"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gyş suwy tutulýar

Bäherden etrabynyň tejribeli gallaçylary geçen ýylyň güýzünde ekerançylyk meýdanlarynyň 21 müň 100 gektaryna däne ekişini geçirdiler. Häzirki günlerde ekerançylyk meýdanlaryndaky ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Boý alýan maýsalara 3-nji ösüş suwy tutulýar. Bu işde gallaçy kärendeçiler daýhançylykda giňden ulanylýan suw tutmagyň ders-şerbet usulyndan peýdalanýarlar. Şeýle hem olar ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy witaminler bilen hem iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de «Zähmet» daýhan birleşiginde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Käşiriň damjalaýyn usulda suwarylyşy

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär. Dökünli ýerde käşir düýpleri has iri, gabarasy we agramy boýunça birmeňzeş bolýar. Mundan başga-da, kadaly dökünlenen käşiriň düzüminde witaminleriň möçberi artýar.

Eşretli döwrüň eýeleri

Ýaňy dogup gelýän Günüň tyllaýy şöhlesine öwşün atýan meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlaýan ýokary derejeli tehnikalar hereket edýärler. Olar altyn reňkli deňizde asuda ýüzüşip ýören gämilere çalym edýärler. Säheriň sergin howasynda özüniň tutuş maşgalasy bilen çeken zähmetiniň netijesini synlap duran, bu ajaýyp görnüşden tükeniksiz lezzet alýan ýaşuly içki pikirini daşyna çykaranyny-da duýmady:

«Dokuzyň üçe ýetýärmi?!»

Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar. Dowardarçylykda dowarlary dok gyşlatmak, gyşdan başbitin alyp çykmak her bir mal eýesinden ýa-da çopandan iň bir tutanýerliligi talap edýän möwsümdir. Dowarlary dok gyşlatmakda milli we ygtybarly tejribelere daýanylyp, dogry we doly ýerine ýetirilmegi bolsa, öňdäki owlak-guzy möwsüminde alynjak ýaş owlakdyr guzularyň sagdyn bolmagyna oňyn şert döredýär. Dowardarçylykda alnyp barylýan her bir möwsümleýin işlerde milli tejribelere daýanmak örän ygtybarlydyr. Sebäbi ol ygtybarly tejribeler birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda durmuş tejribesinden saýlanylyp alnan işlerdir.

Täzelikler, habarlar

Ekologiýa taýdan arassa önümler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji kärhanasy ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän we eksport edýän düzümleriň biri hasaplanýar. Bu döwrebap kärhananyň önümçülik binalary dünýä meşhur kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli kämil enjamlary bilen üpjün edilen. Ýokary tehnologiýaly kärhananyň önümleri özüniň hili boýunça dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär.

Çopanyň bagy

Çopan aga ömrüni ene topraga hyzmat etmäge bagyşlan adam. Şonuň üçin onuň daýhançylygyň ähli ugurlaryndan baý iş tejribesi bar. Ol diňe bir ussat gallaçy, pagtaçy hökmünde däl, eýsem ussat bagban hökmünde hem özüni tanatmagy başardy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Nalajyň gyryny etekläp oturan Harmanjyk obasyna ýetäýen ýeriňde, uly ýoluň ýakasynda daş-töweregine seteran derekler ekilen, elesläp oturan baga gözüň düşýär. Bu baga hemmeler Çopanyň bagy diýýärler. Awtobusda ýolagçylar gidip barýandyr. Sürüji adamlara ýüzlenip, Çopanyň bagynda düşjegiň bardygyny ýokdugyny sorar. Uly ýoldan her günde awtobus näçe gezek geçse, bu sözler şonça gezegem gaýtalanar.

Rysgal-bereketli ajaýyp Diýar

Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýokary zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gowy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyz adam hakynda aladany ilkinji nobatda goýmak bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermekde yzygiderli alada edýär. Şeýle-de raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, talyp haklary, kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Halkyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Işler gyzgalaňly barýar

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işçi-hünärmenleri öňde duran ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Kärhananyň abatlaýjy ussalary bar bolan sürüm traktorlarynyň, ýer tekizleýjileriň, bejergi traktorlarynyň ählisiniň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdiler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ekiş möwsümini gysga möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirmek üçin tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hasabyndaky dürli kysymly tehnikalaryň 63-sini sürümde, 38-sini ekişde, 45-sini hem bejergide peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Aýgytly möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginde esasy daýanç hasaplanylýan kuwwatly tehnikalary, beýleki oba hojalyk gurallaryny talabalaýyk abatlamak işleri gije-gündizleýin tertipde dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde etrabyň daýhan birleşiklerine degişli bolan tirkeg gurallaryndan borona-malalaryň 852, ekijileriň 57, dökün berijileriň 27, derman pürküjileriň 36, kultiwatorlaryň hem 169 sanysy doly abatlanyp, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Dürli meýdan işlerinde ulanylýan azallaryň hem çizelleriň käbir enjamlarynyň, beýleki ätiýaçlyk şaýlarynyň birnäçe görnüşi kärhananyň demirçi ussalarynyň öz güýji bilen ýasalýar.

Sazlaşykly tagallalar

Şu günler Tejen etrabynda meýdan işleri barha gyzyşýar. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ak ekinlere göwnejaý ideg etmek ýaly wajyp işlere aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Bu ugurda kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, oba hojalyk hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalary işiň hiline we depginine oňyn täsirini ýetirýär. Etrap boýunça 34 müň gektarda gowaça ekişiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ekişi agrotehniki möhletlerde başlap, ýokary hilli we bökdençsiz alyp barmakda ekişiň öňýanyndaky meýdan işleriniň ähmiýeti uludyr. Muňa oňat düşünýän etrabyň oba zähmetkeşleri sürümi wagtynda tamamlap, tekizlemek, geriş çekmek ýaly işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmagy maksat edinýärler.

Synag döwri

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň çopan-çoluklary dowam edýän gyş paslyny guramaçylykly geçirmek, mallary ýyly hem dok gyşlatmak, olary gurat hem başbitin saklamak boýunça göwnejaý işleri alyp barýarlar. Birleşigiň mallary S.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Dowardarçylyk» hem-de Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň hasabynda, Garagumuň Akmolla, Damla, Kyrkguýy, Ataguýy, Yslam, Gyzylburun, Dawaly we beýleki ýaýlalarynda bakylýar. Bu hojalyklarda häzirki wagtda dowarlaryň jemi 97530-sy, düýeleriň hem 4232-si bolup, olar 100-den gowrak dowar hem 40-dan artygrak düýe sürülerine bölünip, tejribeli çopanlar tarapyndan idedilýär. Demirgazyk sebitiň özboluşly howa şertleri bar. Bu töwerekde müň gylykly gyňyr gyşyň aýazy has äşgär duýulýar. Şu ýagdaýlary nazara almak bilen, maldarçylyk hojalyklarynyň bellenilen öri meýdanlaryndaky ýataklaryň, kaşarlaryň ählisi düýpli abatlanyldy, guýular gözden geçirildi, uzak örülerde amatly şertleri döretmek bilen bagly üpjünçilik meseleleri irgözinden çözüldi. Ätiýaçlyk ot-iým bolçulygynyň döredilmegi mallaryň talabalaýyk idedilmegine, olaryň sagdyn, orta we ýokary semizlikde saklanylmagyna täsir edýär. Geçen ýylyň dowamynda gyşky möwsüm üçin “Garagum” maldarçylyk hojalygynda 3190, “Dowardarçylyk” hojalygynda hem 3164 tonna ot-iýmlik ekiniň, iri baldakly otuň ätiýaçlyk go

Mallaryň idegi göwnejaý

Berkarar Diýarymyzyň ýaşaýjylaryny maldarçylykdan alynýan ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasyny düzýän möhüm ugurlaryň biridir. Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşy, Serdar, Etrek etraplaryndaky maldarçylyk hojalyklarynda hem bu ugurda döwrebap işler alnyp barylýar. Geçen önümçilik ýylynda mallardan owlak-guzy, köşek almak, et we beýleki maldarçylyk önümlerini taýýarlamak baradaky meýilnamalaryna abraý bilen amal etmegi başaran welaýatyň çarwadarlary häzirki dowam edýän gyş paslyny hem üstünlikli geçirýärler. Çarwadarlaryň irginsiz tagallalary bilen, häzirki wagtda welaýatdaky döwlet eýeçiligindäki dowarlaryň 75 müňden gowragy we düýeleriň 2 müň 978-si amatly öri meýdanlarynda gyşladylýar. Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» we Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň çarwadarlary şu günler Garagum sährasynyň jümmüşindäki hem-de Köpetdagyň eteklerindäki örülerde bakylýan dowarlary orta we ortadan ýokary semizlikde gyşlatmak üçin tagallalaryny gaýgyranoklar. Mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ýörite döredilen toparlar tarapyndan geçen ýyl meýdan otlarynyň 1 müň 285 tonnasy, iri baldakly otlaryň, samanyň we ýandagyň jemi 4 müň 44 tonnasy irgözinden taýýarlanyldy. Medeni zolakdan uzakda, Garagum sährasynyň jümmüşinde we

Oba hojalygy

ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET Akdepe etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň zähmetsöýer hünärmenleri şu ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk döwründe öndürijilikli zähmet çekýärler. Bu kärhana degişli 109 sany tehnika bolup, olardan 68-si sürüm, 41-si bejergi traktorlarydyr. Ekijileriň 52-si, çizelleriň 18-si, pluglaryň 68-si möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda 25 sany ýokary öndürijilikli tehnikalar daýhan birleşiklerinde tekizlemede işledilýär. Zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleri sepýän pürküjileriň 15-si, kultiwatorlaryň 28-i doly taýýarlanyldy, ekiş möwsüminde ulanyljak borona-malalar abatlanyldy.

«Gyzylgumuň» ýaşyl maýsalary

Diňe Hojambazda däl, welaýatymyzyň ähli etraplarynda şeýle: ilatly ýerleriň jümmüşinden geçýän awtomobil ýollaryň tas ählisiniň diýen ýaly goşa «kenaryny» ekin meýdanlary bezeýär. Olaryň arasynda bugdaýly meýdanlar, gowaçaly atyzlar, gökdür bakja ekinleri ekilen ýerler hem bar. Soň tä barjak ýeriňe barýançaň, tebigatyň gözelliginden, zähmetiň joşgunyndan göwnüň ganatlanar gider. Türkmenabatdan Hojambaz etrabynyň merkezine uzaýan awtomobil ýoluň ugrunda, etrabyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň çäklerinde hem gözleriň manzara düşýär. Ýaşyl maýsaly meýdanlar obanyň bir çetinden başlap, derýa ýakasyna, çölüň jümmüşine çenli uzaýar. Tüweleme, olaryň boý alşy hem hiç neneň däl. Jeýhunyň mele suwundan ganyp, döküni kemsiz ýetirilen maýsalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedini buşlaýar.

Esasy pudagyň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda azyk senagaty pudagynda önümleriň goýberilişini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulyp, onda oba hojalyk toplumy möhüm orny eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmek üçin uly maýa goýumlary gönükdirilendir. Oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek, bu pudagyň işlerinde ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak we ökde hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Oba hojalyk işgärleri ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirip, öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, obalaryň durnukly ösüşini, ilaty iş bilen üpjün etmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, hojalygyny dolandyrýan dürli tarapla

Meýdan işleri gyzyşýar

Pagtaçylyk agrosenagat toplumynyň möhüm we düşewüntli pudagydyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda pagtaçylygyň ösüşine aýratyn üns gönükdirilýär. Gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pagtaçylygyň ylmy esasda alnyp barylmagy, şeýle-de onuň ekilýän meýdanlarynyň giňeldilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri hem ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Geçen oba hojalyk ýylynda gazanylan ýokary zähmet üstünliginden ruhlanan etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri şu günler geljekki bol hasylyň aladasy bilen tutanýerli işleýärler. Olar gowaça ekiljek ýerleri ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamakda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.

Ösüşde okgunly ädimler ädilýär

Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň daýhanlary hem ýere hyzmat etmäge, ondan has ýokary hasyl almaga ruhlandyrýan özgertmeleri üçin ýurt Baştutanymyza tüýs ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleri we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy daýhanlaryň durmuşyny bütinleýin özgertdi. Toprakdan önüm öndürýän daýhanlaryň ruhlary belende göterilip, zähmet gadamlary has batlandy. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak üçin has-da gujur-gaýrata galýarlar. Welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky oňyn özgerişlikler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Has dogrusy, daýhanlaryň zähmet çekmäge, ýokary netijeleri gazanmaga bolan isleglerini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýyldan başlap, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň, piläniň döwlet satyn alnyş nyrhlaryna täzeden seredilmegi, ýok

Öňde möhüm möwsüm

Gyş pasly öz ornuny mylaýym ýaz paslyna berip, ýere ýyly girenden soňra ýurdumyzyň daýhanlarynyň ýaz aladalary başlanýar. Olaryň hatarynda ýazky gowaça ekiş möwsümine aýratyn orun degişlidir. Gymmaty altyna deňelýän pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerine ýurdumyz boýunça döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilýär. Çünki pagta hasyly Berkarar döwletimiziň aýratyn baýlyklarynyň biridir. Muňa Ahal welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehnikalara hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary-da oňat düşünmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky ekiş möwsümine gurat tehnikalar bilen doly taýýarlykly barmak ugrunda özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasydyr.

Tagamy datly türkmen ýeralmasy

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýeralma ekip ýetişdirýän telekeçileriň we kärendeçileriň sany indi ýylsaýyn artýar hem-de türkmen ekerançylary geçen ýyl ýurt boýunça müňlerçe gektar meýdana ýeralma ekip, ondan bol hasyl almagy başardylar. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllaryndan soň, türkmen Diýaryndaky mes toprakly ýerlerde badat, ýeralma ekmek has rowaçlanyp başlaýar. Eýýäm ellinji ýyllaryň ikinji ýarymynda Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşen Köşi, Ýalkym, Gökje, Bagyr, Gurtly… ýaly obalaryň ekin meýdanlarynda türkmen daýhanlary ir we giç ýetişýän ýeralmalary ekip, olardan örän ýokary hasyly ýygnamagy başarypdyrlar. Netijede, ol obalarda ýeralma ýetişdirmek boýunça ussat ekerançylar nesli kemala gelipdi.

Köşekler geçen ýylkydan köp bolar

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur almak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýýan Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň agzybir sarwanlary hem gyş paslynyň şu günlerinde gaýratly zähmet çekýärler. Çünki bu ýerde bar bolan çopan toparlarynyň ählisi hem öz işlerine tüýs ýürekden berlen, düýedarçylykdan oňat baş çykarýan, ýylyň islendik paslynda-da düýeleri horlaman orta we ýokary semizlikde saklap bilýän galjaň maldarlardan ybarat. Hut şonuň üçin hem olar düýelerden önüm almakda ýylyň-ýylyna gowy netije gazanyp, işleriň ilerlemegine mynasyp goşant goşup gelýärler. Hojalygyň sarwanlary geçen ýylda-da bu babatda gowy görkezijiler gazandylar. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde bakylýan düýelerden 661 köşek alyndy.

Anyklaýjy dronlar

XXI asyryň esasy tehnologiýa täzelikleriniň biri bolan dron kameralarynyň mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda Ysraýylyň we Braziliýanyň alymlary oba hojalyk maksatly dronlaryň täze görnüşini işläp taýýarladylar. Has takygy, täze kamera sitrus miweleriniň ösüşi we onuň ösüşini bökdeýän ýagdaýlar barada maglumatlary toplap, eýesine habar berýär. Bu kameralary Ysraýylyň «Agrowing» we Braziliýanyň «VetorGEO» kompaniýalarynyň hünärmenleri işläp düzdüler.