaryň, kürteleriň gyrasyna ýörmelýän nepis işe jähek diýilýär. Jähek çalmak üçin tahýany mysal alalyň. Jäheklik gara ýüpekden tahýanyň etegine deňäp, ýüpegi üzmän, deňän ýüpegiňizi üç gatlap, girintgi üçin dördünji gat goýbermeli-de, ýüpegi bek tutup, gatlary uzynlygyna açyp, ujuny jähek çaljak gyz saklamaly. Şu dört gatyň uzynlygy tahýa jäheginiň ýüpeginiň uzynlyk ölçegi bolar. Onsoň, iki bolup, şol ölçegi uzynlygyna dartyp, şoňa deňäp, ýüpekden on alty gat gatlamaly. On alty gat sekiz halkany emele getirýär. Onsoň, jähek çaljak gyz her eliniň dört barmagyny halkalara salyp, iki ýumrugyny deň tutup saklamaly. Jähek ýörmejek gyz ýüpekleriniň gatlaryny sypalap, deňläp, elindäki uçlary sapakly iňňesi bilen tahýanyň etegine çatyp berkitmeli. Jähek çalýan gyz çalasyn barmaklary bilen sag elindäki ýüpek halkalary, çep elindäki ýüpek halkalaryň arasyndan geçirip, ýüpek halkalary çalşyp alar. Şol pursatda tizlik bilen jähekçi gyz çep eliniň dört barmagy bilen ýüpegiň aşaky dört taryny basyp, sag eliniň barmaklary bilen ýüpegiň üstki dört taryny kakyp saklap, ýüpekli iňňesi bilen ýörmäp ýetişer. Ýörmeleýän pursatda, jähek çalýan gyz çakgan barmaklary bilen ýüpek halkalary çapraz geçirip, çalşyryp çalyp alar. Iş purs

Ajaýyp eseriň dil baýlygy

Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen diliniň gadymy sözleriniň işjeň ulanylandygy bilen tapawutlanýar. Eserdäki getirilýän maglumatlar özüniň akgynlylygy, sadadan çuň beýan edilmegi bilen kitabyň täsirini has-da artdyrýar. Şeýle-de, ajaýyp eser ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer ruhda terbiýelemekde we milli gymmatlyklarymyzy hem-de ene dilimiziň gadymylygyny içgin öwretmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Edebi mirasymyz — medeni mirasymyz

Her bir adamyň kalbynda, içki dünýäsinde ynam, ynanç ýaşaýar. Şol ynançlar tebigatda, durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlary ýerlikli berjaý etmek maksady bilen ýerine ýetirilýän yrymlarda jemlenýär. Yrym — haýsydyr bir zada, adatdan daşary ýüze çykýan haýsydyr bir güýje, öňden bäri berjaý edilip gelinýän ýörelgä ynanmakdyr. Durmuşda islendik yrymy haýsydyr bir zat bilen baglanyşykly ýerine ýetirmek, niýet edilýän işiň bolmalysy ýaly, jaýdar ýerine düşdügi hasaplanylýar. Meselem, ýyldyzlar bilen baglanyşykly yrymlarda sähetli gün ýola düşmek, sähetli gün toý tutmak, sähetli gün täze jaýa göçmek... islendik maşgalada doly berjaý edilýär. Ýokarda aýdylanlardan ugur alsak, milli mirasymyz bolan «Görogly» şadessanynda halkymyzyň irki döwürlerde hem ençeme yrymlary berjaý edendiklerine gabat gelmek bolýar. Şadessanyň «Bezirgen» şahasynda Aýsoltan agasy Bezirgene söwda üçin bisähet gün ýola düşmekligi maslahat bermeýär, onuň sähetli gün ugramagyny yrym edýär, ýa bolmasa, şadessan şol döwürlerde hem toý tutmak üçin sähetli güni saýlap alypdyrlar: «Şunlukda, Görogly Serwijan bilen Miremiň toý-sähedini belläp, ýedi gije-gündiz toý berdi, at çapdyryp, altyn gabak atdyrdy, Çandybiliň pakyr-pukaralaryna engamlar berdi».

Silkme telpek başynda...

Türkmen milli lybaslary, başgaplary halk durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şolaryň biri-de türkmeniň silkme telpegidir. Telpek barada ýazmagyma iki adamyň arasyndaky şu gürrüňler sebäp boldy. Aňyrdan salam berip gelen, hal-ahwal soraşylandan soň, garşysynda duran ýaşula habaryny aýtmak bilen boldy:

Milli terbiýe — kämilligiň mekdebi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgesi kämilligiň mekdebidir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde şol ýörelgelere eýermek, milli terbiýäni, asylly ýörelgeleri ylmy esasda öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda milli terbiýäniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi aýdanyňda milli terbiýe pähimdar pederlerimiziň durmuşa ornaşdyran hem-de kämillik derejesine ýetiren gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimize aýratyn sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinde hem bu gymmatlyklar barada çuňňur manyly sözler beýan edilýär.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde suw ulaglary hakynda maglumatlar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde şeýle setirler beýan edilipdir: «Gaýygyň deňizdäki tolkunlara döz gelip bilşini üns bilen synlap görüň, haýsy gaýyk agramly bolsa, şol hem erkana, rahat ýüzüp ýörendir. Käbir ýeňil hem kiçi gaýyklar üçin tolkunam gom deýin howply, agramly gaýyklardan bolsa tolkunam, gomlaram sowlup geçýän ýalydyr. Eziz Watanymyzyň taryhyna içgin aralaşdygyňça, Türkmenistanyň hem uç-gyraksyz ymgyr ummanda ýüzyän ak gämi kimin taryhyň ähli müňýyllyklarynda gabat gelen islendik päsgelçilikden geçip, kürekleriniň badyny gowşatman, öňe bat alyp gelýändigine magat göz ýetirýärsiň. Munuň özi parasatly nesilbaşymyz Oguz hanyň esaslandyran döwletine owalbaşda beýik Perwerdigäriň bagt ýyldyzyny serpaý ýapandygyndan nyşan». Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz üçin ulanan “ak gämi” meňzetmesi tötänden däldir. Çünki çaýkanyp, tolkun atyp duran deňizde öňe tarap okdurylyp barýan gämini göz öňümize getirenimizde şöhratly taryhymyz serimize aýlanýar. Taryhymyza içgin aralaşdygyňça buýsanjyň artýar. Şöhratly taryhymyzda buýsanjymyzy arşa çykarýan milli miraslarymyzyň biri-de Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” atly eseridir.

Medeniýet köşgi — halkyň genji

Ýurdumyzda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhymyzy, baý milli mirasymyzy, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşant bolýan medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, wagyz etmek hem-de olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde Medeniýet öýlerini açmak, milli medeniýetimizi ösdürmek hakyndaky aladalary her bir raýatyň zähmet bilen dynç alşy utgaşykly alyp gitmegi, sungat ussatlarynyň ajaýyp eserlerini synlap, diňläp ruhy lezzet almagy, etraplarda täze sungat ussatlarynyň, ýüze çykarylmagy ýaly wezipeler bilen utgaşyp gidýär. Munuň üçin ýurt Baştutanymyz ähli amatlyklary bolan medeniýet köşklerini gurduryp ulanmaga berýär. Şeýle medeni maksatly binalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgüdir. Ol 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Döwrebap ülňülerde gurlan iki gatdan ybarat bu medeniýet köşgünde halk, estrada aýdymlaryny ýaş nesillere öwredýän «Yzgant owazlary» aýdym-saz gurnagy hereket edýär. Oguljuma Ataýewanyň ýolbaşçylyk edýän bu aýdym-saz gurnagynyň körpejeleri ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Ogulsuraý Öwezgeldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän «Gül çemenleri» atly tans gurnagynda bolsa ýaşlara milli tans

At — türkmeniň ganaty

22-nji martda, sport we döredijilik işleri bilen meşgullanmak ýaly asylly endikleri bilen ildeşlerimize görelde bolýan milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşlanyldy. Bu hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän halkara derejeli çäreler bilen sazlaşykly utgaşdy. Çünki taryhyň ähli döwürlerinde türkmen bedewleri ösüşleri we täzeçillikleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dünýäniň çar künjüne ýetiripdirler. Hut şonuň üçin hem dünýäde parahatçylygyň, düşünişmegiň, gepleşikleri geçirmegiň medeniýetini we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde milli Liderimiziň alyp barýan işlerinde ahalteke bedewlerimiz simwoliki mana eýedir. Alym Arkadagymyz milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýyna at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbine eýerip, Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna Aşgabat diýip at goýdy.

Sahypalara siňen zehinler

Baýram Welmyradow «Edebiýat we sungat» ýyllaryň dowamynda edebiýaty, sungaty söýüjileriň ençeme nesli üçin özboluşly mekdep bolup geldi. Bu gazetiň redaksiýasynda dürli döwürlerde sütün-sütün halypa ýazyjylar, ussat žurnalistler işlediler. Her haýsy bir dünýä bolan ol halypalary ýagşylykda ýatlap durmak maksady bilen gazetimizde “E-S-e” ykbalyny baglanlar” atly rubrikany açmagy makul bildik.

«Oguz kowumy jemlendi bir il bolup...»

«Türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar».Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan. Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi.

Görenlerden eşidenlerim

«Baýramyň kakasy bar...» Meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew diýseň myhmansöýer adam eken. Onuň öýüniň myhmansyz wagty bolmandyr. Diňe bir garyndaşlary, kärdeşleri däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelen alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet işgärleri hökman Kerbabaýewiňkä myhmançylyga barar ekenler.

Gadymy galalara syýahat

Gyzlargala — Arçabil jülgesinde, gaýanyň gerşinde ýerleşýär. Gala diwarlary gerşiň depesini tutuşlygyna gurşap alýar. Ol toýun palçyk garylyp, dag daşlaryndan galdyrylypdyr we nädogry armyt şekilli gurluşy bar. Diwarlaryň saklanyp galan beýikligi 2 metrden geçmeýär. Esasy bölegi ondan hem pes. Galanyň içki meýdanynda hiç hili gurluşygyň yzlary görünmeýär. Ol ýerde ujypsyz möçberde küýze döwükleri duşýar. Tapylan arheologiýa tapyndylaryna esaslanylyp, gala XVI — XVIII asyrlar bilen senelenýär. Diňgala — Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Onuň 7 gektara golaý meýdany tutýan gönüburçlugynyň daşyna düýbi inli, ýokarsy inçelip gidýän, pagsadan gurlan diwar aýlanypdyr. Burçlarynyň birinde goranyş berkitmesi — diňi ýerleşipdir. Galanyň içki giňişliginde gurluşyk işleri geçirilmändir, görnüşine görä, ol ýerde hiç hili desga gurulmandyr. Gala XVIII — XIX asyrlar bilen senelenýär.

Milli terbiýäniň asylly ýörelgesi

Gadymy Gündogarda şeýle pähim bar: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, ekin ekip, hasyl alyň! On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň! Ýüz, müň ýylyň aladasyny etseňiz, sowatly, halal nesli ýetişdiriň!». Türkmen halky hem paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini gözüniň göreji deýin aýap saklaýan halkdyr. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys» diýip belleýär. Şeýle watansöýüji we milli mirasymyza sarpaly nesilleri terbiýelemekde zähmet terbiýesiniň orny örän möhümdir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan zähmetsöýer halkymyzyň özüne mahsus däp-dessurlary bar. Şolaryň esasynda dünýä inen çaga edep-terbiýe bermek, ony ene-atasyna, dogan-garyndaşyna, il-gününe hormat goýýan, zähmetsöýer, jemgyýete peýdaly şahsyýet edip terbiýelemek iň bir möhüm mesele hasaplanypdyr. Munuň üçin çagalara, ilkinji nobatda, onuň maşgalasy görelde mekdebi bolupdyr. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz çaga terbiýesinde olary başarnyklaryna görä zähmete çekmegiň çaganyň terbiýesine edýän oňyn täsiri, ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrenen çaganyň ulalanda halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi bara

Adyna mynasyp Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp bedewlerimize uly söýgi bilen garaýşy, olara dynç alýan wagtynyň pursatlaryny bagyşlap, öz edebi eserlerinde beýan edişi hemmämize mälimdir, munuň özi ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende galdyrýar. Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

KETENIDEN TAHÝA TIKDIM... Halkymyzyň baý hem gadymy milli mirasy we köp öwüşginli medeniýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe taraşlanyp, gymmatyny has-da artdyrýan baý mirasymyzyň ähmiýeti has-da artýar.

Türkmeniň ak öýi

Ak öýler dört, alty ýa-da sekiz ganat bolýar. Öý tutulanda ýagyş-ýagmyryň suwy öýüň içine girmez ýaly ilki bilen toprak üýşürilip, seki galdyrylýar. Soňra öý tutjak ýeriňi peýläp, ýere gazyk kakylýar. Öýüň gazygy pil sapyndan hem ýogynrak agaçdan bolup, ony öý tutjak ýeriňe kakanyňdan soň, tärimleri biri-birine daňmaly. Gazygy öýüň çep tarapky täriminden 1 metr çemesi içräk edip kakmaly. Soňlugy bilen şol gazyga sallançagyň bagy daňylýar. Gurnalan öýüň berk bolmagy üçin bosaga goýuljak ýerden 50-60 santimetr çukur gazyp, bekit agajyny dikmeli-de, tärimleri şol bekit agajyna daňmaly. Eger-de ak öý başga ýere göçürilmejek bolsa, tärimleriň her gat söýesine bag agaç dikilýär. Baglamak, berkitmek manysyndaky bag agaç hem bekit agajy ýaly, ýere berkidilýär. Tärim — öýüň ganaty, olary biri-birine daňyp berkideniňden soň, tüýnügi ýerine goýmaly. Tüýnügi dogumly, işbaşarjaň ýigitler ýokary galdyrypdyrlar. Öýüň tüýnügi tegelek görnüşde bolup, dört bölege — çagaryga bölünýär. Uguň inçeldilen tarapyna uguň balasy, tüýnügiň gözlerine bolsa, bäbenek diýilýär, uklaryň balasyny bäbenege dakanyňdan soň, uguň aşaky tarapyny tärime ukbagy bilen daňmaly, uguň tärime daňylan ýerine bolsa «herek» diýilýär.

Gadymy senediň ezberi

Türkmen halkynyň el hünäriniň gudraty bilen dürli hilli milli saz gurallary ýasalypdyr. Şolaryň arasynda türkmen dutary has meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz gara gazma dutary özlerine hemişelik hemra edinip gelipdir. Ony gözüniň göreji ýaly aýawly saklap, mukaddes ojagynyň bezegi hasap edýärler. Ýaşaýyş durmuşymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Dutar öýde saklansa, ol mydama agzybirlik, toý-tomaşa, ýagşylyk dileg edip durýar». Käbir obalarda dutar-gyjak ýasaýan eli hünärli ussalara häli-şindi gabat gelmek bolýar. Şeýle eli çeper dutar ussalarynyň birine Tagangeldi Jumaýew diýýärler. Ol Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Duzly köl obasynda ýaşaýar. Tagangeldi ilki obasyndaky orta mekdebi tamamlap, mehanizatorçylyk kärinde zähmet çekipdir. Ol: — Obada ýaşap, kärim mehanizator bolany üçin wagtymyň esli bölegi meýdanlarda geçýärdi. Işden haçan gelsem-de, kakam kölegede eline iş gurallaryny alyp, mydama dutar ýasardy. Kakamyň dutar ýasamakdaky hereketlerine men bilesigelijilik bilen syn edip oturardym. Onsoň kakam bir gezek meniň özüne syn edip oturanymy görüp:

Geçmişiň ajaýyp nusgalary

Halkyň arasynda milli mirasymyzyň gadymy nusgalaryny tapmak we toplamak bilen birlikde ýaşlara şöhratly geçmişimiziň, maddy we ruhy baýlyklarymyzyň ähmiýetini öwretmekde asylly işleri alyp barýan Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Durhan Öräýewa barada öňem köp eşidipdim. Ol indi 44 ýyla golaý wagtdan bäri ýaşlara şöhratly taryhymyzy öwretmek bilen birlikde halkyň arasyndan iş we zähmet gurallarynyň, gap-çanaklaryň, dürli esbaplaryň, şaý-sepleriň has irki, gadymy nusgalaryny toplamakda zähmetini gaýgyrmaýar. Onuň işjanlylygy bilen häzirki wagtda mekdebiň taryhy mirashanasyndaky tapyndylaryň sany yzygiderli artýar. Bu barada halypa mugallym şeýle gürrüň berýär: ― Mekdebimizdäki taryhy mirashananyň döredilmeginde taryh mugallymlary Wenera Jumaýewa, Öre Kurbanow, Narkuly Allakulyýew, Narsoltan Jorakulyýewa dagynyň tagallalary uly. Olar etrabymyzyň Göýnük obasynyň taryhyny has içgin öwrenmek we ony ýaşlaryň arasynda giňden ýaýmak maksady bilen 1979-njy ýylda bu asylly işiň başyny başladylar. Obanyň ýaşaýjylary hem bu işe agzybirlik bilen goşuldylar. Şeýlelikde mekdep muzeýine halkymyzyň gadymy taryhynyň beýany bolan dürli esbaplaryň, iş gurallarynyň gadymy nusgalary toplanylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň her bir obanyň geçmiş ýazuw taryhyny öwrenmek, mekdepleriň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýleri döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary

Ömrüň manysy

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy gorap saklamakda uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän teklipleri, asylly başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem barha ýygjamlaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegiň ajaýyp mekdebi bolmak bilen, dürli dillere terjime edilip, dünýä ýaýyldy. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseri hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.