"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işeňňirler işde belli

Murgap etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasy welaýatdaky ugurdaş kärhanalaryň arasynda öz işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmagy başarmakda, öwgä mynasypdyr. Onuň bir ýylda jemi 90 müň tonna — 60 müň tonna orta süýümli, 30 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Şonuň üçin häzir bu ýerde her günde 60 — 70 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Özara bäsleşikde kärhahanyň ussalary Azat Allakowyň, Güýç Akyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary aýratyn tapawutlanýarlar.

Baglaryň «dilini tapýan» bagban

Lezzetli miwelerini şahalarynda güjeňleýän baglary synlanyňda, olara yhlasyny siňdirýän bagbanlaryň zähmetine «Aperin!» diýýärsiň. Şeýle bagbanlaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, alym-agronom Narbaý Hamitowdyr. ol 2 gektar kärende ýeriniň 1 gektarynda gyşky alma, 0,4 gektar meýdanynda armyt we beýi, galan 0,60 gektarynda bolsa gyzyl alma ösdürip ýetişdirýär. Topraga hyzmat etmek, bag nahallaryny oturtmak diýen düşünjeleri Narbaý aganyň ykbalyndan aýra göz öňüne getirmek mümkin däl. Baglar tejribeli, zähmetsöýer bagbanyň yhlasy bilen hasylly bolýar. Narbaý aganyň kakasy Hamit Abdyllaýew oglunyň çagalykda baga bolan höwesini ikelläp goldady. Şonuň üçin ol oglunyň oba hojalyk ugrundan ýokary bilim almak hakyndaky arzuwyna özünden beter begendi. Narbaý aga 1993-nji ýylda almany gurçuk keselinden goramagyň usullary boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp gutarýar we oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejäni alýar.

Oba hojalygynda «Dafaconnect» programmasy

2020-nji ýylyň tomsundan başlap, «Telematika» ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ähli oba hojalyk tehnikalary üçin «Dafaconnect» programma ulgamy hereket edip başlady. Öňler dürli kysymly oba hojalyk tehnikalaryny ulanýan daýhanlar her bir kysym üçin aýratyn programma üpjünçiligini gurnamaly ýa-da öndürijiniň webportalyny peýdalanmaly bolýardylar. Indi «Claas», «John Deere» we dünýäniň beýleki öňdebaryjy önüm öndürijileri bu ugurda tagallalaryny birleşdirdiler. Şeýlelikde, daýhan hojalyklary sanly ulgamy ulanmak arkaly özüne degişli bolan ähli tehnikalaryň häzirki işleýän ýerlerine we öň işlän ýerlerine, tehniki ýagdaýyna, hereketleniş tizligine, ýangyç üpjünçiligine «Dafaconnect» programmasy arkaly gözegçilik edip bilerler.

Atyň bedenine buýan köküniň täsiri

Buýan köküniň adam saglygyna peýdaly täsiri barada örän köp we gyzykly maglumatlar bar. Biz hem onuň atyň bedenine edýän täsirini öwrenmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna degişli bolan 2019-njy ýylda doglan 10 baş ýaş atlary analog usuly boýunça saýlap aldyk. Ylmy-hojalyk tejribesiniň usulyýetine laýyklykda saýlanyp alnan taýlar iki topara — birinji barlag we ikinji tejribe toparyna bölündi. Barlag toparynyň taýlary dürli otlaryň garylmagy bilen taýýarlanylýan ýorunja bedesi, bugdaý ununyň kepegi we arpa dänesi bilen iýmitlendirildi. Ikinji tejribe toparynyň taýlary hem edil şol görnüşli we şol bir mukdardaky ot-iýmler bilen, ýöne bir üýtgeşikligi, ol hem olara gündelik berilýän 0,3 kilogram bugdaý ununyň kepegi buýan köküniň şiresiniň 2 göterimli ergini bilen garyşdyrylyp berildi. Ýaş atlar buýan köküniň şiresi bilen garyşdyrylan kepegi işdämenlik bilen kabul edýärler. Biziň pikirimize görä, onuň esasy sebäbi buýan köküniň şiresiniň süýjümtik tagamly bolmagy bilen baglydyr. Tejribedäki taýlary täze berilýän ot-iýmlere öwrenişdirmek işleri 2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda, ylmy-hojalyk tejribesi bolsa 20-nji iýulynda başlandy.