Çarwa paýhasyndan parçalar
Giň sähralaryň öz goýnunda saklaýan täsin syrlary bahar aýlary gözellige teşne göwnüňi göterip, bilesigelijiligiňi has-da artdyrýar we ünsüňi özüne çekýär. Hydyr gören çölüň dilini tapsaň, ol durşuna — hazyna. Şonuň üçin çarwa durmuşy bilen baglanyşykly ýandepderçäme bellän belliklerimi bir ýere jemläp, size ýetirmegi makul bildim. Mart aýynyň ortalaryndan başlap, çopanlaryň durmuşynda aladalar has-da artýar. Olar «Ýelinaýy» diýlip atlandyrylýan owlak-guzy möwsüminde aladalara üstümizi basdyraýmaly diýen niýet bilen fewralda örä çykyp, agyldyr çalmarlaryny gurup başlaýarlar. Çalmar — çopan öýüniň bir görnüşi. Ol yklamak üçin gowy, çarwany sowukdan goraýar. ***Çarwalar möjegiň çagasyna «üzit» diýýärler. Meýdan iti hasaplanylýan börüleriň käbir mert häsiýetleri bar. Olar süreniniň töweregindäki sürülere aňsat-aňsat degmeýärler. Ýöne sürenine degseň, hökman aryny alýar, çopana-da başgaça daraýar. Ol sürenindäki çagalaryny janyndan eziz görýär. Şonuň üçin çopanlar öz çoluklaryna: «Möjegiň sürenine degäýme!» diýip, sargyt edýärler. ***Çopanlaryň arasynda «Dar örüden giň çygyr» diýen nakyl has-da ýörgünli. Olar goýny agylda köp saklamaýarlar. Goýun maly özüniň gabawda bakylmagyny halamaýar. Çarwalaryň arasynda aýdylýan: «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýen nakyl hem şondan döräpdir. Goýun janawar gije sürüm alsa, ýuwaşlyk bilen ine-gana otlap gezýär.