Bir etrapdan iki habar
Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaçalaryň ideg möwsüminde hatarara bejergi, ösüş suwyny tutmak bilen bir hatarda, olary zyýan berijilerden goramak işlerine-de uly üns berýärler. Etrap boýunça 15-sany biolaboratoriýalar hereket edip, ekinlere gerekli bioönümler taýýarlanýar. Daýhan birleşiklerinde, dökünhimiýa bazasynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda hereket edýän laboratoriýalarda öz işine ezber işçi-hünärmenler zähmet çekip, taýýarlanýan bioönümleriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaça meýdanlaryna trihogramma, gabrabrakon, altyngözlije goýbermek işi alnyp barylýar. Her günde etrap boýunça 750 — 800 gektar ýere peýdaly mör-möjekler goýberilýär. Ekinleri zyýan berijilerden goramakda «Akgala», «Bereket», «Maslahat», «Täzeýap», «Zaman» daýhan birleşikleri aýratyn tapawutlanýarlar.