"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen tebigaty

Sergin şemal sypap geçer ýüzüňden,Seýran etseň türkmen tebigatyna.Hatar gurap, durna geçer düzünden,Seýran etseň türkmen tebigatyna. Gök gürlese, arşdan iner ýagyşlar,Daga, sähra berekedi bagyşlar,Haýran eder älemgoşar nagyşlar,Seýran etseň türkmen tebigatyna.

Türkmen tebigaty – täsinligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda umumybilim berýän edaralarda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olara milli mirasymyz, döwletlilik ýörelgelerimiz, gözel tebigatymyz barada hem giňişleýin düşünjeler berilýär. Çünki, mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp giň türkmen sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatynyň iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Çünki, türkmen tebigaty, onuň täsin ösümlik dünýäsi milletimiziň gymmatly mirasydyr, baýlygydyr, buýsanjydyr.

EKOLOGIÝA MEDENIÝETINIŇ ESASY ÝÖRELGELERI

Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýeti– bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň jemidir. Ekologik bilim – bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

MEN GEÇEN GÜÝZDE BAŞGADYM...

Men geçen güýzem beýle däldim. Pikirlerim telper, duýgularym ýöntemdi. Bu güýzde bolsa, men hut çalşylan ýaly. Kalbyma nähilidir bir asudalyk aralaşyp, beýnim rahatlanypdyr. Hemişekim ýaly, içimde düşnüksiz howlukmaçlygam ýok. Ähli zada özümçe paýhas bilen garaýan. Elbetde, öňki halamaýan zatlaryma söýgi döränok, ýöne ýigrenjimem hetden aşyp baranok. Şeýlemi? Şeýle. Dälmi? Däl. Sähel öňki özüme dönjek bolsamam, güýz dadyma ýetişýär. Ol «Ýo-ok, beýle etmek asla gerek däl...» diýen manyda pyşyrdap goýberýär welin, ol pyşyrdynyň badyna baglaram «Ýok-ýok! Ýok-ýok!» diýip başlaryny iki-ýana yraberýärler. Men güýzüň maňa bu gezekki beýle hamraklygyny nämä ýorjagymy bilemok. Ýa ol meniň özüni ilkinji gezek kakasyz garşylaýanym üçin dözmezçilik edýärmikä? Şeýledir. Güýz şeýdip, meniň agyryly ýüregime üç aýlyk hem bolsa melhem ýapjak bolýandyr...

Ynsan we tebigat gatnaşygynyň sazlaşygy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Be­re­ket­li bag-bak­ja, Erem bag­la­ry de­ýin pür-pu­dak­ly, mi­we­li hem sa­ýa­ly da­ragt­ly, ta­ry­hy hem te­bi­gy gö­zel­lik­ler hak­da söz açy­lan­da, hut şu ýer­le­riň be­hişt sa­ýa­ly ýe­ne bir aja­ýyp kün­je­gi hök­man göz öňü­ňe gel­ýär» di­ýen söz­le­ri türk­men te­bi­ga­ty­nyň ke­rem­li top­ra­gy­nyň aja­ýyp was­py­ny ýe­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýaş­lar­da eko­lo­gik bi­li­mi we eko­lo­gik me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Alym Ar­ka­da­gy­myz «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da «Per­zent, ça­ga ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns bi­len bak­ýan pe­der­le­ri­miz ne­sil­le­riň sag­dyn we aň­ly dü­şün­je­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri, şeý­le hem te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak­la­ry üçin ze­rur bo­lan äh­li zat­la­ry öw­re­dip­dir­ler» di­ýip bel­le­ýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27 gradus maýyl bolar.

Iň gaty sesli balyk

Ýer ýüzündäki adamlaryň köpüsi balyklaryň ses çykarmaýandygyna ynanýarlar. Emma nemes biolog alymlarynyň soňky ylmy açyşlary balyklaryň «lal» däldiklerini subut etdi. Ululygy bary-ýogy 12 millimetrlik bolan Danionella cerebrum balyklarynyň sesiniň edil reaktiw hereketlendirijileriniňki ýaly, örän çasly çykýandygy ýüze çykaryldy. Ýörite ses barlaýjy gurallaryň kömegi arkaly barlananda, bu balyklaryň sesiniň 140 desibele (dB) deňdigi anyklanyldy.

Güýz hakynda setirler

Güýz ýylyň iň sahawatly möwsümi. ***

Bag ekmek — sogap

Agaç nahallaryny oturtmak ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak we ony nesillere geçirmek ekologiýa syýasatynyň esasy özenidir. Baglaryň daş-töweregine, ýollaryň gyrasyna, saýaly agaçlaryň arasyna, köçeleriň çatryklaryndaky meýdançalaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, myhmanhanalaryň öňlerine bezeg beriji agaçlary we gülleri ekmegiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Tylla güýzüň örküji

Türkmen milli ýyldyz senenamasynyň ýedinji döwri bolan mizan tyllaýy reňkli güýz paslynyň tüýs örküjine gabat gelýär. Ýylyň 23-nji sentýabr — 22-nji oktýabr aralygyny öz içine alýan bu möwsüm daýhan üçinem, çarwa üçin-de möhüm döwürleriň biri. Aslynda-da, güýze beýleki pasyllara meňzemeýän özboluşlyklar mahsus. Tomsuň jöwzasy-ha mazaly sowlandyr, gyşyň sowugyna hem heniz biraz maý bardyr. Ine, şu häsiýeti bilen güýz her bir zähmet adamyna «hany, tomus yssy diýýädiň, ol-a sowuldy, gyşyň doňaklygyna hem entejik wagt bar, näme eliňden gelýän bolsa gaýgyrma, goluňy çerme-de giriş, dek oturma» diýýän ýalydyr. «Gije diýýäniň bir tutam, gysga, gündiz bolsa aňyrsyna ýetdirmeýän uzaklyk» diýjek gümanyň ýok, gije bilen gündiziň deňleşýän günlerem, ynha, şu möwsüm bilen baglanyşykly. Tüýs deňagramlylyk! Adyna kybap, mizan — terezi!

Tokaýlar hakda gyzykly maglumatlar

— Sibir taýgasy dünýädäki iň uly tokaýdyr. — Finlýandiýanyň çäginiň 70 göterimden gowragy tokaý bilen gurşalandyr.

Meýletinçiler Elbrusda

Meýletinçileriň 1 müň 500-den gowragy Elbrus dagynyň etegini zibilden arassaladylar. Kabardin-Balkariýada «Arassa dag» ady bilen ekologiýa festiwaly geçirildi. Düýpli arassalaýyş işleri dagda deňiz derejesinden dört müň metre çenli belentliklerde geçirildi. Her bir meýletinçä işlemek üçin ýer bölünip berildi we dagda hereket etmegiň düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, Ýewropadaky iň uly dag belentliginiň ekologiýasyny goramagyň wajypdygy düşündirildi.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýt­gäp dur­ýan bu­lut­ly ho­wa bo­lup, hep­dä­niň ba­şyn­da we or­ta­syn­da ýa­gyş ýa­gar. De­mir­ga­zyk-gün­ba­tar­dan gün­do­ga­ra ug­ru­ny üýt­ged­ýän, tiz­li­gi se­kunt­da 8 — 13 metr­den 12 — 17 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­le­ri­ne +16... +21 gra­dus­dan +19... +24 gra­dus ara­ly­gyn­da ma­ýyl, gün­diz­le­ri­ne +27... +32 gra­dus, we­la­ýa­tyň ke­nar­ýa­ka et­rap­la­ryn­da +24... +29 gra­dus ma­ýyl bo­lar.

Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi

12-nji sentýabrda TDIM-de «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Sahawatly Bathyz

Tebigatyň şeýle ajap künjünde geçiren günlerimiz hemişelik ýadymyzda galdy. Bu ýeriň tebigy gözelligi, täsin gurşawy aýratyn söhbet açmaga mynasyp. Bathyzyň giň meýdanlary Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Guşgy we Tejen derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Dag bölegi Parapamyz dagynyň şahasyna öwrülen Gyzgädik belentliginden ybarat bolup, demirgazykda günorta-gündogar Garagum bilen araçäkleşýän çägeli düzlüklere geçýän baýyrlara ýaýrap gidýär. Umumy meýdany 75 müň gektara ýetýän Sarahs we Pulhatyn pisse jeňňelleri, şeýle-de çuňlugy 400 — 500 metre barabar Ýeroýulanduz çöketligi Bathyzyň esasy täsinlikleri hasaplanýar.

Ýe­riň ekiz­taý­la­ry

Şu wag­ta çen­li as­man gi­ňiş­li­gi­ni, ýyl­dyz­la­ry, pla­ne­ta—saý­ýar­la­ry öw­ren­ýän alym­lar, ast­ro­nawt­lar bi­ziň ýa­şa­ýan Ýer to­ga­la­gy­my­za meň­zeş ulu­ly-ki­çi­li pla­ne­ta­la­ryň bar­dy­gy­nyň üs­tü­ni aç­sa­lar-da, olar­da ýa­şa­mak üçin şert­le­riň ýe­ter­lik däl­di­gi su­but edil­di. Ola­ryň kä­bi­rin­de ho­wa — kis­lo­rod ýet­mez­çi­lik et­se, kä­bi­rin­de su­wuň ýok­du­gy ýa-da — 80 de­re­jä çen­li so­wu­gyň, kä­ha­lat­da +60 de­re­je­den geç­ýän gyz­gyn ho­wa­nyň bol­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Hä­zir­ki wagt­da Ýe­re meň­zeş pla­ne­ta­la­ryň 2 müň­den gow­ra­gy ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­kyn­da SPECULOOS tas­la­ma­sy­na gat­naş­ýan ast­ro­nawt­la­ryň hal­ka­ra to­pa­ry bi­ziň ýa­şa­ýan Ýe­ri­miz­den 55 ýag­ty­lyk ýyl uzak­da ýer­leş­ýän tä­ze bir saý­ýa­ryň — pla­ne­ta­nyň üs­tün­den bar­dy­lar we ony tas­la­ma­nyň hor­ma­ty­na «SPECULOOS-3b» di­ýip at­lan­dyr­dy­lar. Bu pla­ne­ta göw­rü­mi bo­ýun­ça Ýe­re ju­da meň­zeş bo­lup, ol iň so­wuk ýyl­dyz­la­ryň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Ge­çi­ril­ýän gö­zeg­çi­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, on­da bir gi­je-gün­di­ziň do­wam­ly­ly­gy­nyň 17 sa­ga­da deň bo­lup, Gü­nüň ýy­ly­ly­gy­nyň iki es­se, ýag­ty­ly­gy­nyň bol­sa 100 es­se az­dy­gy anyk­la­nyl­dy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Söýýän güýz paslyny — sarylygyny...

Ozalam bir bagşynyň «Söýgim galdy güýzlerde» diýip aýdym aýdyşy ýaly, güýz hemmeleriň duýgusyna täsir edýän pasyllaryň biri. Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň: «Her güýzde täzeden gülleýärin» diýşi ýaly, deň-duşlarymyz bilen söhbetdeş bolan mahalymyz, güýz hakda gürrüň edilse, güýz pasly gelse gussa batýandyklaryny, käbirleri bolsa bu aýda işleriniň köpelýändigini, döredijilik adamlary bolsa ylhamlarynyň joşýandygyny aýdýarlar. Güýz üýtgeşik pasyl. Güýz paslynyň üýtgeşik gözelliginiň ýazyjy-şahyrlara, nakgaşlara aýratyn döredijilik ylhamyny bagyşlaýanyny güýz bilen bagly döredilen eserleriň köplüginde-de görýäris. Dünýäni sarylyga öwrüp gelýän güýz döredijilik üçin duýgularyň giden ummanyny, ony wasp etmäge reňkleriň hem baý dünýäsini açýar. Güýzde şahyrlaryň döwet galamlaryndan şahyrana, inçe lirizime ýugrulan ajaýyp eserler döreýär. Ol günler iň bagtly çagalyk ýyllarymyzdy. Güýz gelende howlymyzdaky işleriň köpelýändigine garamazdan, biz bagtlydyk. Güýzüň jana şypaly howasyndan dem alyp, datly miwelerdir bakja önümleriň şirinligindenem iýip doýup bilmezdik. «Güýzde ýapraklar gaçanokda, uçýarlar» diýýän dana mamla. Agaçlardan saralyp gaçýan ýapraklar, ýere has golaýlaşýan bulutlar, tutuk asman — bularyň barysy bize indi günleriň gysgalyp, gijeleriň uzaljak günleriniň hem uzakda däldiginden habar berýärdi. Birdenem, asmany gara bulut gaplap, güýz ýagmyry başlar, ýygnalyp ýetişmedik

Ýyldyzlar näme diýýär? Oktýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Oktýabrda hamallara işjeň durmuş garaşýar. Esasy zat, bu aýda hiç kimiň göwnüne degmejek boluň. Bu aýyň şygary — mümkin boldugyndan dostana bolmak, ruhubelent pikirlenip, islendik kynçylygy ýeňip geçmäge dyrjaşmakdyr.

Gözellikde göz eglener

Güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen bagçylygy ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe ildeşlerimiz agzybirlik we ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz gür baglyga bürenýär, gülzarlyga beslenýär. Şeýle möhüm işde aýry-aýry edara-guramalaryň işgärleri köplere nusgalyk görelde görkezýärler. Munuň şeýledigine welaýat merkezimizde ýerleşýän «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň we oňa ýanaşyk ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň daş-töweregine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýanýodalaryň gyralarynda birgeňsi bolup ösüp oturan dürli görnüşli gyrymsy, pürli hem-de ýaprakly bezeg agaçlarynda, owadan güllerde nazaryň eglenýär. Olaryň arasynda senuber, tuýa, güjüm, wirgin arçalary bar. Şol baglygyň arasyndaky ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän otly meýdançalar bolsa bu gözellige gözellik goşýar. Baglara we otlara wagtly-wagtynda suw berlip, ideg işleriniň göwnejaý ýola goýulmagy netijesinde olar ytygsaman ösýärler, ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döredýärler.