"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hudaýaty, atbakar, düýebakar hakda

Hudaýaty türkmen tebigatynyň täsin wekilleriniň biridir. Özüniň reňkini daş-töweregiň ýagdaýyna görä üýtgedip bilýän, köplenç, üzümlikde gezýän uly kelleli, çekirtgä çalymdaş bu jandar ilimizde köpsanly atlar bilen tanalýar. Olar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde «atbakar, düýebakar, hudaýdüýe, bişikçi, ýylangözçykaryjy» diýlip atlandyrylýar. Bular barada dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň etimologik sözlüginde» gyzykly maglumatlar getirilýär. Sözlükde hudaýatynyň rusça adynyň «bogomol» — «Hudaýa doga okaýan», latynça bolsa «manrus religiosa» diýen ylmy adyň hem «dindar» ýa-da «doga okaýan» diýmekdigi nygtalýar. Ýokarda agzalan atlaryň ählisi hem bu jandaryň haýsydyr bir aýratynlygy, edýän hereketleri bilen gönüden-göni baglydyr. Meselem, iki öň aýagyny döşüne tutup, doga okaýan ýaly yrgyldap durşunyň doga okaýan dindar we hudaý bilen baglanyşdyrylmagy-da jüpüne düşen meňzetmedir. Onuň awuna topulandaky çalasyn hereketi atadyr ýylka, yrgyldap, haýallyk bilen hereket edişi bolsa düýä meňzedilýär. Bu möjejigiň türkçe «Pygamberiň düýesi» diýlip atlandyrylýandygy-da bellärliklidir. Şu ýerde gürrüňi edilýän jandaryň nusgawy edebiýatda «kişmir» görnüşinde atlandyrylyşy hakynda durup geçmek ýerlikli bolar. Oňa akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Şal tapsa» goşgusynda şu setirleri mysal bolup biler:

Gözel tebigatyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby — Türkmenistanyň haýwanlarynyň, ösümlikleriniň we kömelekleriniň seýrek we ýitmek astyndaky görnüşleri, olaryň biologiýasy, ýaýraýşy, sanynyň azalmagynyň we ýitip gitmeginiň sebäpleri baradaky maglumatlary özünde jemleýän, yzygiderli täzelenýän döwlet sanawydyr. Ýurdumyzda haýwanlaryň we ösümlikleriň sanynyň we ýaýrawynyň azalmagyna, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagyna eltýän islendik hereket gadagan edilýär. Biologik dürlüligi, aýratyn-da, seýrek duşýan gymmatly görnüşleri gorap saklamak we köpeltmek döwlet ähmiýetli meseleleriň derejesine galdyryldy. Ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biologik dürlüligi gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak boýunça malhanalarda köpeltmek, haýwanlaryň seýrek we ýitip barýan görnüşlerini öňki ýiten ýerlerine göçürmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak, ösümlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek we olaryň tebigy ýaýran ýerlerini gorap saklamak, tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak, wagyz işlerini, ekologik terbiýäni hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Gözel tebigatyň goragynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. Bu işler tebigy gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyndan ugur alnyp, günbe-günden gözelleşýän ýurdumyzda ýylyň-ýylyna saýaly, pürli we miweli baglaryň nahallary oturdylyp, seýilgählerdir aýna ýaly tekiz ýollar dürli görnüşdäki güller bilen bezelýär. Bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladanyň buýsançly beýanyna öwrülýär. Tebigatyň eçilýän gözelliklerini gorap, daş-töweregimizi abadanlaşdyrmak, bag nahallarynyň ösüp, saýa bermegini gazanmak bolsa nesilleriň geljegi baradaky alada bolup durýar. Şeýle asylly işlere goşandymyzy goşmak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Tebigat nygmatynyň gymmaty

aň-düşünjämiziň we sarp edişimiziň ösüşine görä artýar Tebigatyň keşbi — keşt eýläniňki, eşreti — netijeli işläniňki

Säher buşlukçysy

Ir säher guşlaryň jagyl-da-jugul seslerini eşidip oýanamda, daň ýaňy tilkiguýruk bolan eken. Golaýdan horazyň sesi eşidildi, ol üç öwra gygyrdy. Üçüsinde-de şeýle bir yhlas bilen gygyrdy welin, bolsa-da, maňa: «Bo-ho, bokurdagy ýyrtylmadyk bolsa-da biridir» diýdirdi. Ýogsa-da, özüne näçe zor salsa-da, ol horazyň garrandygy mese-mälim bildirip dur, sesiniň öňki durulygy galmandyr. Şeýle oýlara gümra bolup otyrkam, gögele oglan döwrümde wäşi gojalardan eşiden bir hekaýatym serimde köwsarlady: Öňde bir ýaşuly bolup, oňa Gökgöz aga diýer ekenler. Onuň birnäçe towugy bilen owadan gyzyl horazy bar eken. Meşhur basnýaçy şahyr Ata Salyh aýtmyşlaýyn: «Şagal bir gün ajykdy, awuň gözlegine çykdy» diýleni bolup, garaňky gijeleriň birinde bir aç şagal gelip, onuň towuklaryny ogurlamaga gözüni dikip, ketege sümülmekçi bolan. Ogry şagalyň bet pyglyny aýny wagtynda aňan gyzyl kekeçli horaz howatyrlanyp, öz ýanyndan: «Dur entek, seniň gözüňe görkezerin!» diýipdir-de, gojany oýarmak, bu howply ýagdaýy oňa habar bermek üçin tumşugyny göge tutup: «Gök-göz-aga — Gök-göz-aga...» diýip, bogazyna sygdygyndan, ala-zenzele turuzyp gygyrmaga başlanmyş. Biwagt çagy ýaňlanan bu sese allaniçigsi bolan Gökgöz aga derhal eline taýak alyp, ýaňky ogry şagalyň merkini berip kowanmyş. Şeýlelikde, ýaglyja etden agzy ýagjarmadyk aç şagalyň «arzyly» hyýaly pak çykypdyr. Ine, şondan bäri-de horaz janawa

Tebigat — ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözelligiň çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamlara sahylyk bilen eçilip gelýän genji-hazynadyr. Tebigatda her zadyň öz orny, öz ýeri bar. Howa, suw, Gün, gözel tebigat — bular birigip, ýaşaýşy hem-de özüneçekiji gözelligi emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimiziň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak barada beýik işler alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

Tebigaty goramak — möhüm mesele

Ýurdumyzda tebigatyň bize eçilen gözelliklerini hem-de onuň biodürlüligini gorap saklamak babatda uly işler geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we bag nahallaryny ekmek bilen, tebigaty has-da baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler munuň subutnamasydyr. «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Halkymyzyň tebigaty goramak we oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kanunçylyk binýady berkidilýär we kämilleşdirilýär. Bu ugurdaky döwrebap kanunlar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary

Dünýädäki täsin güller

Amorfofallus titanika Sumatra adasynda ösýän bu ösümlik dünýäniň iň uly infloresensidir (gül toplumy). Onuň güli açylanda çüýrän etiňki ýaly ysy bolýar, onuň gülleýiş döwri birnäçe gün dowam edýär.

Sazak — çölüň bezegi

Sazak çölüň täsin ösümlikleriniň biridir. Onuň ak sazak we gara sazak diýen iki görnüşi bolýar. Ak sazagyň şahalary selçeňligi, gara sazagyňky ýogynlygy we uzynlygy bilen tapawutlanýar. Sazak tokaýlygy adaty tokaýlara meňzemeýär. Agaçlar özara 2-5 metr aradaşlykda ýerleşýär. Sazak çölüň tupanynda janly-jandarlara penalanmaga peýdaly bolsa, Günüň ýakyp barýan jöwzasyndan goranmaga ýaramlydyr. Çölde tomsuň jokrama yssysynda onuň kölegesi janly-jandarlara ýaşaýşyň zerur çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Sazagyň ösüşine syn etmek özüne çekijidir. Düýp tutan ýaşajyk sazak derrew ýeriň yzgar gatlagyna ýetmäge ymtylýar. Bir ýylda sazagyň köki üç metre çenli ösýär. Sazagyň ýeriň aşagyndaky ösüşi üstündäki ösüşinden bäş esse çaltdyr. Ýigrimi bäş ýylyň dowamynda bäş-ýedi metr boý alýan sazagyň köki ýigrimi-otuz metre çenli uzaýar. Ýeriň jümmüşindäki suwa köküni ýetiren sazak aşa guraklyga-da tap gelýär.

Buzluklaryň mekany (Täsin tebigat)

Ýeriň hemişelik ilat ýaşamaýan bölegi bolan Antarktika tebigy täsinliklere örän baý. Planetamyzyň günorta polýusyndaky täsinlikleriň biri hem çyzykly buzlardyr. Adanyň kenaryna golaý ýerdäki bu aýsberglerde, beýleki buzlardan tapawutlylykda, ýokardan aşaklygyna gaýdýan çyzyklar bolýar. Alymlar bu şekilleriň jaýryklaryň erän suw bilen dolmagy we gaýtadan doňmagy netijesinde emele gelendigini belleýärler. Antarktikanyň töweregindäki ululy-kiçili müňlerçe äpet buz bölekleriniň köpüsi wagtyň geçmegi bilen suwuň akymyna — ýyly suwly deňizlere aralaşýar. Käbir buz bölekleri bolsa onlarça ýyllap şol duran ýerinde saklanýar. Çyzykly buz bölekleriniň uzak ýyllaryň dowamynda emele gelendigi anyklandy. Alymlar aýsbergde açyk gök, ýaşyl, sary we goňur reňkli çyzyklaryň bardygyny aýdýarlar. Antarktikada başga täsinlikler hem az däl. Sebit dünýäniň iň gurak çöli hasaplanýar. Buzluklar bilen örtülen hem bolsa, sebitiň köp ýerine ýüzlerçe ýyldan bäri ygal düşmändir. Ýagny ýagyş ýa-da gar ýagmandyr. Bu bolsa ol ýeri çöl diýip hasaplamaga esas döredýär. Planetamyzyň iň sowuk ýeri hem Antarktika hasaplanýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Ýemşen — türkmen tebigatynyň täsin agajy

Durmuşda şeýle adamlar bolýar. Olar daşymyzy gurşap alýan gözel tebigata we onuň barlyklaryna inçe synçylygy, juda aladaçyllygy, galdawlygy, amal edýän işi bilen özgelerden mese-mälim tapawutlanýarlar. Biz makalamyzyň başyny şeýle adamlaryň biri baradaky gürrüňden başlamagy makul bildik. Ol Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda ýaşaýar. Käri boýunça biologiýa mugallymy bolup, etrabyň Döwletgeldi Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebinde zähmet çekýär. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle biologiýa dersinden sapak berýär. Çaryýar Aşyralyýew türkmen tebigatynyň täsin gözelliginiň hakyky janköýeri. Ol tebigata, aýratyn-da, dag tebigatyna, onuň otuna-çöpüne, janly-jandarlaryna juda belet. Inçe synçylygy bilen indi köp ýyllardan bäri olara yzygiderli gözegçilik edýär. Ine, tebigata şeýle synçylyk we ýadawsyz gözegçilikler hem Çaryýar mugallymyň iki ýyl mundan ozal türkmen tebigatynyň täsin ösümliginiň üstünden barmagyna getirdi. Şol täsin ösümlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde ilkinji gezek öz beýanyny tapan, türkmen tebigatyndan düýbünden ýitip barýan görnüş bolan ýemşendir.

Suw tebigatdyr

Suwuň, onda-da içimlik suwuň gadyr-gymmatyny islendik halk bilýändir welin, ýöne türkmenlerde onuň arzysy has üýtgeşikmikä diýýäris. Suwuň damjasyny altyn dänesine deňän, «Suw aga!» diýip sarpalan ata-babalarymyz oňa, gör, nähili zar bolupdyr, mätäçlik çekipdir. Häzir Türkmenistanda suw hojalygynyň infrastrukturasyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Täze suw howdanlaryny, suw arassalaýjy desgalary gurmak, ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ululygy boýunça Aziýada üçünji ýerde durýan Garagum sährasynda diňe arassa agyz suwy däl, eýsem, ekerançylyk, maldarçylyk we beýleki hajatlar üçin hem suw gerek. Bu möhüm wezipäni çözmek ýurduň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap suw desgalary şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Baglar – zeminiň zynaty

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmakda, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Pürli bezeg baglary ýylyň dowamynda ýaşyl öwsüp, howany kislorod bilen baýlaşdyrmakda, fitonsidleri ýaprakly agaçlardan iki esse köp bölüp çykarýandygy sebäpli, howany zyýanly mikroorganizmlerden arassalamakda netijeli hasaplanylýar. Olar timar berlip ulanylmaga çydamlylygy üçin ýaşyl haýatlary döretmekde, açyk meýdan bezeg işlerinde dürli şekilleri bermekde amatlydyr. Şeýle-de olar kseromorf häsiýeti, ýagny gurakçylyga çydamlylygy bilen bellidir. Ösümlikleriň bu bioekologik aýratynlyklary olary bagy-bossanlyga öwürmek işlerinde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Pürli bezeg baglarynyň bioekologiýa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olar Arkadag şäherini bagy-bossana öwürmek işlerinde hem giňden peýdalanylýar. Pürli agaçlar seýilgähleri, edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregini bagy-bossana öwürmekde netijeli ulanylýar. Pürli bezeg baglaryndan eldar sosnasyny, arizon serwisini, Gündogar tuýasyny, arça görnüşlerini bellemek bolar. Beýik göwdeli eldar sosnasy (Pinus eldarica Medw.) gadymy üçülenji döwrüň relikt ösümligi bolmak bilen, onuň giň piramidal kronasy hemişe ýaşyl pürler bilen örtülýär.

Şabat şemal

Pederlerimiz ýeli — şemaly hem dürlüçe atlandyrypdyrlar. Mysal üçin, esasan-da, Gökdepe, Bäherden sebitlerinde seleň, sergin manylaryny berýän şiwe sözi bolan şabat sözi ulanylýar. Ol gepleşikde şabat şemal, şabat howa (şavat görnüşde aýdylýar) ýaly ulanylyp, dagdan öwüsýän salkyn şemalyň adydyr. Şu söze golaý şabada sözi özbek dilinde «baharda öwsen şemal» manysyny berýär. S.Karaýew özbek dilindäki şabada sözüniň pars-täjik dilinde «şab boda» — «agşam şemaly» manysyny belläpdir. Ärsary şiwesindäki epgek manysynda ulanylýan «tapbat» sözi hem şabat sözi bilen köki birdir. Ol «Gawuna tapbat, ogra şapbat» diýen nakylda hem saklanyp galypdyr.

Hazar — hazyna

Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda sebitde we dünýäde ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, baý bioköpdürlüligini gorap saklamak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hazar deňzi barada ýazylan taryhy çeşmelere esaslananymyzda, bu deňziň 70-den gowrak adyna duşmak bolýar. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Munuň sebäbi bolsa, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aglaba görnüşleri endemikidir, ýagny bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar. Dünýäniň iň kiçi görnüşli düwleni hem bu deňizde gabat gelýär.

Öz ülkäňi öwren!

Köýtendag — hazynalar mekany Pamir beýikliklerinden gaýdýan Gissar dagy Türkmenistanyň gündogar nokady bolan Hezretagsar belentligine gelip, şahalanyp, günbatara tarap uzalyp gaýdýar. Gyzyl reňkli dag jynslary bilen örtülenligi üçin ýerli ilat dagyň sag şahasyny Gyzyldag, beýleki şahasyny bolsa, Garadag diýip atlandyrýar. Bu daglara umumylykda Köýten daglary diýilýär. “Köýten” sözi — dor dag, dor jülge diýmekligi aňladýar. Bu dagyň uzynlygy 80-100 kilometrlik dag jülgesi bilen baglydyr.

Täsin jandar

Keýikler hakynda söz Golaýda goňşy obada, bir alada-da otyrkak, keýikler hakynda edilen, haýran galdyryjy gyzykly gürrüňleri diňledim.

Bileniň — baýlygyň

Kebelekler Kebelekler sanlyja wagt ýaşamak üçin dünýä gelen jandarlardyr. Görnüşine görä, kebelekler birnäçe günden bir ýyla çenli ýaşaýarlar. Kebelekleriň dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Olar dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek üçin ulanýarlar. Kebelekleriň dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanan wagty, haýal etmän, ganatlaryny açýarlar. Kebelekleriň reňkiniň köpdürliligi we dürli öwüşgünliligi mör-möjekleriň hiç biriniňkä meňzemeýär.